Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýazyjysy Atajan Taganyň “Keseki” romany dünýäde iň köp okalýan kitaplaryň sanawynda

0
52659

    “Diýar” žurnalynyň 2019-njy ýyldaky 11-nji sanynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň “Bütindünýä kitap güni”  mynasybetli  dünýä edebiýatynyň iň köp okalýan kitaplary barada internet çeşmelerine salgylanyp taýýarlan makalasy çap edildi. Makalada getirilýän sanawda häzirki zamanyň görnükli türkmen prozaçysy, dünýä okyjylarynyň söýgüli ýazyjysy Atajan Taganyň “Keseki” romany hem agzalýar. Geliň, gowusy, şol makalanyň mazmuny bilen tanyş bolalyň!

    Dünýä edebiýatynyň iň  belli romanlarynyň biri amerikan ýazyjysy Margaret Mitçeliň “Ýel bilen äkidilenler” (iňlisçe “Gone with the wind”) romanydyr. Eserde ABŞ-nyň günorta ştatlarynda 1860-njy ýyllarda bolan raýatlyk urşy hem ondan soňky wakalar barada  gürrüň  berilýär. Kitap 1930-njy ýylda çapdan çykdy. Şol ýylyň ahyryna çenli hem kitabyň bir million töwerek nusgasy satyldy. Bu roman üçin 1937-nji ýylda awtor “Pulitser” baýragyny aldy. Roman esasynda döredilen film bolsa on  gezek “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Ol kinematografiýanyň taryhynda iň meşhur esere öwrüldi. 37 dile terjime edilen roman otuz million nusgada okyja ýaýrady.

    “Garri Potter”— bu iňlis ýazyjysy  Joan Rouling tarapyndan ýazylan romanlar toplumydyr. Kitaplarda  Hogwartsyň jadygöýlik mekdebinde okaýan Garri Potter hem onuň dostlary Germiona Grenjeriň hem-de Ron Uizliniň  başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär. 1997-nji ýylda “Garri Potter we filosofik daş" diýen ilkinji romanyň çap edilmeginden soňra kitaplar toplumy uly meşhurlyga hem  edebiýat hünärmenleriniň goldawyna eýe bolýar. Häzirki wagta çenli eser köp satylýan kitaplaryň arasynda iň ýokary orna  mynasyp boldy. Dünýäniň 80 diline terjime edilen kitaplar çagalar edebiýatynyň altyn gaznasyna öwrüldi. Romanlar esasynda  surata alynan sekiz bölümden ybarat kinofilm iň meşhur kino eserine öwrüldi. Ol romanyň döremeginiň taryhy şeýle: Mançestere gidip barýan  ýazyjynyň otlusy haýsydyr bir sebäbe göre ýolda dört sagat saklanmaly bolýar. Şonda ol özüniň jadygöýdiginden bihabar garaýagyzja, äýnekli oglan  barada kitap ýazmagy ýüregine düwýär. Ähli zat Garri Potteriň keşbini döretmek meselesinden başlanýar. Awtor kitaby öz gowy görýän kafesinde oturyp ýazýar. Eseriň ilkinji tomy uly şöhrat gazanýar. Awtor aýal maşgalalaryň arasynda iň kän galamhaky alan awtordyr. Ýazyjy  edebiýata goşan goşandy  üçin Britan imperiýasynyň “Hýugo” baýragyna mynasyp bolýar.

    Has köp okalýan “onluga” girmegi başaran kitaplaryň biri hem 18-19 asyrlarda  ýaşan  iňlis ýazyjysy Jeýn Ostiniň “Tekepbir hem ters pikirli” atly söýgi romanydyr. Awtor ol kitaby 21 ýaşyndaka ýazyp gutarýar. Ýöne şol mahallar zenan maşgala kitap ýazsa ýazgarylýar eken. Ony diňe  Jeýniň öz kakasy goldapdyr. Awtor öz eserini iň ýakyn  ýoldaşlaryndanam gizläpdir. Aradan 15 ýyl geçenden soň Jeýniň kakasy gyzynyň adyny görkezmän eseri  çapa hödürleýär. Roman 1813-nji ýylda  kitap bolup çykýar, okyjylar hem edebi hünärmenler tarapyndan goldanylýar. Jeýne 110 funt galamhaky hem tölenýär. Roman esasynda birnäçe teleserial surata düşürilýär. Döredilen kino bolsa “Oskara” mynasyp bolýar.

   Başga-da bir dünýä belli eser Erih Mariýa Remarkyň “Günbatar frontda öňki-öňkülik” romanydyr. Onda urşa  nälet okaman onuň gurbany bolan nesil hakda  aýdylýar. Ýaňy 18 ýaşyndaka urşa düşüp telim gezek ýaralanan, gabahatçylyklary öz gözi bilen  gören awtor başdan geçiren wakalaryny romana siňdirýär. Eser hut şonuň üçinem hakykata golaý bolup çykýar. Şonuň üçinem ol iň söýlüp okalýan  esere öwrülýär. Awtoryň uruş temasyndan ýazan eserleri 19 gezek ekranlaşdyrylýar. (Ýüzugra belläp geçsek, dünýä belli “Günbatar fronty” meşhur ýazyjymyz  Atajan Tagan 7 ýyl mundan ozal “Dünýä edebiýaty” žurnaly  üçin türkmen diline terjime etdi).

    Detektiw žanrynyň klassygy hasap edilýän iňlis  ýazyjysy Artur Konan Doýluň “Şerlok Holmsyň  başdan geçirenleri” atly eseri bu žanrda ýazylan iň gowy eserdir. Ol 12 hekaýadan ybarat kitap 1892-nji ýylda çapdan çykýar. Onuň döremegine Edgar Ponyň üsti bilen meşhurlyk  gazanan detektiw žanry sebäp bolýar. Artur Doýl öz käri boýunça lukman bolsa-da edebiýat bilen gyzyklanýar. Awtoryň Jozef Bell atly lukman kärdeşi adam tanamakda ussatlygy bilen Şerlok Holmsyň  prototipiniň döremegine sebäp bolýar. Şol wagtlar Şerlok ady Angliýada giňden ýaýrapdyr Holms bolsa awtoryň işleýän ýeriniň ýerleşýän köçesiniň ady ekeni. Ýazyjy öz gahrymanlaryny Edgar Podan tapawutlylykda, ynsansöýer, ýüregi ýuka edip görkezipdir.

   Meşhurlyk gazanýan eserler hakda türkmen edebiýatyna degişlilikde gürrüň etmekçi bolsak, Atajan Taganyň  bestsellere öwrülen “40 ýylda ýazylan kitap” essesini hem  söýlüp okalýan “Keseki” taryhy romanyny ýatlamalydyrys. Ýazyjynyň “Keseki” romany  bendilikde bolan Fransuz goşunynyň kapraly Gulibef de Blokwiliň “Türkmenlerdäki 14 aýlyk ýesirlik” hem, serbaz Muhammet Aly al-Hüseýniniň “Jeňgi merw” (“Merw jeňi”) ýatlamalary esasynda dünýä indi. Onuň döremegine awtoryň öz döwrüniň belli türkmen ýazyjylarynyň käbir taryhy wakalar baradaky  jedelini   aýdyňlaşdyrmak islegi sebäp bolýar. Ýazyjy  taryhy hakykaty ýüze çykarmak üçin  Moskwanyň “Harby taryhy arhiwinde” kän wagt ýitirýär. Şol sebäpli ele düşen  türkmenlere degişli  del  materiallaryň birnäçesi hem  ýazyjyny roman ýazmaga iterýär. Hatda ol romandaky maglumatlaryň nä derejede hakykata golaýdygyny derňemek üçin ýöriteläp Fransiýa hem  gidip, ýesirlikde bolan Blokwiliň iň ýakyn garyndaşy diplomat Žak Blokwili tapýar. Sowatly diplomatyň  kömegi bilen ýazyjy taryhy hasap edilen  maglumatlardaky nätakyklyklaryň üstüni açýar. Netijede türkmen  okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanan taryhy roman peýda bolýar. Onuň ilkinji powestlik nusgasy “Pereňli ýesiriň ýatlamasy” ady bilen ozalky “Sowet edebiýaty” žurnalynda peýda bolýar. Eseriň täzeden işlenip, “Keseki” ady  bilen roman görnüşine  geçirilen  nusgasy bolsa awtoryň “Serwi gelin”  atly eserler ýygyndysynda çap edilýär. "Keseki" esasynda döredilen spektakl indi 20 ýyl gowrak wagtdan bäri Aşgabadyň A.S.Puşkin adyndaky teatrynda tomaşaçylara görkezilýär.

            “Keseki  1986-njy ýylda Moskwanyň “Sowet ýazyjysy” neşirýatynda 30,000 nusga  bilen, 1989-njy ýylda “Izwestiýa” neşirýatynda bolsa 265,000 nusga bilen aýratyn kitap edilip çykarylýar. Germaniýanyň “Masterpiýeses-ru” söwda belgili  neşirýaty “Kesekiniň” rus dilindäki nusgasyny bütindünýä onlaýn-internet kitap dükanlaryna ýaýradýar. Nýu-Ýorkuň “World voice” (“Dünýäniň sesi”) hepdelik gazeti “Kesekiniň” gysgaldylan nusgasyny öz okyjylaryna hödürleýär.

               2012-nji ýylda Daşkendiň “jahon adabiýoty” žurnaly bir ýylky 5 sanynda “Kesekini” “Begona” ady bilen özbek dilinde  tutuşlygyna çap  edýär, 2015-nji ýylda  “Uzbekiston” neşirýaty “Bigänäni” aýratyn kitap edip çykarýar.

          Häzirki wagtda roman fransuz diline terjime edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar