Soňky habarlar

Arhiw

Kompýuterde ýa-da telefonda internetiň tizligini nädip ýokarlandyrmaly?

2
46857

Bir iş etjek bolup dursuňyz ýa-da onlaýn kino görüp dursuňyz welin internetiň tizligi diýseň haýal işleýär. Şeýle ýagdaýa duş gelmedik ýok bolsa gerek.

Bu ýagdaýda näme edip bolar? Dessine prowaýdere, ýagny internet hyzmatyny beriji edara jaň etmelimi ýa-da routeri öçürip ýakmalymy? Ulanyp oturan internetiňiziň tizligini nädip ýokarlandyrmaly?

Bu makalada size ulanýan internetiňiziň tizligini nädip çaltlaşdyrmak boýunça ýardam beriji maslahatlary ýazdyk.

Internetiň tizligi nyrhnama we prowaýderden başlap, birnäçe faktorlara bagly bolup durýar. Esasy maslahatlar şulardan ybaratdyr:

1. Nyrh meýilnamaňyzy üýtgediň

Siz prowaýderiň haýsy tizligini peýdalanýarsyňyz? Şertnamaňyzy okap görüň ýa-da prowaýderiň habarlaşmak belgisine jaň edip sorap görüň. Mysal üçin 256 kb/s512 kb/s-den 2 esse haýaldyr. Eger tizligiňizi pes görseňiz nyrhanamaňyzy çalyşmagyňyzy maslahat berýäris.

 

2. Tizligiňize päsgel berýän faktorlary aradan aýryň

Ýörite gurallary ulanyp, internetiň tizligini ölçäp bilersiňiz. Bu barada Türkmenportal web saýtynda giňişleýin makala ýazypdyk. Tizlige router, swiç, kabeller hem öz täsirlerini ýetirip biler. Bu ýagdaýda beýleki ulanyjylardan sorap maslahat almak bolar. Kabelleri barlap görüň. Routeriň ýerini çalşyp görüň. Eger-de bular kömek etmese onda tehniki goldawa jaň edip maslahat soraň.

 

3. Wideonyň hilini peseldiň

Wideo görüp durkaňyz bolsa onyň onuň hilini peseldiň. Hiliniň peselmegi – hem wideony görmäge, hem beýleki ulanyjylar üçin internetiň tizliginiň birneme artmagyna ýardam berer.

 

4. Web brauzerdäki goşmaça giňeltmeleri (расширения) pozuň

Web brauzerlerdäki köp sanly zerur bolmadyk giňeltmeler kompýuteriň işleýşini we brauzeriň tizligini haýalladyp biler. Ulanmaýanlaryňyzy pozuň. Giňeltmeleri brauzeriň sazlamalar sahypasyndan pozup bolýar.

 

5. Turbo tertibini işlediň

Käbir brauzerler maglumat akymyny (traffigi) tygşytlamak maksady bilen, turbo tertibinde işläp bilýär. Turbo tertibinde brauzer web sahypalardaky suratlary, wideolary, bannerleri ýüklemän bilýär, netijede sahypanyň açylyş tizligi artýar. Gerek ýerinde turbo tertibini işledip bilersiňiz.

 

6. Mahabatlary blokirleýän programmalary gurnaň

Animasion bannerler we beýleki mahabatlar brauzeriň tizligine ep-esli derejede täsir edip biler. Mahabatlary blokirleýän ýörite programmalar bar. Olary gurnamak bilen, ýüregiňize düşýän mahabatlardan halas bolarsyňyz we şol bir wagtyň özünde internet çaltlaşar.

 

7. Açyk sahypalary ýapyň

Birtopar web sahypalary açyk goýmaly däl, ol internetiň tizligine täsir edip biler. Gerekmejek sahypalary ýapyň.

 

8. Gereksiz programmalary aýyryň

Käbir programmalar internet torunyň agyr işlemegine sebäp bolýar. Olary anyklap pozuň. Telefonda şol programmalaryň sazlamalaryna girip toruň ulanylmagyny çäklendiriň. “Windows”-da haýsy programmalaryň tora agram berýändigini bilmek üçin “Монитор ресурсов” penjiresinden görüp bilersiňiz (“Ctrl + Alt + Del” → “Диспетчер задач” → “Быстродействие” → “Монитор ресурсов” → “Сеть”).

 

9. Gereksiz enjamlary internetden aýryň

Bir torda internete birikdirilen näçe köp enjam bar bolsa, internet şonça-da haýal işlär. Şol sebäpli, internet zerur bolmadyk enjamlaryňyzy tordan aýryň.

 

10. Antiwirus gurnaň

Antiwirus kompýuteriňizi we telefonyňyzy hemişe zyýanly programmalara we wiruslara garşy gorar. Zyýanly programmalar internetiňizi haýalladyp biler. Antiwirus gurnap, onuň maglumat binýadyny yzygiderli täzeläp durmak maslahat berilýär.

 

Şeýle-de, şu makalalary okamagyňyzy maslahat berýäris:

  1. Internetiň tizligini nädip barlamaly?
  2. Öýlerdäki “Wi-Fi” interneti keseki adamlardan nädip goramaly?
  3. “Wi-Fi” tehnologiýasy

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar