Gökdepe dokma toplumynyň durky täzelenýär

17:1919.06.2017
0
119
Gökdepe dokma toplumynyň durky täzelenýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 16-njy iýunda geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna dokma senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Mundan başga-da, hereket edýän dokma  toplumlarynyň birnäçesinde, şol sanda Ahal welaýatynda ýerleşýän Gökdepe dokma toplumynyň durkuny täzelemek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada habar berildi.

Dokma önümleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak, uly isleg bildirilýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalary tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Hususan-da, dokma toplumynda önümçiligiň tehnologiýalary hem-de toplumyň boýag we tikin önümçiliklerinde tilsimat enjamlarynyň ählisi täzelenildi. Geljekde dokma toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmak, arassa pagtadan öndürilýän ýüplügiň hilini we möçberini ýokarlandyrmak maksady bilen toplumyň  egirme önümçiliginde abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň