Soňky habarlar

Arhiw

Agrosenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde gök we miwe önümleriniň öndürilişi artdy

02:4228.07.2017
0
4198

Agrosenagat önümçilginiň wajyp ugry bolan gök-miwe önümçiligniň sazlaşykly ösüşi ýurdumyzyň bazarlaryny özümizde öndürilýän ter we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. 

Ekin meýdanlaryndan we suwdan rejeli peýdalanmak, seçgi innowasiýalary, ammarlaryň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň artmagy netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi strategiýasy babatda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişi ýokarlanýar, bu bolsa ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam edýär. 

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şu ýyl, ozaly bilen, oba hojalyk önümleriniň görnüşleriniň we usullarynyň ylmy taýdan esaslandyrylyp saýlanyp alynmagynyň hasabyna täze agrotehnologiýalaryň netijelilignini görkezdiler. 

Welaýatda witaminli önümleriň öndürilişi artýar, bu bolsa sebitiň ilatynyň islegini kanagatlandyrmaga we olary paýtagtyň bazarlaryna hem-de lomaý-bölek söwda nokatlaryna ibermäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, häzirki wagta çenli 20 müň tonnadan gowrak gawundyr garpyz, 6 müň tonnadan gowrak sogan, 3 müň tonna golaý irki kelem, 1 müň tonnadan gowrak hyýar ýetişdirildi. Sebitiň kartofelçileri-de ýokary netijeler gazanýarlar. 

Jemi 50 müň tonna kartoşka, 17 müň tonnadan gowrak sogan, 60 müň tonna golaý bakja önümlerini ýygnamak göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň 2234 gektar ýeri eýeleýän baglaryndan almanyň, şetdalynyň, armydyň, garalynyň, çereşnýanyň, üljäniň bol hasyly alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň