TÝL ― 2019: 17-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1725

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Täze golçy ýok: Tapgyrda henize çenli 5 futbolçy tapawutlandy. Olaryň ählisi möwsümde öň azyndan bir gol geçiren futbolçylardyr.

5 gol: Tapgyryň üç duşuşygynda 5 gol geçirildi, ýöne ätiýaçlykda ýene bir duşuşyk bar. Häzirlikçe, tapgyr şu möwsümde iň az gol geçirilen üç tapgyryň biridir.

17 tapgyrda 158 gol: Möwsümiň dowamynda geçirilen pökgüleriň sany 158-e ýetdi.

“Merw” – “Köpetdag” – 1:1

Gollar: 46 Annageldi Weliýew – 24 Baýramgeldi Gulmaýew.

Birinji aýlawda: 4:2

Ikinji aýlawda: 2:2

Üç aýlaw boýunça: 7:5

Weliýew başlady: Annageldi Weliýew «Merw» bilen Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi.

Ikinji başa barmady: Şu ýyl diňe ýekeje duşuşykda ýeňiş gazanan «Merw» 3-nji tapgyrda öz öýünde «Köpetdagy» ýeňipdi. 14 tapgyrdan soň ýene şeýle ýeňşe synanyşan «Merw» bu hezek utulyşdan hem kynlyk bilen halas boldy.

“Şagadam” – “Aşgabat” – 2:1

Gollar: 87 Daýanç Orazgulyýew, 89 Baýramgeldi Nurlyýew – 8 Şatlyk Gurbanow.

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 3:0

Üç aýlaw boýunça: 7:1

«Şagadam» ikinji orna dolandy: Tapgyrda «Ahalyň» utuk ýitirmegi bilen «Şagadam» ýaryş tertibiniň ikinji ornuna dolandy. Şu ýyl «Altyn asyr» ― «Ahal» bäsdeşliginiň arasynda üçünji bir güýçli garşydaş bolup goşulan kenarýaka şäheriň toparynda indi 32 utuk bar. Görnüşi ýaly, utuklaryň möçberi ýaryşyň lideri «Altyn asyryňky» bilen deň, ýöne «aragatnaşykçylaryň» ätiýaçda iki duşuşygynyň hem bardygyny ýatdan çykarmaly däl.

«Hiçden giç ýagşy»: «Aşgabat» «Şagadamyň» derwezesine şu ýyl iň bolmanda bir pökgi girizip gördi. Ozalky iki duşuşykda paýtagtyň adybir topary kenarýaka şäheriň toparynyň derwezesine ýekeje gezek hem ýol tapyp bilmändi.

“Ahal” – “Nebitçi” – 0:0.

Birinji aýlawda: 3:0

Ikinji aýlawda: 0:0

Üç aýlaw boýunça: 3:0.

«Ahal» deňlikde arany açýar: Möwsümde 7-nji duşuşygy deňme-deň hasap bilen tamamlanan «Ahal» deňlikleriň sany boýunça iň ýakyn bäsdeşlerinden hem iki duşuşyk öňdedir. «Nebitçi» bolsa möwsümde 5-nji duşuşygyny deňlik bilen tamamlady.

Aslynda, garaşylmadyk hasap hem däl: Hemmeler «Ahalyň» ýeňşine garaşdy. Ýöne, üns berseňiz, ikinji aýlawda «Nebitçi» öz meýdanynda hem güýçli garşydaşyndan ýeňilmändi. Iki toparyň arasyndaky şol bir hasap möwsümde ikinji gezek gaýtalandy.

“Energetik” – “Altyn Asyr” (geçirilen 23.10.2019 ý.)

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 1:1.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar