Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 10 ýyl bäri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda abadançylykda ýaşaýar we ösýär

09:4429.06.2017
0
9079

2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

On ýyl: 2007 - 2017-nji ýyllar... Bu iki senäniň arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlary ýatyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.

2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow öz bäsdeşlerinden ep-esli arany açyp, ynamly ýeňiş gazandy. Milli Liderimize raýatlarymyzyň 97,69 göterimi ses berdi. Döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň jemleri halkymyzyň öz milli Liderine we onuň geçirýän döwlet ugruna uly ynamynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen, täze döwlet ideologiýasynyň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa onuň esasyny düzdi.

Ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasy kemala gelip, şahsy eýeçiligiň ähmiýeti we orny ýokarlandy, erkin bäsleşik ýörelgelerine esaslanan telekeçilik işi üçin binýatlyk şertler döredildi. Aýlyk iş haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň her ýyl 10 göterim artdyrylmagy durmuş abadançylygynyň hem-de adam mümkinçilikleri üçin şertleri döretmegiň görkezijileri bolup durýar, 2012-nji ýylda bolsa Türkmenistan Bütindünýä banky tarapyndan ortaça derejeden ýokary girdejili ýurt hökmünde ykrar edildi.

Türkmenistanyň raýatlygynyň kanunlar tarapyndan kepillendirilen konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi täze eýýamyň möhüm alamatydyr. 2007-nji ýylda bäsleşik esasynda, 2017-nji ýyldan başlap bolsa, üç syýasy partiýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilmegi jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri boldy.

Döwletimiz oba zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen, obasenagat toplumynyň önümçilik düzümini täze tehnikalar bilen üpjün etmäge we döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýum serişdelerini gönükdirdi. Döwlet strategiýasy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän un öndürýän zawodlary hem-de maldarçylyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, zawodlary we fabrikleri gurmaga gönükdirildi. Olarda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri — çörek-bulka, unaş, et we süýt önümleri, ösümlik ýagynyň, peýnirleriň, şöhlatlaryň dürli görnüşleri öndürilýär.

Türkmenistan özüniň baş maksadyna – ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna ýetmek bilen çäklenmän, eýsem, 2011-nji ýylda ilkinji gezek gallany eksport edýän ýurtlaryň hataryna girdi. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) biziň ýurdumyzyň üstünligini belledi. Türkmenistan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ýörite baýraga mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň we aýry-aýry sebitleriň ykdysady taýdan okgunly ösüşini hem-de doly hukukly we özara bähbitli hyzmatdaş hökmünde dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek üçin täze düzümleýin senagat syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagy strategiki ähmiýete eýe boldy. Diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak Türkmenistan üçin strategiki ugurlara öwrüldi. Transmilli ulag kommunikasiýalaryny döretmek, täze ýataklary özleşdirmek hem-de uglewodorod we mineral serişdeleri dünýä bazarlaryna çykarmak arkaly ýurdumyzyň geosyýasy ýagdaýyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça netijeli işler başlandy.

Döwleti dolandyryş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda senagaty düzümleýin ösdürmegiň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Olar bar bolan önümçilikleriň durkuny täzelemäge hem-de innowasion önümçilikleri döretmäge gönükdirildi. Şunda diňe bir ýangyç-energetika toplumy däl, eýsem, çig mal ulgamy bilen bagly bolmadyk ulag we aragatnaşyk ulgamlary hem ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşuldy. Gaýtadan işleýän senagatyň çäklerinde himiýa senagaty we gurluşyk materiallary senagaty möhüm orun eýeledi.

Ýurdumyzda çykarylýan tebigy gazyň eksport ugurlarynyň köp şahalylyk ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiz gysga döwrüň içinde Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi hem-de Türkmenistandan Eýrana (Döwletabat-Sarahs-Hangeran) gaz geçirijisiniň ikinji şahasy arkaly özüniň uglewodorod serişdelerini ibermegiň daşarky ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy başardy. Türkmenistan – Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy iri maýa goýum taslamasyna öwrüldi. Bu taslama 2010-njy ýylyň dekabrynda, Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn Sammitiň barşynda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Şol Sammitiň netijeleri boýunça degişli hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň gaz pudagyny ösdürmek baradaky syýasatynyň ýene-de bir ugry gaz ýataklarynyň halkalaýyn ulgamyny döretmek, gazyň eksport akymlarynyň täze ugurlarynyň döredilmegini çaltlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2011-nji ýylda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy, onuň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy. Gaz geçirijisiniň uzynlygy 800 kilometre golaýdyr we ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ösen ulag düzümini kemala getirmek we halkara ulag geçelgelerini döretmek wezipesini öňde goýdy. Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty logistika ulgamyny ösdürmegiň möhüm bölegi bolar.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy ýaly taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilmegi Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar esasy halkara ugurlary boýunça ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Perman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilkinji gol çeken resminamasy boldy. Bilim ulgamynda özgertmeler, milli Liderimiziň pikirine görä, ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň sanyny artdyrmagy, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, öwrenilýän sapaklaryň sanyny artdyrmagy hem-de täze hünärleri açmagy talap edýärdi.

Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň sany artdy: 2007-nji ýylda 17 sany bolan bolsa, 2016-njy ýylda olaryň sany 24-e ýetdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň umumy sany 10 ýylyň içinde iki esseden gowrak artdy: 2007-nji ýylda 17 müňden 2016/2017-nji okuw ýylynda 38 müň birlige çenli ýokarlandy.

Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri häzirki maglumatlar jemgyýetiň meýillerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýola goýlan däp, ýagny 1-nji sentýabrda birinji synpa barýan çagalaryň döwlet Baştutanymyzdan kompýuterleri sowgat almagy bu babatda nysga alarlyk bolup durýar.

Häzir ýurdumyzda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna hem-de jemagat hojalygyna gönükdirilýän maýa goýumlary 10 ýylyň içinde 18 esseden hem gowrak ýokarlandy. Eger 2007-nöi ýylda bu görkeziji 0,8 milliard manat bolan bolsa, 2016-njy ýylda ol 14,7 milliard manada deň boldy.

2007-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek 
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" kabul edildi. 2007-nji ýyldan 2014-nji ýyllar aralygynda durmuş maksatly desgalaryň 832-si bina edildi, ýaşaýyş jaýlarynyň 4,5 million inedördül metri ulanmaga berildi. Maksatnamanyň rejelenen görnüşi 2015-2020-nji ýyllary gurşap alýar. Onuň çäklerinde desgalaryň ýene-de 500-den gowragyny, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň 3 million inedördül metre golaýyny gurmak meýilleşdirildi.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdrümegiň maksatnamasynda ilaty durmuş taýdan goramak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi. Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesi 2030-njy ýyla Ýewropa ölçeglerine ýakynlaşmalydyr, Türkmenistan bolsa adam mümkinçilikleriniň ösüşi boýunça has ýokary derejeli döwletleriň hataryna girmelidir. Munuň üçin ýurdumyzda zerur bolan ähli şertler bar: Milli Liderimiziň syýasy erk-islegi, döredilen ykdysady kuwwat, hemişelik däpler hem-de işjeň durmuş syýasaty.

Milli Liderimiz bitaraplyk syýasatynyň yzygiderliligini üpjün edip, dünýä we sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň abraýyny hem-de ornuny ýokary galdyrdy. Şunda ýurdumyzyň daşary strategiýasy ykdysady netijeliligi hem-de milli maksatlaryň we bähbitleriň ileri tutulmagyny ugur edinýän pragmatik ugur bolmagynda galýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça ugrunyň netijeliligi we yzygiderliligi energetika ulgamynda aýdyň ýüze çykýar. Döwrebap ählumumy meýilleriň çuňňur we toplumlaýyn seljermesine esaslanmak bilen, milli Liderimiz halkara bileleşigine energetika giňişliginde gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmegi teklip etdi.

...Garaşsyz Bitarap Türkmenistan 10 ýyl bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaşaýar we ösýär. Geçilen ýyllaryň we gazanylan üstünlikleriň belentliginden garamak bilen biz milli Liderimiziň saýlap alan hem-de halkymyzyň goldan strategik ugrunyň Türkmenistany ösüşiň täze ýoluna çykarandygyny buýsanç bilen aýdýarys. Bularyň hemmesi-hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen 10 ýylyň içinde alyp baran tutanýerli we köpugurly işleriniň aýdyň netijesi bolup, Gahryman Arkadagymyz tutuş dünýä bileleşiginiň öňünde milli bähbitleri häzirki döwrüň wehimlerinden goraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň