Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

15:0730.06.2017
0
2783

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň wise-premýer-ministri, sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi.

Duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlady. Şeýle hem ol milli Liderimize berk jan saglyk, täze taryhy eýýamda ägirt uly meýilnamalary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi.

Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin we özara peýdaly gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda däp bolan we soňky ýyllarda deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryna degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Uzakmöhletleýin türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz we Ukrainanyň wise-premýer-ministri möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde ykrar edilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ukrain Hökümetara toparynyň orny, köpugurly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ynanyşmak, özara peýdaly esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdüriljekdigine, iki halkyň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň