«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» atly žurnalyň täze sany çapdan çykdy

16:0805.07.2017
0
5669

Golaýda “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” atly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnal owadan suratlar bilen bezelen, Amyderýanyň üstünden çekilen awtomobil we demir ýol köprüleri baradaky makala bilen açylýar.

Paýtagtymyzyň günorta böleginde, öňki boş ýerlerde peýda bolan “Parahat—7” täze ýaşaýyş toplumyna bagyşlanan makalada Köpetdagyň eteginde “Parahat—7” döwrebap ýaşaýyş toplumynyň täsin jaýlarynyň nurana keşbiniň şäheri okgunly ösdürmek ýörelgesiniň hem-de Aşgabadyň baş gurluşyk meýilnamasynyň çalt depginler bilen durmuşa geçirilýändiginiň nyşany bolup durýandygy bellenilýär. Žurnalyň şu sanynyň beýleki makalalarynda ýurdumyzda şähergurluşyk-binagärlik işleriniň kanunçylyk esaslaryna garalýar, golaýda kabul edilen “Binagärlik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasy düzgünleri düşündirilýär.

 Aşgabat ajaýyplygy we amatlylygy, binagärlik ýörelgesiniň çeper bezeginiň utgaşyklylygy  bilen haýran galdyrýar. Şäheriň çäkleri yzygiderli giňelýär, täze ajaýyp desgalaryň hasabyna has abadanlaşdyrylýar. Esasy ulag ýollarynyň durky täzelenildi, göni we aýlawly awtomobil ýollary, ýol aýrytlary hem-de ýerasty duralgalar peýda boldy, köp zolakly ýollaryň gurluşygy dowam edýär. Žurnalyň şu sanyndaky makalalaryň biri Nurmuhammet Andalyp köçesiniň ugrundaky çatryklaryň üçüsiniň merkezinde ýerleşdirilen täze özboluşly binalara bagyşlanýar.

Neşiriň “Ylym” bölüminde ýerleşdirilen “Türkmenistanda  häzirki zaman şäherleriniň kemala gelşi” atly makalada  XIX — XX asyrlaryň sepgitlerinde ýurdumyzyň Atamyrat, Baýramaly, Serdar, Türkmenabat, Türkmenbaşy ýaly kiçi şäherleriniň gurlup başlanmagy barada gürrüň berilýär. Şol döwürde Ýewropa şähergurluşygynyň  ýörelgelerine esaslanýan binagärlik düzüminiň esaslary goýuldy. Şol şäherlerde bir asyr mundan ozal gurlan binalaryň köpüsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar we häzirki döwürde binagärligiň täsin ýadygärlikleri hökmünde döwlet hasabynda durýar.

Okyjylar žurnalyň “Nazaryýet” bölüminde howa şertleriniň binagärlige täsiri, dürli döwürleriň we halklaryň gurluşyk işiniň milli özboluşlylygy baradaky makala bilen tanşyp bilerler. Awtoryň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri howa şertleri adamlardan ýerli howa şertlerine mahsus bolan ol ýa-da beýleki desgalaryň gurulmagyny talap edipdir. “Nazaryýet” bölüminde ýerleşdirilen “Taslama gurluşyk desgasynyň özenidir” atly makalada taslamalary işläp düzüjilere “Türkmenistanyň gurluşyk kadalarynyň” talaplary düşündirilýär hem-de taslamanyň öň ýanyndaky resminamalary ýygnamakdan başlap, gurulýan desgada awtor gözegçiligine çenli işleriň ähli tapgyrlary beýan edilýär.

Žurnalyň beýleki makalalarynda seýsmiki sebitlerde gurluşygyň esasy kadalaşdyryjy resminamasy, suwarylýan çäkleriň  ekologiýa gözegçiliginiň gowulandyrylmagyna gönükdirilen gurluşyk meseleleri beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň