Soňky habarlar

Arhiw

Futbol: Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy sanlarda we maglumatlarda

0
1503

Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler. 2018-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň naýbaşy toparyny yglan etjek duşuşyk çempion "Altyn asyr" bilen Türkmenistanyň kubogynyň eýesi "Köpetdag" güýç synanyşar. "Türkmenportal" bu duşuşyk bilen bagly käbir gyzykly maglumatlara ünsüňizi çekmek isledi:

  • Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ilkinji duşuşyk 2005-nji ýylda geçirildi. Şu ýylky duşuşykda "Altyn asyr" bilen "Köpetdag" 14-nji kubogyň eýesi bolmak üçin göreşer. Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň 2010-njy ýylda geçirilmändigini ýatladýarys.
  • "Köpetdag" Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklara gatnaşýan 8-nji topardyr.
  • Şu günki duşuşykdan soňra "Altyn asyr" Naýbaşy kubok ugrunda iň kän göreşen topar derejesine eýe bolar. Häzir "Altyn asyr" bilen HTTU 6 duşuşyk geçirdi. "Altyn asyr" bu gün 7-nji gezek meýdana çykjak, ýagny 14 duşuşygyň deň ýarysynda oýnajak ýeke-täk topar bolar.
  • Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga çykan 8 toparyň 4-si Aşgabada, galan 4-si welaýatlara wekilçilik edýär. Ýokary ligada Balkan welaýatynyň adyndan gatnaşýan "Nebitçi" hem-de "Şagadam" toparlarynyň ikisi hem Naýbaşy kubok üçin göreşip gördi.
  • "Şagadam" henize çenli bu ýaryşa gatnaşyp, Kuboga mynasyp bolup görmedik ýeke-täk topardyr.
  • 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän duşuşyklaryň ählisine gatnaşyp gelýän "Altyn asyr" şolaryň ählisinde-de Kuboga mynasyp boldy.
  • Kuboga iň köp mynasyp bolmak rekordy häzir "Altyn asyrda". Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Naýbaşy kuboga dört gezek mynasyp boldy. Bu gün ýeňiji bolaýsa, topar öz rekordyny täzelär. "Altyn asyrdan" başga HTTU bilen "Nebitçi" 3 Kubok gazanypdy.
  • Naýbaşy Kubok ugrundaky henize çenli geçirilen duşuşyklaryň esasy wagtynda derwezelere 47 pökgi geçirildi. Şu günki duşuşykda 50-nji pökgä şaýat bolmaga mümkinçilimiz bar.
  • Yzda galan duşuşyklaryň diňe ikisinde ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar