Türkmenistanyň Merkezi banky bilen GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy ähtnama gol çekdiler

03:2617.06.2017
0
8366

16-njy iýunda Berlinde Türkmenistanyň Merkezi banky bilen GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda  ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Bu resminama Türkmenistanyň maliýe ulgamyny berkitmek hem-de bank ulgamynyň hünärmenlerini okatmak babatda deňhukukly hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanyň Merkezi banky bilen GFR-iň Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge itergi berer.

Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy (Sparkassenstifting) bütin dünýäde süýşürintgiler kassalarynyň nemes maliýe toparynyň guramasy hökmünde hereket edýär. 1992-nji ýylda döredilen gününden başlap bu gazna dürli ýurtlarda maliýe edaralaryny hem-de kiçi we orta kärhanalary goldaýar. Häzirki wagtda Süýşürintgiler kassalarynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça gaznasy tarapyndan dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunda ösüş taslamalary amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň