Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy - 2019: "Altyn asyr" - "Istiklol" duşuşygynyň käbir aýratynlyklary

0
1527

Şu duşuşyk...

  • ... ýurdumyzyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogynda geçiren 87-nji duşuşygydyr. Şu hasap bilen, 19-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Dordoý» duşuşygy biziň toparlarymyzyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky ýubileý duşuşygy bolar.
  • ... toparlarymyzyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky 21-nji deňme-deňligidir.
  • ... biziň ildeşlerimiziň garşydaş derwezelere 117-nji pökgini girizen duşuşygyna öwrüldi.
  • ... ýurdumyzyň futbolçylarynyň Täjigistanyň toparlary bilen geçiren 13-nji duşuşygydyr. Şolaryň 9-sy «Istiklol» bilen geçirildi. Täjigistanyň çempiony bilen bäşinji duşuşygyny geçiren «Altyn asyr» şolaryň birinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi, galan üç duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.
  • ... ýarym goragçy Selim Nurmyradowyň AFK-nyň kubogynda tapawutlanan ikinji duşuşydyr. Futbolçy yklym ýaryşynda ilkinji gezek geçen ýyl Inter-zolagyň finalynda KHDR-niň «April 25» topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykda tapawutlanypdy.
  • ... «Altyn asyryň» futbolçylary yklym ýaryşyndaky 44-nji pökgüsini geçirdiler. Bu pökgüler 26 duşuşykda geçirildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar