Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2019: «Hanoý» ― «Altyn asyr» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1637

― Bu duşuşyk türkmen toparlarynyň AFK-nyň kubogyndaky 92-nji duşuşygydyr.

― Türkmen toparlary yklym ýaryşynda 39-njy gezek ýeňildi.

― Toparlarymyzyň pökgi gatnaşygy: 124/136.

― Türkmen toparlary Wýetnamyň toparlary bilen ilkinji duşuşygyny geçirdiler.

― Wýetnam AFK-nyň kubogynda türkmen futbolçylary bilen duşuşan 15-nji döwlet boldy.

― Yklym ýaryşynda Altymyrat Annadurdyýew 18-nji, Myrat Ýagşyýew 13-nji goluny geçirdi.

― «Hanoý» yklym ýaryşynda biziň toparlarymyz bilen duşuşan 30-njy garşydaşdyr.

― «Altyn asyr» yklym ýaryşynda 31-nji duşuşygyny geçirdi.

― «Altyn asyr» AFK-nyň kubogynda garşydaşlaryndan 6-njy gezek ýeňildi.

― Toparyň garşydaş derwezelere geçiren pökgüsi 51-e, öz derwezesine geçirden pökgüsi 32-ä çykdy.

― «Hanoý» «Altyn asyryň» yklym ýaryşyndaky 13-nji garşydaşydyr.

― Wýetnam AFK-nyň kubogynda «Altyn asyr» bilen duşuşan 11-nji döwletdir.

― «Aragatnaşykçylar» yklym ýaryşynda illkinji gezek 4-nji minutda gol geçirdiler. 64-nji minutda geçirilen gollar bolsa 2-ä çykdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar