Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Täjigistanyň Medeniýet günleri açyldy

05:2415.06.2017
0
11155

Paýtagtymyzda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan täjik kärdeşler bilen bilelikde guraldy.

Bu çäräni geçirmek üçin dostlukly ýurduň medeniýet işgärleriniň uly topary Aşgabada geldi, olara iň gowy kinokonsert merkezlerinde, şeýle hem Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp zallarynyň birinde çykyş etmek mümkinçiligi döredildi.

Myhmanlaryň wekiliýetiniň düzümine Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, režissýorlar, suratkeşler, halk aýdymçylary we sazandalary, opera, teatr we tans sungatynyň wekilleri, žurnalistler, döredijilik okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary girdi.

Düýn Täjigistanyň resmi wekiliýeti Medeniýet ministrliginde kabul edildi, bu ýerde degişli ulgamyň dürli ugurlarda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmagyň barşynda myhmanlara Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Medeni-ynsanperwer ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şolaryň biri bolup durýar.

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýeri hökmünde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi seçilip alyndy. Bu ýerde agşam ulgamyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar.

Ajaýyp zalyň sahnasynda myhmanlaryň tomaşaçylara ýüzlenmesi we täjik sazy ýaňlanýar: “Biz Size açyk göwrümiz, ajaýyp ülkämiziň sazlarydyr we tanslary bilen geldik hem-de ýurdumyzyň ajaýyp saz dünýäsini açyp görkezmegi maksat edinýäris”.

Täjik wekiliýetiniň ýolbaşçysy -- Täjigistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Zewar Dawlatzoda foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa döredijilik çäresiniň ýokary derejede guralandygy hem-de Täjigistanyň sungat wekilleriniň mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, iki doganlyk halklaryň dostlugyny berkitmekde, medeniýetlerini özara baýlaşdyrmakda, döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmekde şu günki çäräniň ähmiýetini belledi.

Çäräniň barşynda bu döredijilik duşuşygynyň halklaryň däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigi, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga ýardam etjekdigi bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Emomali Rahmona alyp barýan ylalaşdyryjylyk syýasaty üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.Bu syýasat halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam edýär.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, täjik sungat ussatlarynyň konserti guraldy.

Döredijilik agşam Täjigistanyň Akaşarif Juraýew adyndaky döwlet flarmoniýasynyň gyzlar toparynyň ýerine ýetirmeginde “Tanowor” edebi-çeper çykyşy bilen başlandy. Ol täjik halkynyň myhmansöýer türkmen dostlaryna bolan hoşniýetli duýgularyny örän çeper beýan etdi.

Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda dürli öwüşginli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Dostlukly ýurduň artistleriniň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren halk sazlary we tanslary, dünýä saz medeniýetiniň hazynasyndan eserler, estrada aýdymlary we joşgunly tans çykyşlary konsertiň maksatnamasyny düzdi.

Tans sungaty täjik halkynyň ruhy medeniýetinde uly orun eýeleýär. Munuň şeýledigine şu gün tomaşaçylar göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar, olar şowhunly el çarpyşmalary bilen Täjigistanyň Akaşarif Juraýew adyndaky döwlet filarmoniýasynyň ýurduň çäginden daşarda-da meşhurlyk gazanan täjik tansçylarynyň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler.

Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, Sadriddin Aýni adyndaky Döwlet opera we balet akademiki teatrynyň aýdymçysy Şarofat Usmanowanyň Žorž Bizeniň “Karmen” atly operasyndan ýerine ýetiren ariasy aýdym-saz agşamyna öwüşgin çaýdy.

Tomaşaçylar Täjigistan Respublikasynyň at gazanan artisti, halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Parwin Ýusufini şowhunly elçarpyşmalary bilen garşyladylar, ol täjik we fransuz dillerinde söýgi hakynda aýdymy ýerine ýetirdi. Ýurduň we onuň paýtagty Duşenbäniň tebigy gözelligini Täjigistanyň Resbuplikasynyň hökümetiniň ýanyndaky telewideniýe we radiogepleşikler baradaky komitetiniň “Darýo” toparynyň aýdymçylary wasp etdiler.

Meşhur “Şaşmakom” toparynyň bagşylary halk aýdymlaryny örän ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Täjigistanda häzirki günde nusgawy saz gurallary sungatyny söýüjileri we ussatlary tarapyndan Şaşmakom gününiň giňden bellenilýändigini aýtmak gerek.

Dabara döredijilik kompozisiýalary we sazandalaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar doýra, gyjak we karnaý ýaly taryhy saz gurallaryna ezberlik bilen erk edişini ussatlyk bilen görkezdiler.

Tomaşaçylar Täjigistanyň döwlet filarmoniýasynyň “Sadoi poýtaht” toparynyň “mawrigi” sazynyň ajaýyp ýerine ýetirilişine maýyl boldular.

Häzir myhmanlarymyzyň ýurdunda uly meşhurlyk gazanan bu saz žanry “merwli” hem diýlip atlandyrylýar, onuň esaslandyryjysy täjik-pars nusgawy sazynyň düýbüni tutujy Borbad hasaplanýar. Ol gadymy buhara däplerine mahsus bolup, XIX asyrda giňden ýaýrandyr. Mawrigi saz we aýdymy özünde jemläp, özboluşly baý heňler bilen öz inçeligine ünsi çekýär.

Liriki şahyrymyz Mollanepesiň sözlerine, meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen “Haýrana galar” aýdymynyň täjik artistleri tarapyndan türkmen dilinde ýerine ýetirilmegini tomaşaçylar aýratyn mähir bilen garşy aldylar.

Medeniýet günleriniň meýilnamalary örän köpdürli we täjik medeniýetiniň we sungatynyň ösüşi we ýeten derejesi babatynda düşünje berýär.

Ertir günüň birinji ýarymynda, medeniýet günleriniň çäklerinde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde kyrka golaý täjik suratkeşleriniň surat sergisiniň açylyşy geçiriler. Dostlukly ýurduň häzirki güni barada “Döwrebap Täjigistan” foto sergisi gürrüň berer. Şeýle hem bu ýerde neşir önümleriniň hem-de häzirki zaman we gadymy täjik egin-eşikleriniň görkezilişi guralar.

Täjigistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde “Aşgabat” kino merkezinde çeper we dokumental filmler görkeziler. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde dostlukly ýurduň artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

16-njy iýunda aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek çäräniň ýapylyş dabarasyna hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň gala-konsertine çagyrylýar.

Myhmanlarymyz üçin ak mermerli Aşgabadyň gözel ýerleri hem-de onuň muzeýleriniň gymmatlyklary bilen tanyşlygy öz içine alýan baý mazmunly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň