“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

20:0901.10.2017
0
15988

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala- konserti geçirildi.

Jemleýji bäsleşige ýaş ýerine ýetirijileriň 15-si, tans, aýdym-saz we halk döredijiligi toparlarynyň bolsa 23-si gatnaşdylar. Geljekde milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň abraýyny belende göterjek zehinli çagalaryň 730-sy paýtagtymyza ýygnandylar.

Ýurdumyzyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň hem-de teleradio ýaýlymlaryň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” umumy milli döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda zehinli çagalaryň arasynda geçirýän bilelikdäki döredijilik gözden geçirilişi asylly däbe öwrüldi. Saýlama tapgyrlary ýurdumyzyň şäherlerinde, etraplarynda, welaýat merkezlerinde geçirildi we olarda jemleýji tapgyra gatnaşyjylar kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň