Soňky habarlar

Arhiw

Bedenterbiýe meşhur adamlaryň durmuşynda

0
1530

Şükür bagşy at münmegi, atly gezelenç etmegi, pyýada ýöremegi diýseň halaýan eken. Şonuň üçin hem ol Kaka etrabynyň
Duşak obasynda ýaşasa-da, Gökdepe, Baharly, Sarahs,Tejen, Mary, Wekilbazar etraplarynda atly gezelenç eder ekeni.
Ol hakda ýazylan maglumatlarda bagşynyň Magtymguly, Etrek, Daşoguz, Hywa sebitlerinde bolandygy aýdylýar. Şükür bagşy
ýüz ýaşynda aradan çykýar.

Guseýin Muhtarow drama eserlerini ýazanynda oba durmuşyny öwrenmek, türkmen diliniň baýlygyny artdyrmak maksady
bilen obalara aýlanyp, ýaşuly adamlaryň gürrüňini diňlär ekeni. Aýtmaklaryna görä, ol her gün ir bilen ýekeje gününi hem
sypdyrman maşk edýän eken.

Mäti Kösäýew ylym bilen meşgullanmaýan wagtlary bag ekmek bilen meşgul bolýan ekeni. Howlusy her dürli bagdan we
owadan güllerden doly bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň köp
agaçlaryny ol öz eli bilen ekipdir. Ol: “Ýatan adam hassa bolar, maşk etmeli, mydama hereketde bolmaly” diýip hemişe ýaşlara
öwüt-nesihat berer ekeni.

Kerim Gurbannepesowyň “Şahyryň gözi” diýen kitabynda şeýle ýazgylar bar. Ondan “Iň gowy görýän zadyň näme?” diýip
sorasalar “Pyýada ýöremek” diýip jogap berýär. Ony tanaýan adamlar, döredijilik işgärleri Kerim aganyň öýünden tä
redaksiýalara çenli aralygy pyýada, çalt ýöräp barýandygyny hemişe görýändiklerini gürrüň berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar