Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat futzal baýramçylygyny kabul eder!

0
3261

Eger «Mundan iki ýyl gowrak ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň iň gyzykly geçen üç ýaryşyny saýlaň!» diýsek, köpiňiziň sanawyňyzdan futzal ýaryşy ýer alsa gerek. Munuň sebäbi düşnükli. Futbola «Millionlaryň söýgüli oýny» diýýäris. Futzal hem futbol bilen çalymdaş. Şonuň üçin futzal ýaryşlarynyň hemişe dartgynly we gyzykly boljakdygy öz-özünden düşnükli. Biziň erkekler milli ýygyndymyzyň ýaponiýaly hünärmen Keoheý Nakamuranyň ýolbaşçylygynda toparçada yzly-yzyna gazanan ýeňişleri, soňra Owganystanyň ýygyndysy bilen bolan duşuşyga çenli baran üstünlikli ýol, şowuna düşmedik jerime ugrularynyň netijesinde elden giderilen ýeňiş, milli ýygyndymyzyň geçiren her bir pökgüsiniň, diňe bir köpugurly sport toplumynda däl, duşuşyga «mawy ekran» arkaly tomaşa edip oturan millionlarça ýürekde döreden şowhuny, çäksiz begenç, armanly ahmyr... ählijisi, şu günki ýaly ýadymyzda. Elbetde, Aşgabat Aziadasynda Türkmenistanyň futzal ýygyndysy baýrakly orunlara mynasyp bolup bilmedi. Ýöne garadan gaýtmaz, arzyly sepgit üçin bar güýjüni orta goýup bilýän futzalçylarymyz ýüreklerimiziň ýeňijisine öwrüldi.

Ýene bir belent ynam

Üstesine-de, Aşgabat şol ýaryşyň netijesinde başga bir uly ýeňşi gazandy. Bu ýeňiş. Halkara sport guramalarynyň, şol sanda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň belent ynamydyr. Aşgabat Aziadasynyň geçirilýän günlerinde bize bu konfederasiýasynyň wekilleriniň ençemesi bilen gürrüňdeş bolmak nesip edipdi. Olaryň ählisi hem, edil dilleşen ýaly, ýaryşyň guramaçylyk derejesine diýseň ýokary baha beripdiler. Aşgabatda geçirilen Aziýa oýunlarynyň çägindäki futzal ýaryşy diňe millionlarça janköýeriň däl, AFK-nyň wekilleriniň hem ýüreginden hemişelik orun tapdy. Şonuň üçin hem olar bu şatlygy, bu tolgunmany dowam etdirmek üçin basymdan-basym ýene-de Aşgabada gelmäge isleg bildirdiler.

Ýogsam, 2020-nji ýylda futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge Aşgabatdan başga-da, Kuweýtiň El-Kuweýt, Iordaniýanyň Amman, Ýaponiýanyň

Nagoýa, Indoneziýanyň Jakarta şäherleri hem isleg bildirdi. AFK şeýle abraýly we mümkinçiligi juda uly şäherleriň arasynda türkmen döwletiniň paýtagtyny ― Aşgabady saýlady. Şeýlelikde, Aşgabat 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly ― 10-njy marty aralygynda futzal boýunça Aziýa çempionatyny kabul etmäge hukuk gazandy.

Mermer paýtagtymyza bu hukuk AFK tarapyndan şu ýylyň baharynda berlipdi. Hormatly Prezidentimiz bolsa 6-njy oktýabrda gol çeken Karary bilen, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 24-nji fewraly — 10-njy marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda we Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Futzal boýunça Aziýa çempionatyny geçirmäge ygtyýar berdi hem-de bu çempionaty geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döredip, onuň düzümi tassyklady. Mahlasy, bu Karar bilen hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionaty ― 2020-niň işine ak pata berdi.

Biz biygtyýar ýene-de türkmen paýtagtynyň soňky ýyllarda sebit we dünýä derejesinde geçirilýän iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrülýändigi baradaky pikire dolanmaly bolýarys. 2010 ― 2017-nji ýyllar aralygynda ownukly-irili halkara sport ýaryşlarynyň birnäçesine gujak açan Türkmenistan (Sambo we söweş sambosy boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty, Türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty, «Awaza ― dostluk mekany» atly çagalar festiwallary, Aşgabat ― 2017-niň öňüsyrasyndaky halkara synag ýaryşlary, futbol, hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşlar we beýlekiler) şol ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny juda üstünlikli geçirip, diňe bir yklymyň däl, tutuş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň nazaryny özünde egledi. Şol Oýunlardan soňra bütin dünýä islendik halkara ýaryşy türkmen myhmansöýerligi bilen ýatdan çykmajak derejede geçirip biljek, özünde hem häzirkizaman şertleriň ählisini jemlän täze bir şäheri ― Aşgabady tanadylar. Ýok, olar Aşgabady ozal hem tanaýardylar. Ýöne bu gezekki tanyşlyk has içgin boldy. Aşgabat bilen tanyş dällerem şondan soň bu şäheri öz

dünýäsine has ýakyn sanyp, basym-basym tanyşmaga ymtyldylar. Iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin halkara guramalardan yzly-yzyna teklipler geldi ýa-da olar Türkmenistanyň tekliplerini uly höwes bilen garşyladylar. Şeýlelikde, öňümizdäki duran iki ýyla halkara ýaryşlaryň üçüsi sygdy. Indiki ýyl futzal boýunça Aziýa çempionatyndan başga, sambo boýunça dünýä çempionatyny hem kabul etjek paýtagtymyz, 2021-nji ýylda öz goýnuna dünýäniň iň ussat welotrekçilerini ýygnar.

Aziýa çempionaty barada

Futzal boýunça Aziýa çempionaty baradaky gürrüňimize dolanyp gelsek, Aşgabat tertip boýunça 16-njy çempionaty kabul eder. Myhmanlaryň gelşi, dürli ýygnaklaryň, dabaralaryň geçirilişi, ýaryşdan soňky guramaçylyk işleri bilen bilelikde, ähli dabaralary 24-nji fewraldan 10-njy marta çenli aralygy öz içine aljak çempionatyň ýaryşlary 27-nji fewral ― 8-nji mart aralygynda geçiriler. Aziýa çempionatyň ähmiýetli taraplarynyň biri hem onda iň gowy netijeleri görkezen bäş milli ýygynda dünýä çempionatyna gatnaşmaga mümkinçiligiň berilýänligidir.

Aziýa çempionatyna 16 milli ýygyndy gatnaşar. Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýer eýesi hökmünde Aşgabatdaky ýaryşda ornuny eýýäm berkitdi. Toparçalar üçin bije çekilişige biziň milli ýygyndymyz «A» torbadan, ýagny iň güýçlüleriň wekilçilik edýän torbasyndan gatnaşar.

16 milli ýygyndy dört toparça bölünip ýaryşar. Her toparça hem dört milli ýygyndy wekilçilik eder. Her toparçada öňdäki iki orny eýelän ýygyndylar ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanar. Toparçalaýyn ýaryşlar tamamlanansoň, ýaryy dowam edýän 8 ýygyndynyň arasynda çärýek final duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklaryň ýeňijileri ýaryşyň ýarym finalyna çyksa, ýeňlen toparlar 5 ― 8-nji orunlaryň birini eýelemek üçin göreşerler. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, ýaryşda bäşinji orny eýelän ýygyndy hem nobatdaky dünýä çempionatyna gatnaşyp biler. Şonuň üçin hem Aziýa çempionatynda gazanylan her bir ýeňşiň, toplanan her bir utugyň, hatda geçirilen her bir pökginiň ýa-da geçirdilmedik her bir pökginiň uly ähmiýeti bardyr.

Çärýek finaldan soň, ýarym final, ondan soň final duşuşygy bilen nobatdaky Aziýa çempionaty tamamlanar.

Ilkinjisi 1999-njy ýylda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpurda geçirilen Aziýa çempionatyny goňşularymyzdan Özbegistan üç, Eýran bir gezek myhman alypdy. Yzda galan 15 çempionatyň diňe üçüsi Ýaponiýanyň, galan 12-si Eýranyň çempionlygy bilen tamamlandy. 15 çempionatyň ählisinde medala mynasyp bolan goňşularymyzda 12 çempionlykdan başga-da, bir kümüş, iki bürünç medal bar.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy yzda galan 15 yklym çempionatynyň 6-syna gatnaşdy. Has takygy, milli ýygyndymyz 2005 ― 2012-nji ýyllar aralygynda geçirilen çempionatlaryň ählisine gatnaşyp, 21 duşuşygyň 6-synda ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy şu gezekki çempionata uly ähmiýet berýär. Munuň üçin federasiýa 21-nji martda horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç bilen şertnama baglaşdy. Ol biziň milli ýygyndymyzy Aziýa çempionaty ― 2020-ä taýýarlaýar.

Türkmen futzalçylary beýik maksada sary

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan tälimçi saýlamaga uly üns berlendigini hem aýtmak gerek. Futzal oýnan ýyllarynda 2000-nji ýyldaky dünýä, 1999, 2001-nji ýyllaryndaky Ýewropa çempionatyna gatnaşan hünärmen tälimçi hökmünde Horwatiýanyň «Zapad» we «Nasional» toparlarynda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna gelmezden öňürti bolsa ol Horwatiýanyň ýygyndysynyň tälimçi-maslahatçysy bolup işleýärdi. Horwat futzalynyň bütin dünýä boýunça hem üstünlikleriniň kändigini nazarda tutsak, milli ýygyndymyzyň Robert Grdowiçiň ýolbaşçylygynda Aziýa çempionatynda iň gowy netijeleri görkezip biljekdigini aýdyp bileris.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy täze baş tälimçisiniň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň ençemesine we bir halkara ýaryşa gatnaşdy. Okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda güýçli ýygyndylaryň birnäçesinden rüstem gelen türkmen futzalçylary ýakynda Horwatiýanyň Poreç şäherinde geçirilen «Futsal Week Autumn Cup» halkara ýaryşynda ikinji orny eýelediler. Ýaryşa biziň ýygyndymyzdan başga-da, Belgiýanyň, Çernogoriýanyň,

Saud Arabystanynyň, Norwegiýanyň we Grenlandiýanyň milli ýygyndylarynyň gatnaşandygyny ýatladýarys. Türkmen futzalçylary finalda diňe Belgiýanyň ýygyndysyndan asgyn gelip, beýleki garşydaşlarynyň ählisini uly hasap bilen ýeňdiler.

Makalamyzyň ahyrynda ýene bir zady, Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklarynyň şu aýyň 16 ― 27-si aralygynda geçiriljekdigini ýatladýarys. Dört zolakda geçirilýän saýlama ýaryşlara 31 milli ýygyndy gatnaşýar. Şolaryň diňe 16-synyň Aşgabatdaky çempionata gatnaşyp biljekdigini ýatladýarys.

Ýer eýesi hökmünde görkezilen hem bolsa, ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň futzal ýygyndysy saýlama ýaryşa gatnaşar. Merkezi zolagyň «B» toparçasynda ýaryşjak ildeşlerimiziň garşydaşlary Aziýanyň, belki-de dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň biri bolan Eýranyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylarydyr. Eýranda geçiriljek saýlama tapgyrda milli ýygyndymyz 23-nji oktýabrda ýer eýeleriniň, ertirligi Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri bilen duşuşarlar.

Biziň toparçamyzyň bir aýratynlygy bar. Düzgünnama görä, saýlama tapgyryň her toparçasynda öňdäki iki orny eýelän ýygyndy jemleýji ýaryşa (Aşgabat ― 2020-ä) gatnaşyp biler. Üç ýygyndydan ybarat toparçamyzda hiç ýygyndynyň hem ýitirýän zady ýok. Çünki toparçada näçenji orny eýeländigine garamazdan, türkmen futzalçylary ýer eýesi hökmünde Aşgabatdaky ýaryşlarda öz ornuny eýýäm berkitdiler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu artykmaçlygy Eýranyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndylaryna hem Aşgabatda ýaryşmak hukugyny berýär.

Ýöne bu artykmaçlyk biziň ýygyndymyzy arkaýynlaşdyraz. Dünýaniň iň güýçli ýygyndylarynyň birine garşy oýnamak we Gyrgyz Respublikasy bilen nobatdaky gezek güýç synanyşmak türkmen futzalçylary üçin örän wajyp synaga öwrüler. Olar bu duşuşyklar arkaly öz güýjüni nobatdaky gezek terezä salarlar.

Sözsoňy

Diýmek, öňümizdäki gyş bilen baharyň sepgidini türkmen Diýary yklym derejesindäki sport baýramçylygyna beslär. Futzal ― sportuň iň gyzykly

görnüşleriniň biri. Şonuň üçin hem Aşgabatdaky Aziýa çempionatyna tutuş yklym, gerek bolsa dünýä derejesinde gyzyklanmanyň uly boljakdygy öz-özünden düşnükli. Maglumat bersek, Hytaýyň CCTV, PPTV, Ýaponiýanyň NHK, Tailandyň BBTV7, Wýetnamyň VTV teleýaýlymlary Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatyny öz tomaşaçylaryna gyzgyny bilen ýetirmäge eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Entek bu sanawyň has uzajakdygyna tüýs ýürekden ynanyp bileris. Çünki Ýer ýüzündäki millionlarça sport muşdaklary hem gyzykly futzal ýaryşlaryna, hem-de ajaýyp Aşgabadyň sport mümkinçiliklerine hemişe teşne. Sözlerimizi bolsa ýene bir ULY HAKYKATA beýik ynam bilen jemläliň: hemişe bolşy ýaly, bu çempionaty hem ýokary derejede geçirjek Aşgabat ýene bir ýola bütin sport jemgyýetçiliginiň gyzgyn elçarpyşmasyny gazanyp, has iri ýaryşlaryň merkezine öwrüler.

Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar