Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Altyn asyr» ― «Hanoý» duşuşygyndan soň gyzykly maglumatlar

0
2317

― Bu duşuşyk türkmen toparlarynyň AFK-nyň kubogynda geçiren 93-nji duşuşygydyr.

― Bu utulyş türkmen toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky 40-njy utulyşydyr. Ýeri gelende aýtsak, türkmen toparlary yklym ýaryşlarynda 30 duşuşykda ýeňiş gazandy, 23 duşuşyk bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy.

― 93 duşuşykdan soň türkmen toparlary bilen garşydaşlaryň pökgi gatnaşygy: 126/138.

― Türkmen toparlary wýetnamly garşydaşlary bilen ikinji duşuşygyny geçirdiler. Olaryň ikisi hem «Hanoý» bilen geçirilen duşuşklardyr. Türkmen toparlary yklym ýaryşynda jemi 15 döwletiň wekilleri bilen duşuşdylar.

― Şu duşuşykdaky dubly bilen AFK-nyň kubogyndaky pökgüleriniň sanyny 4-e çykaran Serdar Geldiýew bu ýaryşda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçylarynyň 10-lugyna girdi. Serdar Geldiýewden başga-da häzir Amir Gurbanynyň, Artur Geworkýanyň we Myrat Annaýewiň hasabynda takyk 4 pökgi bar. Şeýle hem yklym ýaryşynda Hojaahmet Arazow 5, Süleýman Muhadow 6, Mämmedaly Karadanow 7, Wahyt Orazsähedow 8, Myrat Ýagşyýew 13, Altymyrat Annadurdyýew 18 gezek tapawutlandy. Ýaryşda umumylykda 41 futbolçymyz tapawutlandy.

― «Altyn asyr» yklym ýaryşyndaky 32-nji duşuşygyny geçirdi.

― Şu duşuşykdaky utulyş «Altyn asyryň» 7-nji utulyşydyr. 13 duşuşykda ýeňiş gazanan «aragatnaşykçylar» 12 duşuşykda deňme-deň oýnady.

― Geçirilen duşuşyklarda «Altyn asyryň» we garşydaşlarynyň pökgi gatnaşygy: 53/34.

― Yklym ýaryşynda «Altyn asyryň» hatarynda tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda Serdar Geldiýew üçünji orna geçdi. Futbolçynyň hasabynda indi 4 gol bar.

― «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklarynyň 45+1-nji minutynda ilkinji, 82-nji minutynda bolsa ikinji gezek gol geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar