Soňky habarlar

Arhiw

Ýulduzyň kümüş öwüşgini

0
1728

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň wekili Ýulduz Jumabaýewanyň paýtagtymyzda geçirilýän dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolandygyny habar beripdik. Ýöne Ýulduzyň şol günki ýaryşyna tomaşa eden ildeşlerimiz onuň itekläp götermekde galdyran 104 kilogram agramlygy eminler tarapyndan kabul edilmändi. Şondan bir gün soň, eminleriň bu ýalňyşlygy düzedilip, ildeşimiziň galdyran şol agram derejesi kabul edildi. Şeýlelikde, çempionatdaky umumy görkezijisini 179 kilograma ýetiren Ýulduz Jumabaýewa hem kümüş medala mynasyp boldy, hem-de ýaşlaryň arasynda iki sany dünýä rekordyny (itekläp götermekde we iki görnüşiň jemi boýunça) täzeledi.

Ýaryşyň ýeňijilerine medallaryň  gowşurylyş dabarasyndan soň, ilkinji medalçymyz bilen gysgaça söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeşlikden öň ilkinji medalçymyz barada käbir maglumatlara ünsüňizi çekmek isleýäris. Şu ýylyň 22-nji aprelinde 20 ýaşyny dolduran türgen Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda doguldy. Sport dünýäsine ilkinji ädimlerini mundan 8 ýyl ozal äden Ýulduz şeýle karara gelmeginde daýysy, belli agyr atletikaçy Zeripbaý Kerimbaýewiň täsiriniň bardygyny aýdýar. Häzir Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda okaýan Ý.Jumabaýewa ilkinji halkara ýaryşyna 2013-nji ýylda gatnaşdy. Onuň öňki gazanan üstünlikleriniň hatarynda geçen ýyl paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatynyň bürünç, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş, şu ýyl Ýaşlaryň arasynda Özbegistanda geçirilen Aziýa çempionatynyň bürünç medallary bar.

― Ýulduz, ilki bilen, gazananan ýeňşiňizi gutlaýarys. Höwri kän bolsun! Ilkinji sowalymyz: siziň ozalky ýaryşlaryňyza ser saldyk welin, mundan ozal itekläp götermek boýunça diňe Aşgabat Aziadasynda 100 kilogramdan ýokary agramlygy (107 kilogram) sargyt edipsiňiz we muny üstünlik bilen başarypsyňyz. Bu çempionatda eýýäm ikinji synanyşykda agramlygy 10 kilogram artdyrmak (birinji gezekde 94 kilogram göterdi) töwekgelçilik dälmidi?

         ― Ýok, öz aýdyşyňyz ýaly, men ozal bu sepgide ýetip bilipdim. Şonuň üçin özüm-ä 104 kilogram agramlygy töwekgelçilik hasaplamok. Onsoň hem medal ugrundaky esasy garşydaşlarym hem agramlygy 100 kilogramdan geçiripdi. Üçünjiden bolsa, ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordyny täzelemäge mümkinçiligim bardy. Şulary göz öňüne tutdum.

         ― Eminleriň agramlygy kabul etmändigini eşideniňizde başdan geçiren duýgularyňyz?

         ― Elbetde, gynandym. Çünki öz agramymyzdan iki ýarym esse gowrak agramlygy götermek hemişe başardyp hem duranok. Eminleriň bu karary diňe meni däl, tälimçilerimizi hem, asyl-ha, ähli janköýerlerimizi hem gynandyrdy.

         ― Bir gün soň agramlyk kabul edilende...

         ― Elbetde, guş bolup uçdum. Çünki bürünç hem gowy, kümşüň ýakymy bolsa has başgaça (ýylgyrýar). Üstesine-de, medaly goşa rekord bilen şanlandyrmak nesip etdi. Men bu ýeňşi Gahryman Arkadagymyza, ähli janköýerlerimize bagyşlaýaryn.

         ― Siziň pikiriňizçe, eminleriň ýalňyşlygy nämede?

         ― Anyk bilemok, ýöne soňra agramlygyň buýrulşy bilen baglydygyny aýtdylar. Ýöne meni goýberilen ýalňyşlyk däl-de, gazanan üstünligim, halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp bilmegim, ikinjiden hem ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagym gyzyklandyrýar.

         ― Esasy ýaryş siz we iki sany tailandly türgeniň arasynda geçdi? Şolaryň size esasy garşydaş boljakdygyny öňünden çaklapmydyňyz?

         ― Dogrusy, men olar bilen ozal hem ýaryşlarda gabatlaşyp gördüm, Ikisi hem güýçli türgen, söz ýok. Ýöne bu ýaryşda diňe öz netijäm bilen gyzyklandym.

         ― Soňky sowaly bermegiň hajaty hem ýok. Indiki maksadyňyz Olimpiýa medalydyr-la!

         ― Elbetde! Indi şonuň üçin göreşerin.

         ― Maksadyň myrat tapsyn, Ýulduz! Edil adyň ýaly, sport älemindäki ýoluň hem şuglaly bolmagyny arzuw edýäris!

         ― Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar