BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy

05:0515.06.2017
0
7258

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana iş sapary tamamlandy.

Düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda geçirilen gepleşikler uly üstünlige eýe boldy. Olar Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryny gazanmakda, tutuş adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmekde özara gyzyklanma bilen ösýän hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýolbaşçysyny ugratmak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde çaý başynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy saklamak we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek, halkara terrorçylygyna we jenaýatçylyga, adamzada howp salýan beýleki wehimlere garşy göreşmek işinde garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini belledi.

BMG-niň ýolbaşçysy Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmakda Türkmenistanyň uly üstünliklerini kanagatlanma bilen belläp, türkmen tarapynyň halkara başlangyçlarynyň, öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ähmiýetini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman nyzama düzülen Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňündäki haly düşelen ýodajyk bilen uçaryň ýanyna bardylar. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir ýola hoşallyk bildirip, uçara mündi we Aşgabatdan ugrady.f

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň