TÝL — 2018: 13-nji tapgyr gysga makalalarda

0
1782

Ýeňiş tertibi = ýaryş tertibi

Tapgyrda «Şagadamyň» 6-njy, «Energetigiň» 5-nji, «Merwiň» 4-nji ýeňşini gazanmagyndan soň, şu möwsümde iň köp ýeňiş gazanan toparlaryň sanawy ýaryş tertibindäki ýagdaý bilen deňleşdi. Ýagny, bu sanawyň hem başyny «Ahal» bilen «Altyn asyr» çekýär, soňuny bolsa «Köpetdag» bilen «Balkan» jemleýär.
Yzda galan 13 tapgyryň duşuşyklaryndan soňra, möwsümde iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawy şeýle:
«Ahal» 7
«Altyn asyr» 7
«Şagadam» 6
«Aşgabat» 5
«Energetik» 5
«Merw» 4
«Köpetdag» 3
«Balkan» 1

Deňliklerdäki deňeçerlik

Tapgyrda «Aşgabat» bilen «Ahalyň» deňme-deň oýnamagyndan soňra, şu möwsümde duşuşyklary deňlik hasap bilen tamamlanan toparlaryň sanawynda hem özboluşly deňeçerlik emele geldi. Has takygy, 13-nji tapgyrdan soň, Ýokary liganyň 5 wekilinde 3 deňlik, galan 3 wekilinde bolsa 1 deňlik bar.
Iň köp duşuşygy deňme-deň hasap bilen tamamlanan toparlaryň sanawy şeýle:
«Energetik» 3
«Köpetdag» 3
«Merw» 3
«Ahal» 3
«Aşgabat» 3
«Şagadam» 1
«Altyn asyr» 1
«Balkan» 1

10 tapgyrdan soň ýene 4 gol

13-nji tapgyrda geçirilen dört duşuşykda derwezelere bary-ýogy 4 gol girdi. Şolaryň ikisi bir, galan ikisiniň bolsa her haýsy bir duşuşyga degişlidir.
Mundan öň diňe 3-nji tapgyr 4 duşuşyk bilen tamamlanypdy. Her niçik hem bolsa bu tapgyrlar möwsümiň iň az golly tapgyrlary-ha däl. Ýöne diňe häzirlikçe. Iki duşuşygy soňa süýşürilen 11-nji tapgyrda häzirlikçe 2 gol bar.
Ýeri gelende aýtsak, möwsümiň iň golly tapgyrlary bolan 1-nji we 6-njy tapgyrlar 14 gol bilen tamamlanypdy.
Şeýlelikde, Ýokary liganyň 26-njy möwsüminde geçirilen gollaryň umumy sany 115-e çykdy. Bu her tapgyra ortaça 8,8 gol diýmekdir.

«Merw» — «Köpetdag» — 2:0.
Gollar:
Serdar Annamämmedow 40', Toýly Goçnazarow 42'.

«Merwde» Annamämmedow — Goçnazarow şou

Serdar Annamämmedow bilen Toýly Goçnazarow soňky iki tapgyrda (8-nji tapgyryň süýşürilen duşuşygy bilen 13-nji tapgyr göz öňünde tutulýar) «Merwiň» gol ýüküni egnine alan futbolçylardyr. «Merw» soňky iki duşuşygynda garşydaş derwezelere 4 gol geçiren bolsa, bu futbolçylar şol gollary iki-ikiden paýlaşdylar. Geçen tapgyrda Ýokary ligada ilkinji goluny geçiren Serdar Annamämmedowyň bassyr iki duşuşykda tapawutlanmagy bolsa ünsi çekerlik ýagdaýdyr. Kim bilýär, Ýokary ligada ýene bir ýyldyz dogup gelýändir!
Toýly Goçnazarow bolsa möwsümdäki gollarynyň sanyny 4-e çykaryp, «Şagadamdan» Begenç Annagurbanow, «Aşgabatdan» Ilýas Minhairow we «Ahaldan» Guwanç Abylow bilen birlikde bombardirlik ýaryşynda ilkinji üç orna talap salýar. «4-lükçiler» häzirlikçe dördünji orny paýlaşýarlar.

Nirde oýnalanda-da, şol bir hasap

«Köpetdag» bilen «Merw» 6-njy tapgyrda-da duşuşypdylar. Şol duşuşyk hem «Merwiň» 2:0 hasabyndaky üstünligi bilen tamamlanypdy. Bir tapawutly tarapy, gollaryň ikisini hem Begenç Alamow geçiripdi. Şeýlelikde, şu ýyl:
«Merw» — «Köpetdag» — 4:0.
Duşuşyklarda iki gezek tapawutlanyp bilen ýeke-täk futbolçy Begenç Alamow.

«Balkan» — «Şagadam» — 0:1.
Gol:
Alibek Abdyrahmanow 47'.

«Şagadam» — kerweniň üçünjisi

Tapgyrda «Aşgabadyň» «Ahal» bilen deňme-deň oýnap, utuk ýitirmesinden soň, Balkan derbisinde ýeňiş gazanan «Şagadam» 10 oýundan 19 utuk toplap, ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. Geçen ýyl hem möwsümi bürünç medal bilen tamamlan «kenarlylar» ýaryşyň lideri «Ahaldan» 5, ikinji orundaky «Altyn Asyrdan» bolsa 3 utuk yzda.
Ýaryş tertibi şu ýagdaýda:
«Ahal» 11/24
«Altyn asyr» 10/22
«Şagadam» 10/19
«Aşgabat» 13/18
«Energetik» 13/18
«Merw» 13/15
«Köpetdag» 13/12
«Balkan» 11/4

Ýeňiş ýene «kenarda» galdy

6-njy tapgyrdaky Balkan derbisinde hem «Şagadam» ýeňiş gazanypdy. Özem, ol ýeňiş has gabarakdy. «Kenarlylar» «nebitçileriň» derwezesine jogapsyz 4 gol geçiripdiler. Şeýlelikde, iki aýlawyň netijesi boýunça:
«Şagadam» — «Balkan» — 5:0.
Iki gezek tapawutlanan futbolçy: Hemra Amanmämmedow («Şagadam»).

«Energetik» — «Altyn asyr» — 1:0.
Gol:
Guwanç Gurbangulyýew 83'.

«Energetik» — Ýokary ligada iň kän utuk toplan 14-nji topar

Şu tapgyrda gazanan garaşylmadyk ýeňşi bilen, «Energetik» Ýokary ligada iň kän utuk toplan toparlaryň sanawynda ornuny bir basgançak ýokarlandyryp, 14-nji orna çykdy. Öň bu orunda 145 utuk bilen «Dagdan» topary bardy. Eger «Energetik» ýeňişlerini ýene hatarlap bilse, 13-nji orun hem uzakda däl. Çünki 13-nji orundaky «Talyp sporty» Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 151 utuk toplap bilipdi. Diýmek, «talyplaryň» sanawdaky ornuny almak üçin «energetiklere» iki ýeňiş hem ýeterlik bolar.
Maglumat hökmünde, bu sanawyň başynda 1381 utuk bilen «Balkanyň» bardygyny ýatladýarys. Ýokary ligada çykyş eden möwsüminde bary-ýogy 3 utuk toplan bilen Baýramaly şäheriniň «Umyt» topary bolsa sanawy jemleýär.

Aşgabatda arzuw, Maryda myrat

6-njy tapgyrda Aşgabatda geçirilen duşuşykda «Energetik» «Altyn  asyrdan» 0:3 hasabynda ýeňlipdi. Bu gezek bolsa tersine boldy. Belki, «Altyn asyr» ýaly garşydaş bilen oýnaýarkaň, esasy zat köp gol geçirip däl-de, utup «aryňy almakdyr». «Energetik» şony hem başardy. Ýöne umumy netijede bolsa entek hem «Altyn asyr» öňde.
Iki aýlawyň netijesi boýunça:
«Altyn asyr» — «Energetik» — 3:1.
Duşuşyklarda bir gezekden köp tapawutlanan futbolçy ýok.

«Aşgabat» — «Ahal» — 0:0.

«Aşgabat» «deňlikçileriň» sanawynda bir basgançak ýokary çykdy

Ýokary ligada 63 gezek deňme-deň hasap bilen duşuşyk geçiren «Aşgabat» iň köp duşuşygy deňlik bilen tamamlanan toparlaryň sanawynda bir basgançak ýokary galyp, 8-nji orna çykdy. Öň topar bu orny türkemn futbolynyň rowaýaty toparlarynyň biri «Nisa» bilen paýlaşýardy. Täsin tarapy, sanawyň ýedinji basgançagynda «Aşgabadyň» şu duşuşykdaky garşydaşy «Ahal» bar. Ligadaky deňlik bilen tamamlanan duşuşyklarynyň sany 78-e çykan «Ahal» bu görkeziji bilen başga altynjy orun üçin bir rowaýaty topara — HTTU-a bäsdeş boldy. HTTU hem Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 78 duşuşygyny deňlik hasap bilen oýnapdy. 
Ýeri gelende aýtsak, liganyň iň «deňlikçi» topary «Merwdir». Toparyň şu wagta çenli 141 duşuşygy deňlikde tamamlandy. Ikinji orny 118 duşuşyk bilen «Şagadam», üçünji orny ondan dört deňligi az bolan «Balkan» eýeleýär.

Dörtden-ä geçdik, hany, biri nirde?

Biler bolsaňyz, 6-njy tapgyrda «Ahal» «Aşgabadyň» derwezesinden 4 gol geçiripdi. Toparyň täze transferi Guwanç Abylow bolsa möwsümdäki 4 golunyň 3-sini şu duşuşykda geçiripdi. Bu gezek bolsa...
Bize diňe «Aşgabady» gutlaýmak galýar.
Iki aýlawyň netijesi boýunça:
«Ahal» — «Aşgabat» — 4:1.
Üç gezek tapawutlanan futbolçy: Guwanç Abylow («Ahal»).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar