Soňky habarlar

Arhiw

Futbolda nädip gazanç edýärler

0
50144

Futbol, bu ýöne bir sport dälde, eýsem uly ykdysadyýeti bolan, giň möçberde sport çäreleri gurnaýan, sport harytlaryny  we mahabaty ýerleýän, maliýe hemaýatkärleri bolan, industriýa.

Bu günler dünýä ýüzünde futbol baýramy bellenýän günlerde, dünýädäki köpçülikleýin  habar beriş serişdeleri, şol sanda Turkmenportal hem dünýa çempionatynyň geçirilýän ýerinden fotoreportažlary, täzelikleri ýaýlymla berýär.  Biz size bu makalada futbol ýa-da futbolçylar barada gürrüň bermän, üýtgeşiklik bolsun diýip, dünýäde iň köp oýnalýan we meşhur sport görnüşleriniň biri futboluň hem-de futbol klublarynyň ykdysadyýetiniň gurnalyşy, hem - de olaryň gazançlary barada gürrüň bermekçi.

Futboluň ýokary guramasy

Dünýäde futboly gurnaýan we alyp barýan iň ýokary halkara guramalarynyň biri, bu Futboluň Halkara Federasiýasy (FIFA). FIFA 1904-nji ýylyň maý aýynyň 21-ne Pariž şäherinde döredilýär. Guramanyň iň ýokary geňeşi, FIFA-nyň kongresi diýlip atlandyrylýar ol hem öz gezeginde futbol federasiýalaryndan düzülendir.

FIFA-nyň birinji ýaryşlary 1906-njy ýylda geçirilip başlanýar, emma ýaryşlar meşhurlyga eýe bolmaýar. 1929-njy ýyla çenli FIFA, bir näçe meýletinçilerden ybarat bolup, hatda onuň öz belli bir ýerleşýän ýeri hem bolman, onuň baýragynyň aşagynda uly ýaryşlar geçirilmeýär.

FIFA-nyň maliýe gurnalşy

Ilki başda milli ýygyndylar FIFA -nyň gaznasyna 50 fransuz franky möçberinde agzalyk tölegini geçirip başlaýarlar. Ilkinji gezek 1966 ýylda Angliýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda takmynan 12 million girdeji gazanyldy diýlip resmileşdirilýär. Oýunlar mundan beýläk geçirilýän çäreleriň girdejisi birden artyp, çykdajylaryň öwezi dolunyp peýda getirip başlaýar. 2000 - nji ýyllaryň başyna bolsa, futbol oýuny milliardlap gazanç getirýän güýmenje industriýasyna öwrülýär. FIFA-nyň ýenede bir gazanç getirýän çeşmesiniň biri, oýun çykarýan kompaniýalary bilen baglaşylan şertnamalary esasynda kompýuter oýunlarynyň önümçiliginden.

Futbol boýunça dünýä çempionaty

Statistika boýunça dünýä çempionaty ýaly uly möçberdäke sport çäresi, 3.5 milliard ýewro möçberinde girdeji getirýär.

  • 57% - Satylan teleýaýlymlardan 2 milliard ýewro;
  • 43% - Satylan petekler, mahabat we marketing girdejilerden 1.5 milliard ýewro;

Düzgün boýunça, FIFA-nyň paýy gazanylan girdejiniň 10% göterimi ýagny 350 million ýewro möçberde bolup galan 90% bolsa onyň düzümine girýän futbol federasiýalarynyň arasynda paýlanýar.

Ýaryşy geçirýän ýurt üçin bolsa, çäräniň täsiri örän uly bolup durýar. Infrastruktura uly möçberde maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar, şol sanda sport  desgalary, aeroportlar, telekomunikasiýa torlary, transport ulgamy täzelenýär we ş.m. Eger ýagdaýy suratlandyryp aýtsak çäre döwletiň mahabaty bolýar.

  

  • Futbolyň dünýä çempionatyna ortaça 1.5 million adam gatnaşýar;
  • Futbolyň dünýä çempionatynyň teleýaýlymyny ortaça 3 milliard adam seredýär, bu bolsa, ýer şarynyň ilatynyň ýarsydyr;

Bu gökeziji döwleti halkara dejesinde abraýyny artdyrýar soňlugy bilen bolsa turizmiň ösmegine getirýär. Maýa goýumlar, ýaryşdan soň usazkmöhletleýin döwürde girdeji getirýär hem-de soňky ýyllarda ýurdyň sport medeniýetine uly täsirini ýetirýär.

Futbol klublarynyň girdeji çeşmeleri

- Futbol çäreleriň teleýaýlymyny satmakdan alynan girdeji;
- Egin-eşikleriň titulynda ýerleşjek mahabat şertnamalaryndan alynan girdeji;
- Klubyň futbolkasyny we oýun harytlaryny satmakdan alynan girdeji;
- Ady belli brendler bilen hyzmatdaşlyk we hemaýatkärlik şertnamalardan;
- Futbol federasiýalary tarapyndan geçirilýän ýaryşlarda utukdan alynýan baýraklardan;
- Geçirilýän duşuşyk oýunlaryndan, bilet satmakdan we gaýry täjirçilik işinden alynýan girdejiler.

2018-nji ýylyň başyna iň gymmat futbol klublary we futbolçylar

Futbol klublarynyň maliýe hasabatlaryny çap edýän «Deloitte» auditor kompaniýasynyň, «Deloitte Football Money League 2018» atly hasabatynda, geçen möwsümde jemi girdejisi 2 milliard ýewro bolan 3 sany iň gymmat klublar yzygiderlikde.

«CIES' Football Observatory» bellemegine görä, häzirki wagtda 4 sany iň gymmat oýunçylar, yzygiderlikde

1. Harri Keýin “Tottenhem” klubynyň oýunçusy bahasy 201.2 million  ýewro;
2. Neýmar “PSŽ” klubynyň oýunçysy bahasy 200.5 million ýewro;
3. Mbappe “PSŽ” klubynyň oýunçysy bahasy 186.5 million ýewro;
5. Messi “Barselona” klubynyň oýunçysy bahasy 184.2 million ýewro;
....

20.“Real Madrid” klubynyň oýunçysy Ronaldu bolsa sanawyň 20-nji ýerinde bahasy 110.4 million ýewro.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar