Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: 12-nji tapgyryň "Altyn asyr" - "Merw" duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
1762

“Altyn Asyr” – “Merw” – 6:0

Gollar: 4, 85 Altymyrat Annadurdyýew, 68 Resul Hojaýew, 70, 78 Begenç Akmämmedow, 75 Begmyrat Baýow (11 m.u.) (“Altyn Asyr”)

Birinji orna iki ädim galdy: Gazanylan bu ýeňişden soňra «Altyn asyr» ýaryşyň lideri «Şagadam» bilen arany 2 utuga çenli ýygyrdy.

Öňdäki üçlük: «Şagadam», «Ahal» we «Altyn asyr» çempionatyň soňky bäş ornundaky toparlardan azyndan 7 utuk öňe saýlandy.

10-njy utulyş: «Merw» şu möwsümde garşydaşlaryndan 10 gezek asgyn geldi.

Annadurdyýew ― ilkinji 10-lukçy: Bombardirlik sanawynyň lideri Altymyrat Annadurdyýew şu möwsümde 10 pökgi geçiren ilkinji futbolçydyr.

Annadurdyýewden başgasy: Duşuşykda Altymyrat Annadurdyýewden başga tapawutlanan futbolçylaryň ählisi möwsümdäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

57 golçy: Şeýlelikde, şu duşuşykdan soňra möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 57-ä çykdy.

Bir çempionatda 20 gol: Ýaş futbolçy Begenç Akmämmedow Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 20-ä tegeledi.

6+6: Tapgyryň beýleki üç duşuşygynda derwezelere 6 pökgi geçirilipdi. Bu duşuşygyň bolsa bir özünde 6 pökgi geçirildi. Şeýlelikde, 12-nji tapgyr 12 gol bilen tamamlandy. Ol möwsümde 12 gol bilen tamamlanan ikinji tapgyrdyr. Mundan ozal 9-njy tapgyrda geçirilen gollaryň sany göni 12-ä deň bolupdy.

131 gol: Şu duşuşykdan soň möwsümde geçirilen gollaryň sany 131-e çykdy.

Iň köp golly ikinji duşuşyk: Mundan ozal diňe 1-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Nebitçi» duşuşygynda (5:2) 7 pökgi geçirilipdi. Şeýlelikde, bu duşuşyk sanawyň ikinji ornundan özüne ýer tapdy.

Bir duşuşykdaky iň uly tapawut: Mundan ozal möwsümde ýeňiji topar garşydaşdan 3 goldan köp tapawut bilen ýeňiş gazanmandy. 6 golluk tapawut möwsümde ilkinji gezek hasaba alyndy.

Akmämmedow ― 50-nji: Begenç Akmämmedow «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligada 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanan 50-nji futbolçydyr.

Bir tapgyrda dört dublçy: 12-nji tapgyryň ozalky duşuşyklarynda «Köpetdagdan» Döwlet Seýitmuhammedow bilen «Ahaldan» Didar Durdyýew iki gezek tapawutlanypdy. Indi olaryň hataryna «Altyn asyryň» futbolçylary Altymyrat Annadurdyýew bilen Begenç Akmämmedow hem goşuldy. Möwsümde mundan ozal bir tapgyrda dört futbolçy dubl edip görmändi.

Annadurdyýew ― iki aýlawda üçünji dubl: Altymyrat Annadurdyýew möwsümde geçiren 10 golunyň 6-syny 1-nji, 9-njy we 12-nji tapgyrlarda geçirildi. Ol şu möwsümde iň köp dubl eden futbolçydyr.

Iki duşuşykda 9:1: Şeýlelikde, şu möwsümdäki «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşyklarynyň umumy hasaby 9:1. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar