Dünýä çempionaty 2018-de goýlan 15 rekord

0
3330

Fransiýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlanan Dünýä çempionaty — 2018 gyzykly duşuşyklara, garaşylmadyk netijelere, şol sanda Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge mynasyp aýratynlyklara hem baý boldy. Ýakynda bütindünýä täsinlikler neşiriniň resmi saýtynda bu çempionatyň 15 aýratynlygy dogrusynda makala ýerleşdirildi. Şol makala esaslanyp, biz hem bu aýratynlyklary türkmen okyjylary bilen hem paýlaşmagy makul bildik.
Ilki bilen bu çempionatyň dramatik hadysalara baý bolandygyny nygtamak gerek: eminleriň wideokömekçileri bilen duşuşyklaryň ykbalynyň kesgitlenmegi, garaşylmadyk netijeler bilen nemes, portugal, ispan, argentin... futbolçylarynyň watanyna has ir dolanmagy (hatda dünýä futbolynyň portugal ýyldyzy dünýä çempionatynyň dowam edýän günlerinde çykyş edýän toparyny täzeläp ýetişmegi), ozal setanda-seýranda ady tutulýan käbir futbolçylaryň dünýä ýyldyzlarynyň «ýalkymyny» söndürmegi, Kilian Mbappe, Eden Azar ýaly futbolçylaryň bolsa dünýädäki abraýynyň we transferdäki bahasynyň has artmagy we ş.m.
Biziň size ýetirjek aýratynlyklarymyz bolsa bulardan hem gyzykly. Olar bilen bilelikde tanyşalyňmy?!

1. Bassyr birnäçe çempionatda tapawutlanyp bilen oýunçylaryň sanynyň artmagy. 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda Portugaliýanyň Ispaniýanyň derwezesinden geçiren pökgüleriniň ählisi hem Kriştianu Ronaldonyň adyna ýazyldy. Şeýlelikde, Pele (Braziliýa), Miroslaw Kloze (Germaniýa) ýaly futbolçylardan soň bassyr dört dünýä çempionatynda tapawutlanan nobatdaky futbolçy boldy.

2. Dünýä çempionatynyň bir duşuşygynda üç gezek tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy. Gürrüň ýene-de ýokarda agzalan duşuşyk hakda barýar. Häzirki zaman futbolynyň dünýä ýyldyzy Kriştianu Ronaldo Ispaniýa bilen geçirilen duşuşygyň 88-nji minudyna çenli üç gezek tapawutlandy. Şeýlelikde, ol 33 ýaş 130 günlük netije bilen dünýä çempionatynda bir duşuşykda üç gezek tapawutlanan iň ýaşuly futbolçy boldy.

3. Bir derwezewanyň bir duşuşykda iň köp jerime urgusyny saklamagy. Bu rekord Horwatiýanyň futbol ýygyndysynyň derwezewany Daniel Subaşiçe degişli. Ol Daniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşykda 11 metrlik jerime urgusyndan derwezä gönükdirilen pökgüleriň dördüsini saklap (duşuşygyň ykbaly jerime urgularyndan kesgitlenipdi), rowaýaty nemes derwezewany Herald Şumaheriň 1982-nji we 1986-njy, argentin derwezewan Serjio Goýkoçeýanyň 1990-njy ýyllardaky rekordyny täzeledi.

4. Dünýä çempionatynda çykyş eden iň az ilatly döwlet. Elbetde, Islandiýanyň göz öňünde tutulýandygyny aňan bolsaňyz gerek. Häzirki wagtda 337 müň 669 raýaty bolan Islandiýanyň futbol ýygyndysynyň dünýä çempionatyna gatnaşmagyny geljekde gaýtalanmak mümkinçiligi juda az rekordlaryň hasabyna goşup bileris. Bu babatdaky ozalky rekord Dünýä çempionaty — 2006-a gatnaşan Trinidad we Tabogo döwletine degişlidi. Şol wagt bu döwletde 1,3 million ilat bardy.

5. Ýygyndylaryň öz derwezesine iň köp pökgi geçiren çempionaty. Hasaplanyp görülse, şu çempionatda futbolçylar 12 gezek öz derwezesine pökgi geçiripdirler. «Tersine tapawutlananlaryň» hatarynda ýer eýeleriniň, Braziliýanyň, Awstraliýanyň, hatda finalçy Horwatiýanyň hem futbolçylary bar. 

6. Dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyga çykan emin. Bu rekord hem şu çempionatda goýuldy, özi-de ol goňşy özbegistanly emin Rawşan Irmatowa degişli. Soňky üç dünýä çempionatyna-da gatnaşan emin olarda jemi 10 duşuşyga eminlik etdi.

7. Dünýä çempionatynda tapawutlanan iň uly ýaşly futbolçy. 37 ýaşdan hem 120 gün geçiren panamaly futbolçy felipe Baloý Dünýä çempionatynda tapawutlanan iň uly ýaşly futbolçy boldy. Ol milli ýygyndysynyň Angliýa garşy geçiren duşuşygynda tapawutlanmagy başardy.

8. Finalda şol bir oýunçynyň iki derwezä hem pökgi geçirmegi. Hawa, siziň hem pikir edişiňiz ýaly, Horwatiýanyň hüjümçisi Mario Manjukiç göz öňünde tutulýar. Ol fransuz futbolçylary bilen geçirilen duşuşykda öz derwezesine-de, garşydaş derwezä-de pökgi geçirip, dünýä çempionatlarynyň taryhynda muny «başaran» ilkinji futbolçy boldy.

9. Bir çempionatda iň köp tapawutlanan kapitan. Dünýä çempionaty — 2018-iň iň köp tapawutlanan futbolçysy Harri Keýn şol bir wagtyň özünde Angliýanyň ýygyndysynyň kapitany. Kolumbiýanyň derwezesine bir, Tunisiň derwezesine iki, Panamanyňka bolsa üç pökgi geçiren ýyldyz Diego Maradonanyň (Argentinanyň) 1986-njy we 1994-nji ýyllardaky rekordyny täzeledi.

10. Dünýä çempionatlarynda iň köp tapawutlanmak. Bu rekordy Braziliýanyň ýygyndysy öz elinde saklaýar. Elbetde, brazil futbolçylary watanyna ýene eli boş dolandy. Ýöne olar 1934-nji ýyldan 2008-nji ýyla çenli dünýä çempionatlarynda garşydaş derwezelere jemi 229 pökgi geçirip, rekordy öz elinde saklaýarlar. Olara esasy dalaşgär bolup biljek ýygyndy bolsa Germaniýadyr. Nemes futbolçylary dünýä çempionatlarynda jemi 224 gezek tapawutlandylar.

11. Dünýä çempionatlarynda iň köp ýeňiş gazanmak. Bu rekord hem Braziliýanyň elinde. Olar dünýä çempionatlarynda geçiren 109 duşuşygynyň 73-sinde ýeňiş gazandylar.

12. Dünýä çempionatlaryna iň köp gatnaşan tälimçi. Bu rekordyň eýesi Urugwaýyň baş tälimçisi Oskar Tabaresdir. 1990, 2010, 2014 we 2018-nji ýyllardaky çempionatlara gatnaşan tälimçiniň häzirki kärdeşleriniň arasynda entek Ýer ýüzünde taýy ýok. Has dogrusy ozal bolupdy: Uolter Uinterbott 1950 — 1962-nji ýyllarda Angliýanyň, Helmut Şen bolsa 1966 — 1978-nji ýyllarda Günbatar Germaniýanyň baş tälimçisi bolup, dört çempionata gatnaşypdylar.

13. Bir ýygyndynyň başynda iň köp çempionata gatnaşmak. Bu rekord hem Oskar Tabarese degişli. Ol Urugwaýyň futbol ýygyndysynyň düzüminde dört dünýä çempionatyna gatnaşdy. Umumylykda bolsa ol milli ýygyndynyň başynda 185 duşuşyk geçirdi.

14. Dünýä çempionatyna gatnaşan iň ýaşuly futbolçy. Ol Müsüriň 45 ýaşly derwezewany Essam El-Hadaridir. Dünýä çempionaty — 2018-de milli ýygyndysynyň derwezesini goran derwezewan Saud Arabystanyna garşy duşuşykda 45 ýaşdan hem 161 güni geçiripdi.

15. Iň köp çempionata gatnaşan kapitan. Meksikanyň 39 ýaşly kapitany Dünýä çempionaty — 2002-den başlap, şu çempionata çenli yzygiderli gatnaşdy. Şeýlelikde, ol 17-nji iýunda Germaniýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşykda rekordy täzeledi.

 

Goşmaça:

Iň köp tapawutlanan futbolçylar: Harri Keýn (Angliýa) — 5, Antuan Grizmann (Fransiýa), Romelu Lukaku (Belgiýa) — 4 pökgi.
Jemi geçirilen pökgi: 169 (ortaça, her duşuşyga 2,6 pökgi)
Görkezilen kartlar: sary — 219 (ortaça, her duşuşyga 3,5 sary kart), gyzyl — 4 (ortaça, her duşuşyga 0,006 gyzyl kart)
Oýunçylarynyň biri-birine dürs geçiren pökgüleri: 49651 (ortaça, her duşuşyga 775,8)
Iň netijeli ýygyndy: Belgiýa — 16 pökgi
Hüjümde iň netijeli ýygyndy: Horwatiýa — 352 hüjüm
Birek-birege dürs pökgi geçirmekde iň netijeli ýygyndy: Angliýa — 3336
Goragda iň netijeli ýygyndy: Horwatiýa — pökgi gaýtarmalar, derwezewandan gaýtarma — 301
Derwezä iň köp urgy geçiren futbolçy: Neýmar (Braziliýa) — 27 urgy
Iň ýyndam futbolçy: Iwan Perişiç (Horwatiýa) — sagatda 72 kilometr tizlik
Topardaşlaryna iň köp dürs pökgi geçiren futbolçy: Serhio Ramos — 485
Iň köp pökgi gaýtaran derwezewan: Tibo Kurtua — 27 gezek
Iň köp pökgi geçirilen duşuşyk: Belgiýa — Tunis — 7 pökgi
Derwezä iň köp urgy edilen duşuşyk: Belgiýa — Tunis — 31 urgy
Düzgünleriň iň köp pozulan duşuşygy: Belgiýa — Panama — 8 kart
Iň köp dürs pökgi geçirilen duşuşyk: Ispaniýa — Russiýa — 1235

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar