Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurtly türgendir tälimçileriň sowgatlyk harytlara islegi ýokary

17:3618.09.2017
0
1524

17-nji sentýabrda dabaraly açylyşy bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga gelýän daşary ýurtly türgendir tälimçiler hem-de janköýerler gyzgyn garşy alyndy.

Müňlerçe daşary ýurtly myhman diňe bir sport çärelerine gatnaşman, eýsem ak mermere beslenen paýtagtymyzyň gözel künjeklerine hem gezelenç edýärler.

Kyrka golaý desgany özünde jemleýän iri Olimpiýa şäherçesinde söwda nokatlarynyň, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynyň birnäçesi bu ýere gelýän ildeşlerimize we daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat edýär.

Ýörite owadan gaplara gaplanan, sowgatlyk görnüşde taýýarlanan goşar sagadyny, islendik ýaşdaky adamlara niýetlenen egin eşikleri, şol sanda köýnekçeleri, sport aýakgaplaryny,  türkmeniň milli egin-eşiklerini, bulgurdyr, tabaklary, heýkeljikleri, goşara dakylýan bezeg esbaplaryny we beýleki onlarça görnüşli harydy uly isleg bildirilýär.

Alabaý şekili bolsa, taryhy sport bäsleşiginden iň bir ýatdan çykmajak ýadygärlikleriň birine öwrüler. Şol sebäpli, uludan kiçi ähi müşderi şeýle sowgatlary atyn alýar. Mahlasy bu ýerde islendik ýurtdan islendik müşderi göwnünden turjak harydyny tapyp bilýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň