Aziýa kubogy - 2019. 44 aý ozal başlan hereket

0
1404

Futbol boýunça Aziýa kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galdy. Emma şu ýaryşy geçirmegiň ilkinji ädimleri mundan 44 aý ozal başlapdy. Mälim bolşy ýaly, şu gezek yklym çempionatynyň taryhynda ilkinji ýola 24 milli ýygyndy gatnaşar. Ozalky çempionatlaryň ählisi 16 ýygyndynyň arasynda geçirilipdi. Indiki ýylyň 5-nji ýanwarynda geçiriljek Kubok ýaryşynyň ilkinji bije çekilşigi mundan dört ýyla golaý ozal, ýagny 2015-nji ýylyň martynda bolup geçipdi.

Dünýä çempionaty - 2018-iň saýlama tapgyrlaryndan soňra toparçalarda birinji orny eýelän ýygyndylar awtomatik ýagdaýda Aziýa kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olar Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (ýer eýesi), Awstraliýanyň, Kataryň, Hytaýyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Siriýanyň, Taýlandyň, Yragyň, Koreýa Respublikasynyň we Özbegistanyň milli ýygyndylarydyr.

Aziýa kubogynyň üçünji saýlama tapgyryndan soň bolsa 24 ýygyndy hem belli boldy. Bir ýyldan hem gowrak dowam eden saýlama tapgyryň duşuşyklaryndan soňra, ýene 12 milli ýygyndy yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Olar Liwanyň, KHDR-nyň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň, Iordaniýanyň, Wýetnamyň, Palestinanyň, Bahreýniň, Fillipnleriň, Omanyň we TÜRKMENISTANYŇ milli ýygyndylarydyr.

Şeýle yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynda 252 duşuşyk geçirildi. Olarda derwezelere jemi 820 pökgi girizildi. Gatnaşyjy döwletleriň üçüsi: Gyrgyzystanyň, Filippinleriň we Omanyň ýygyndylary ilkinji gezek Aziýa kubogynyň final tapgyrynda çykyş edip görer. Galan 21 ýygyndy ozal iň azyndan bir gezek bu ýaryşa gatnaşypdy.

Ýaryş taryhda ikinji gezek BAE-de geçirilýär. Bu döwletde 1996-njy ýylda geçirilen ýaryş Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň kuboga mynasyp bolmagy bilen tamamlanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar