Soňky habarlar

Arhiw

2019-njy ýylda türkmen türgenlerine nähili halkara ýaryşlar garaşýar?

0
1953

Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleriniň 2019-njy ýyldaky ilkinji halkara synagy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän futbol boýunça Aziýa kubogyndan başlandy. Taryhynda ikinji gezek yklymyň birinji derejeli futbol ýaryşyna gatnaşýan milli ýygyndymyz bu ýerde görkezijilerini ýokarlandyrmaga çalşar.

Şu ýaryşyň dowam edýän günlerinde «Media türkmen» habarlar agentliginiň «ORIENT» habarlar portalynda türkmen türgenleriniň şu ýylyň dowamynda gatnaşmagyna garaşylýan halkara ýaryşlarynyň takmyny sanawy çap edildi. Biz hem şol sanawa esaslanyp, okyjylarymyzy türgenlerimiziň «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylynda gatnaşyp biläýjek halkara ýaryşlary bilen tanyşdyrýarys:

8 ― 17-nji fewral: «Aziýanyň çagalary» atly birinji halkara gyşky sport oýunlary, Demirgazyk Sahalin (Russiýa)

Halkara ýaryş sportuň 8 görnüşi boýunça ýaş türgenleriň müňlerçesini özünde jemlär. Gyşky sportuň geljekki ýyldyzlary Demirgazyk Sahalindäki Oýunlarda biatlon, dag lyžasy, lyžaly typmak, beýiklikden lyžaly bökmek, snoubord, hokkeý we şort-trek boýunça ýaryşarlar.

Oýunlary Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi ýerli sport guramalary bilen birlikde gurnaýarlar. Bu oýunlar, şol bir wagtyň özünde, 2020-nji ýylda Lozanna şäherinde geçiriljek Ýetginjekleriň gyşky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň bir tapgyryna öwrüler.

Sahalindäki ýaryşlara türgenler bilen bir hatarda daşary ýurtlardan 200 çemesi meýletinçiniň, şol sanda türkmen meýletinçileriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

20 ― 30-njy aprel: Agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty, Ninbo (Hytaý)

Yklym birinjiligi agyr atletikaçylaryň Olimpiada ― 2020-ä gatnaşmak mümkinçiligini has-da artdyrjak, gerek bolsa käbir türgenlere gönüden-göni hukuk berjek halkara ýaryşlaryň biri bolar. Mundan öň Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrlaryň ikisi geçirilipdi. Olaryň birinji Aşgabatda geçirilen Dünýä çempionaty bolsa, ikinji Doha şäherinde geçirilen Kataryň açyk kubogydy. Türkmen agyr atletikaçylary Hytaýdaky yklym ýaryşyna-da gatnaşyp, Olimpiýa oýunlaryna nobatdaky ädimini ädip bilerler.

22 ― 28-nji aprel: Hokkeý boýunça dünýä çempionaty, Sofiýa (Bolgariýa)

Dünýä birinjiliginde türkmen hokkeýçileri Bolgariýanyň, Lýuksemburgyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Hytaýyň we Türkiýäniň ýygyndylary bilen duşuşarlar. Üçünji dwiziýonyň iň güýçli ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän ýaryşda gazanyljak ýeňiş hokkeýilerimize indiki çempionatda ikinji derejeli dwiziýonda ýaryşmaga mümkinçilik berer.

18 ― 23-nji iýun: Basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça dünýä kubogy, Amsterdam (Gollandiýa)

2020-nji ýylda Tokio şäherine baryp bilmek üçin türgenlerimize ýene bir mümkinçilik, ýöne bu gezek basketbolçy zenanlarymyzyň mümkinçiligi. Çünki dünýä kubogy, şol bir wagtyň özünde, Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň biri bolup gider.

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň bu ýaryşdaky garşydaşlary ozalky çempion Italiýanyň, şeýle hem Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň, Gollandiýanyň, Indoneziýanyň, Çehiýanyň, Latwiýanyň, Eýranyň, Wengriýanyň, Rumyniýanyň, Ukrainanyň, Andorranyň we Mongololiýanyň ýygyndylary.

20 ― 30-njy oktýabr: Bouling boýunça Aziýanyň 25-nji çempionaty, Kuweýt (Kuweýt)

Dogry, ýaryşa heniz 10 çemesi wagt bar. Ýöne türkmen boulingçileri yklym ýaryşyna häzirden taýýarlyk görýärler. Munuň üçin Olimpiýa şäherçesindäki ähli mümkinçilikleri bolan bowling zallary milli ýygyndymyzyň ygtyýarynda.

Aziýa çempionatyndan öň Türkmenistanyň bouling boýunça ýygyndysy Özbegistanda geçiriljek «Tashkent Open ― 2019» halkara ýaryşyna hem gatnaşarlar. Bu ýaryş milli ýygyndymyz üçin yklym çempionatynyň möhüm taýýarlyk tapgyryna öwrüler.

Sambo boýunça dünýä çempionaty, Seul (Koreýa Respublikasy) ― ýaryşyň geçiriljek senesi heniz kesgitlenilmedik

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy düzümi ýakynda tamamlanan milli çempionatyň ýeňijilerinden ybarat bolar. Türkmen samboçylarynyň Buharestde geçirilen geçen dünýä çempionatynda agram derejeleriniň altysy boýunça medallary gazanmagy, Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda bolsa 39 medal ýygnamagy Seuldan hem uly üstünlikler bilen dolanjakdygyna ynamymyzy artdyrýar.

***

Ýokarda-da nygtaýşymyz ýaly, bu sanaw takmyny sanawdyr. Türgenlerimiziň şu ýylyň dowamynda gatnaşjak halkara ýaryşlarynyň sany has hem köpelip biler. Diňe biziň ýurdumyzda hem halkara ýaryşlaryň ençemesini geçirmek meýilleşdirilýär. Ähli ýaryşlarda gazanylan üstünlikleriň «Türkmenistan ― rowaçlygyň Watany» ýylyny has-da şöhratlandyrjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar