Natalýa KRITININA: “Sentýabrda bize iki Aziada garaşýar”

11:5628.04.2017
0
2974

“Turkmenportalyň” suwda ýüzmek boýunça Sebitleýin Halkara çempionatyndaky söhbetdeşi, gyzlaryň arasynda 4x100 metr aralyga estafetalaýyn ýüzüş ýaryşynyň altyn medalçysy Natalýa KRITINA: (Özbegistan)

— Biz Aşgabada birinji gezek gelip görýäris. Türkmenistana gelip, iki şäher bilen — Aşgabat hem-de Türkmenabat şäherleri bilen tanyşmaga, iň esasy zat bolsa, Merkezi Aziýanyň iň iri sport toplumynda geçirilýän ýaryşa gatnaşmaga mümkinçilik aldyk. Munuň üçin şatlygymyzyň çägi ýok.

Zenanlaryň arasynda toparlaýyn estafeta ýüzüşinde altyn medal ugrunda türkmen türgenleri bilen göreşdik. Biziň hiç birimiz hem ozal halkara ýaryşlarda türkmenistanly türgenlere garşy ýaryşyp görmändik. Şonuň üçin hem ýeňşiň bize juda kyn düşendigini aýtmak isleýäris. Deňeçer başlan ýaryşda birbada öňe saýlanan hem bolsa, üçünji jübütleriň ýaryşynda türkmenistanly bäsdeşimiz biziň toparymyzyň wekilinden öňe geçdi. Ýöne dördünji jübütde ýene özümizi dürsedik we altyn medala mynasyp bolduk. Biz sentýabr aýynda ýene-de şu ajaýyp toplumda geçiriljek Aziýa oýunlarynda hem esasy bäsdeşlerimiziň türkmenistanly gyzlar boljakdygyna şu gün göz ýetirdik.

Bize bildirilen  myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna hoşallyk bildirýäris. Bu ýerde türkmen joralarym bilen iýen palawymyzyň tagamy ýadymyzdan çykmaz. Sentýabr aýynda Özbegistanda hem suwda ýüzmek boýunça Aziýa çempionaty geçiriler. Ol Aşgabatdaky ýaryşlardan 10 gün çemesi öň bolar. Muňa garamazdan, biz Aşgabat Aziadasyna hem gatnaşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.  Biz Özbegistana goňşy ýurtdan gyzgyn salam, süýji ýatlamalar bilen dolanarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň