Josep Lo: ”Aziýanyň taryhynda iň gowy oýunlaryň biri”

16:5122.09.2017
0
2550

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň  sportuň bilýard görnüşi boýunça ýaryşlary dowam edýar . Erkekleriň arasynda  bilýard oýnunyň rus piramidasy erkin usul, 9 şar pul bilýardy, 6 gyzyl şarly snuker,  3 karambol şahsy ýaly görnüşleri boýunça  geçirilen ýaryşlar örän gyzykly boldy. Ýeri gelende,  bu oýunlaryň 26-njy sentýabra  çenli dowam etjekdigini bellemeli.  Biz hem bu oýunlara gatnaşyp,  ýaryşyň guramaçylygy hakynda gürrüň bermegini haýyş  edip, Aziýanyň bilýard sporty boýunça  Konfederasiýasynyň wekiline ýüz tutduk.

—Jenap Josep Lo, ilki bilen sizi ýene bir ýola paýtagtymyzda hoş gördük.  Söhbetdeşligimiziň başynda Konfederasiýanyň işi hakynda gürrüň beräýseňiz.

—Aziýanyň bilýard Konfederasiýasy 1984-nji ýylda  8 döwletiň howandarlygynda döredildi. Konfederasiýa Aziýa sebitinde  bilýard oýunlaryny dolandyrmak bilen meşgullanýar.  Onuň esasy maksady  Aziýada sportuň bilýard görnüşini ösdürmek, halkara ýaryşlarynyň üsti  bilen sebitiň ýurtlaryny we halklaryny dostlaşdyrmak bolup durýar. 

 —Ine, şu gün Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlarynyň  sportuň bilýard görnüşleri boýunça ýaryşlaryna badalga berildi. Halkara bilermen hökmünde oýunlaryň guramaçylygyna nähili baha berýärsiňiz?

— Türkmenistan  bu oýunlaryň geçirilmegi üçin örän köp tagallalary etdi. Edilen işler özüniň ajaýyp netijesini hem berdi. Olimpiýa şäherçesi, ondaky sport toplumlary örän ýokary derejede gurlan. Ine, şu wagt bilýard oýnuna tomaşa edip otyrys. Oýunlaryň guramaçylykly geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ähli zatlar halkara standartyna doly laýyk gelýär. Men öz iş tejribämiň dowamynda köp sanly halkara ýaryşlaryna gatnaşdym.  Bu oýunlaryň Aziýanyň taryhynda iň gowy oýunlaryň biridigini bellemek isleýärin.  Pursatdan peýdalanyp,

bu ugurda alnyp barlan işler üçin Türkmenistanyň bilýard federasiýasyna köp sagbolsun aýdýaryn.

—Köp sag boluň,  oýunlaryň geçirilişine  berýän şeýle ýokary bahaňyzy eşitmek örän ýakymly. Belki-de “Aşgabat 2017-niň” açylyş dabarasyndaky täsirler bilen hem paýlaşarsyňyz.

—Biz  edil ýaňyja hem  kärdeşlerimiz bilen bu hakynda  gürrüň etdik. Dabaranyň  ajaýyplygyny söz bilen beýan eder ýaly däl.  Örän üýtgeşik görnüşler. Görkezilen çykyşlar uzak wagtlap ýadymdan çykmasa gerek. Biz  dabarada türkmeniň milliligini,  baý geçmiş taryhyny, şu günki ýeten derejelerini gördük. “Aşgabat 2017-niň” açylyş dabarasyny, oýunlaryň guramaçylyk derejesini synlap hem, ýurduň gazananlaryna baha berip bolar. 

—Aziýanyň bilýard sporty boýunça  Konfederasiýasynyň wekili hökmünde  türgenlere etjek arzuwlaryňyz.

—Bilýard sporty boýunça, şeýle-de “Aşgabat 2017-ä” gatnaşýan ähli türgenlere üstünlik arzuw edýärin. Goý, olar öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetsinler. Türkmenistana bolsa, bu ugurda mundan beýläk-de  ösüşler hemra bolsun!

—Köp sag boluň jenap Lo,  bizem size işleriňizde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň