Ýokary liga — 2017: 13-nji tapgyra syn

00:5310.05.2017
0
4243

10.05.2017 ý.

«Aşgabat» — «Şagadam»

Geçen tapgyrda ýeňşi iň soňky sekuntlarda gidiren «Aşgabat» bu gezek «kenarlylary» myhman alýar. «Aşgabadyň» tersine soňky minutlarda ýeňşe ýeten «Şagadam» birinji aýlawdaky ýeňişli tapgyry gaýdyp almagyň aladasynda. Toparlar dördünji tapgyrda Türkmenbaşy şäherinde duşuşanlarynda «Şagadam» Amir Gurbanynyň gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Göreliň, bombardir toparyna bu gezek nähili kömek edip bilerkä?

«Merw» — «Turan»

Ýaryş tertibiniň soňky iki ornundaky toparlar biri-birini synaga salýar. «Merw» — ýurdumyzda janköýeri iň kän toparlaryň biri. Toparyň ýaryş tertibindäki häzirki orny bolsa, elbetde, onuň janköýerlerini ynjalykdan gaçyrýar. Birinjiden, janköýerleriniň ynamyny, ikinjiden bolsa ýaryşyň ýokardaky orunlaryny gaýdyp almak üçin «Merwe» diňe utuş gerek. Käbir oýunlarda haýran galdyryjy futboly orta goýýan hem bolsa, «Turan» soňky tapgyrlarda uly hasaply utulyşlardan halas bolup bilenok.

Ýaryşda soňky orunlary paýlaşýandygy toparlaryň güýçleriniň deňeçerdigini aňladyp bilermi? Ýada salyň, dördünji tapgyrda «Merw» «Turany» Elzar Kurbanowyň goly bilen kynlyk bilen utupdy. Eger şeýle gowşak oýun ýene gaýtalanjak bolsa...

«Ahal» — «Altyn asyr»

Gürrüňsiz, tapgyryň esasy duşuşygy! Häzirlikçe, ýaryş tertibiniň lideri we eger şu gidişine gitse, lider bolmaga juda ýakyn toparlar möwsümde ilkinji gezek duşuşýarlar. Röwşen Meredowyň şägirtleri ýeňişli tapgyrlary ýola goýdular diýip bileris, ýöne «Altyn asyram» möwsümde asla utuk ýitirenok. Duşuşygyň başga bir gyzykly tarapy bolsa, eýýäm bäş tapgyr bäri yzygiderli geçirýän gollary bilen toparynyň ýeňşine uly goşant goşýan Myrat Ýagşyýew bieln Myrat Annaýewiň oýny. Göreliň, bombardirlikde Amir Gurbanynyň esasy bäsdeşleri golly tapgyrlarynyň yzygderligini dowam edip bilerlermikä?

«Balkan» — «Energetik»

Ähmiýeti boýunça, möwsümiň ikinji derejeli duşuşygy. Geçen tapgyr «Altyn asyryňkyda» myhmançylykdan Annageldi Weliýewiň hasabyna ýazylan ýekeje gol diýäýmeseň, eli boş dönen «Energetik» bu gezek güýçli garşydaş bilen duşuşýar. Indiki utulyş «Energetigiň» ýaryş tertibindäki ornuna-da howp salýar.

«Köpetdag» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň