Welosport: iki ýylda ikinji rekord

0
1642

Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, has takygy, 1-nji iýunda türkmenistanly welosiped söýüjiler täsin dünýä rekordyny goýdular. «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili Şeýda Subaşi Gemijiniň hem şaýat bolmagynda şol gün paýtagtymyzdaky bilim ojaklarynda okaýan talyp ýigitleriň 2019-sy iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş geçirip, dünýä rekordyny täzelediler.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen ýöriş Olimpiýa şäherçesiniň daşynda ýaýbaňlandyryldy. «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli ýygnanan 2019 welosöýüji bir hatara düzülip, 3 müň 300 metr uzynlygy emele getirdiler. Şu uzynlykdaky zynjyr Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan iki aýlaw edip, dünýä rekordyny täzeledi. Şeýlelikde, şu ýylyň 3-nji martynda Hindistanda goýlan rekord göni 90 günden soň täzelendi.

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabatdaky täsinlik bu ugurda diňe şu ýylda goýlan üçünji dünýä rekordydyr. Ilkinji iki rekord hindistanly welosöýüjilere degişli. Has takygy, şu ýylyň 28-nji ýanwarynda Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 70 ýyllygy mynasybetli bir nyzamly ýöriş Hubballi şäherindäki bir welosiped kluby tarapyndan bir nyzamly geçirilen ýörişe 1235 adam gatnaşdy. Aşgabatda geçirilen dabaralaryň hormatly myhmany Şeýda Subaşi Gemijiniň çykyşynda nygtalýan 3-nji martdaky ýörişe bolsa 1327 adam gatnaşdy. Olaryň döreden uzynlygy 3200 metre ýetdi.

Şeýlelikde, Aşgabatda hem gatnaşyjylaryň sany, hem-de dowamlylyk ― uzynlyk boýunça rekord goýuldy. Munuň özi ýurdumyzda soňky iki ýylyň içinde welosiped bilen bagly goýlan ikinji rekorddyr. Geçen ýylyň hut şu gününde ― 1-nji iýunda köpugurly «Aşgabat» sport toplumynda geçirilen welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy 3 müň 246 adamyň gatnaşmagy bilen Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan dün­ýä­de gu­ra­lan iň köp­çü­lik­le­ýin tälim beriş sapagy hök­mün­de hasaba alnypdy. Türkmenistan täze bir rekord arkaly Bütindünýä welosiped gününi ýene bir ýola dabaralandyrdy. Şeýlelikde, täsinlikler neşiri Türkmenistanyň täsin ösüşini, beýgelişini ýene bir ýola ykrar etdi.

«Guinness World Records» kompaniýasynyň nobatdaky güwänamasy ozalky berlenleriniň arasynda ajaýyp döwrümiziň ýeten belentlikleriniň alamaty hökmünde geljek nesillere ýadygär galar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar