Soňky habarlar

Archive news

Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň rejenamasy

0
2946
Dünýä çempionaty - 2022-niň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň rejenamasy

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna gatnaşýan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň geçirjek duşuşyklarynyň tertibi belli boldy.

Bije çekişligiň netijesinde “H” toparça düşen ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň garşydaşlarynyň Günorta Koreýanyň, Liwanyň, Demirgazyk Koreýanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndylarynyň bolandyklaryny ýatladýarys.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama tapgyrçasyndaky birinji duşuşygyny 5-nji sentýabrda myhmançylykda Şri-Lankanyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionaty 2022-niň saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklarynyň tertibi:

1-nji tapgyr, 5-nji sentýabr (penşenbe)

Şri-Lanka – Türkmenistan

2-nji tapgyr, 10-njy sentýabr (sişenbe)

Türkmenistan – Günorta Koreýa

3-nji tapgyr, 10-njy oktýabr (penşenbe)

Liwan – Türkmenistan

4-nji tapgyr, 15-nji oktýabr (sişenbe)

Düzülen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyry goýberýär.

5-nji tapgyr, 14-nji noýabr (penşenbe)

Türkmenistan – Demirgazyk Koreýa

6-njy tapgyr, 19-njy noýabr (sişenbe)

Türkmenistan – Şri-Lanka

7-nji tapgyr, 26-njy mart, 2020-nji ýyl (penşenbe)

Günorta Koreýa – Türkmenistan

8-nji tapgyr, 31-nji mart, 2020-nji ýyl (sişenbe)

Türkmenistan – Liwan

9-njy tapgyr, 4-nji iýun, 2020-nji ýyl (penşenbe)

Düzülen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu tapgyry goýberýär.

10-njy tapgyr, 9-njy iýun, 2020-nji ýyl (sişenbe)

Demirgazyk Koreýa – Türkmenistan

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş makalalar
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň