Döwlet Etalon merkeziniň barlaghanalary halkara akkreditasiýasyndan geçiriler

01:5001.07.2017
0
9598

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýunda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna nebitgaz, senagat, saglygy goraýyş, söwda we beýleki pudaklarda ulanylýan ölçeýji enjamlary metrologik synaglardan we deňeşdirme barlaglaryndan geçirmek bilen meşgullanýan Döwlet Etalon merkeziniň işi barada hasabat berildi. Milli maksatnamada “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň öňünde kesgitlenen wezipelere laýyklykda, Merkeziň etalon barlaghanalaryny halkara akkreditasiýasyndan geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ulanylýan ölçeg birlikleriniň etalon standartlaryny üpjün etmek boýunça işi kämilleşdirmäge gönükdirilen netijeli çäreleriň görülýändigini belledi. Türkmenistanyň dünýä ulgamyna goşulyşmagynyň işjeňleşýändigini, hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlarynyň ösýändigini nazara almak bilen, bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeleri ornaşdyrmak zerur bolup durýar.

Ýakyn geljek üçin ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüş strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara derejesinde akkreditasiýalaşdyrmak boýunça işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri degişli düzümler bilen bilelikde bu meseläni ýene-de bir gezek öwrenmegiň wajypdygyny belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň