Soňky habarlar

Arhiw

Internetiň tizligini nädip barlamaly?

0
16486

Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegi bilen bir hatarda internet ulgamy hem günsaýyn ösýär. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň ähli künjeginde internetiň elýeter bolmagyny, ilatymyzyň kompýuter we internet sowatlylygynyň günsaýyn artýandygyny, ykdysadyýetiň, şeýle-de beýleki pudaklaryň iş önümçiliginde internetden peýdalanylýandygyny nygtap geçmek bolar.

Makalamyzyň bu sanynda internetiň tizligini nädip bilip bolýanlygy barada gysgaça aýdyp geçeris.

Internetiň tizligi barada düşünje

Ilki bilen, internetiň anyk tizligini bilmek aňsat däldigini belläp geçeliň. Internet hyzmatyny beriji edaradan (“Türkmentelekom”, AŞTU we ş.m.) size, ýagny siziň enjamyňyza çenli internet gelýänça birnäçe aragatnaşyk enjamlaryň üstünden geçýär. Her enjam hem özara kabel arkaly simli (tor kabeli, optiki kabel)  ýa-da simsiz görnüşde özara baglanyşan.

Ikinji bilen, internetiň tizligi diýlip şu iki düşünjä düşünilýändigini hem belläliň: internetiň siziň enjamyňyza gelýän tizligi we sizden gidýän tizligi (download/upload speed). Şu iki tizligiň esasynda internetiň umumy tizligi çykarylýar.

Internetiň tizligini nädip hasaplamaly?

Internetiň gelýän tizligi (indirilýän tizlik, DOWNLOAD) – internetden maglumat alýan wagtyňyzdaky tizlik. Mysal üçin, internetden elektron kitap almak, aýdym-saz almak, kinofilm almak.

Internetiň gidýän tizligi (gidýän tizlik, UPLOAD) – internete maglumat ýerleşdirýän wagtyňyzdaky tizlik. Mysal üçin, internete kitap goýmak, resminama ibermek, hat ýazmak we ş.m.

Ýokarda agzalan 2 sany tizlik esasynda internetiň umumy tizligi hasaplanylýar.

Internetiň tizligini simli tor arkaly barlamak has maksada laýyk bolar. Mysal üçin, kompýuterden internete “Wi-Fi” routeri arkaly simsiz görnüşde baglanman, kompýuteri tor kabeli arkaly “Wi-Fi” routere çatsaňyz tizlik has hem anyklaşar. Sebäbi, simsiz torda tizlik “Wi-Fi” routeriň ýakynlygyna/uzaklygyna görä üýtgäp biler. Şeýle ýagdaýlarda, internetiň tizligini simli, ýagny kabelli tor arkaly barlamaklyk maslahat berilýär.

Internetiň tizligini peseldip biljek faktorlar:

  • Aradaky köp enjamlar (mysal üçin, öýde 3 sany telefon we 2 sany noutbuk internete baglanan bolsa, onda hersi belli bir derejede internetiň tizligini alar);
  • Aragatnaşyk enjamlaryň işjeňligi (swiç, router, “Wi-Fi” router we ş.m.);
  • Tor kabeli;
  • Kompýuteriňiz ýa-da telefonlaryňyzdaky artykmaç programmalar we ş.m.

Internetiň tizligini nädip barlamaly?

Internetiň tizligini barlamak üçin ýörite programmalar bar. Olary kompýutere ýa-da telefona gurnamak bolar.

Şeýle-de, internetde tizlik anyklanýan ýörite web saýtlar bar. Olar internetiň tizligini hasaplap berýärler. Internetde “Internet speed”, “Скорость интернета” diýip gözleg etseňiz, bu bilen bagly ähli saýtlar çykar. Mysal üçin, “fast.com” saýty. “Fast.com”-a giren badyňyza internetiňiziň tizligi hasaplanyp başlanýar we netijesi ýazylýar.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, anyk tizligi hasaplamak aňsat däl, tizlik pesräk görkezilip biliner. Sebäbi, internetiň tizligi köp faktorlara bagly bolup durýar. Emma şonda-da belli bir derejede tizligini anyklap bilersiňiz.

 

Biz bilen habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar