TÝL — 2017: 3-nji tapgyryň syny

11:0510.03.2017
0
376
TÝL — 2017: 3-nji tapgyryň syny

«Ahal» — «Turan» (15:30, Aşgabat stadiony)

Yzda galan 2 tapgyrdan soň, bir ýeňşi, bir utulyşy bolan Röwşen Meredowyň şägirtlerine bu gezek ýeňil oýun garaşýar diýip bolarmy? «Turanyň» geçen tapgyrda «Energetige» garşy geçiren oýnundan çen tutsaň-a, anyk bir zat aýtmak kyn. Her näme-de bolsa, ýeňiş 60-70 % «Ahalyň» tarapynda bolar diýip bileris. Topar möwsümiň başynda çempionlyk ýaryşyndan üzülmejek bolsa, bu ýeňşe mätäç. Entek ýekeje utugam, hatda ýekeje golam bolmadyk «Turan» hem göreşden çekilmese gerek.

«Energetik» — «Altyn asyr» (duşuşyk 17-nji iýuna geçirildi)

«Şagadam» — «Merw» (16:30, Şagadam stadiony)

Toparlaryň ikisi-de geçen tapgyrda uly hasaply ýeňiş gazandylar. Utuk boýunça-da ýagdaýlar deňeçer. Şu duşuşykda gazanyljak ýeňiş toparlary ýaryş tertibiniň ýokarky basgançaklaryna çykaryp biler.  Göreliň, häzirlikçe çempionatymyzyň iň köp gol geçiren topary («Merw») bu öňdebaryjylygy ýene-de elinde saklap bilermikä?

«Köpetdag» — «Aşgabat» (16:00, Aşgabat stadiony)

Seýit Seýidowyň şägirtleriň işi enteg-ä ugruna däl. Olaryň bu gezekki garşydaşy — bir tapgyr dynç alan «Aşgabat». Naýbaşy Kubogy soňky sekuntlarda «Altyn asyra» gidiren, birinji tapgyrda bolsa bir gol artykmaçlygy bilen «Merwden» üstün çykan «Aşgabat» bu gezek hem duşuşygyň rüstem tarapy ýaly görünýär. Ýöne «Köpetdagyň» hem çempionatdaky ilkinji utuklary üçin göreşjekdigini aýdyp bileris. Üstesine-de, «Köpetdag» ýeňiş gazansa, utuk babatda hem «Aşgabat» bilen deňleşýär.

«Balkan» — dynç güni.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň