TÝL — 2018: 8-nji tapgyryň galdyrylan duşuşyklary gysga makalalarda

0
1642

Öň 2-di, indi 12

8-nji tapgyryň ozal geçirilen iki duşuşygynyň her haýsynda derwezelere bir pökgi geçirilipdi. Has takygy, «Aşgabat» paýtagtda geçirilen duşuşykda «Balkany» 1:0 hasabynda ýeňen bolsa, «Şagadam» hem myhmançylykda «Energetikden» hut şu hasap bilen üstün çykdy. Şeýlelikde, 8-nji tapgyr yzda galan 12 tapgyryň arasynda iň az golly iki tapgyryň biridi. Indi bolsa tapgyr bu sanawda 9-njy tapgyr bilen birlikde ikinji orny paýlaşýar. Has takygy, galdyrylan duşuşyklaryň ikisi hem 5 gol bilen tamamlandy.

 

Möwsümde iň kän gol geçirilen tapgyrlar:

1. 1-nji we 6-njy tapgyrlar — 14 gol;

2. 9-njy we 8-nji tapgyrlar — 12 gol;

3. 4-nji we 7-nji tapgyrlar — 10 gol;

...

 

Meňzeşlik

«Altyn asyr» bilen «Ahalyň» AFK-nyň kubogynyň duşuşyklaryna gatnaşandygy sebäpli, bu iki toparyň çempionatda birinji aýlawda meýilleşdirilen duşuşygy hem soňa süýşürilipdi. Şol duşuşyklar hem soňra bir günde geçirilip, iki duşuşyk hem 6 gol bilen tamamlanypdy. Ikisinde-de «Ahal» bilen «Altyn asyr» ýeňiş gazanypdy. Hatda, «Aşgabat» bilen «Şagadam» hem «Balkandyr» «Energetigi» 1:0 hasabynda ýeňipdiler.

Bir tapawut, bu gezek duşuşyklar 5 gol bilen tamamlandy.

 

Maglumatlara has takyk göz ýetirmek üçin:

1-nji tapgyryň duşuşyklary:

 

«Balkan» — «Aşgabat» — 0:1.

Gol:

0:1, Azady Annadurdyýew, 54'.

 

«Şagadam» — «Energetik» — 1:0.

Gol:

1:0. Döwlet Baýramow 62'.

 

«Ahal» — «Merw» — 5:1.

Gollar:

1:0, Güýçmyrat Annagulyýew 16'

1:1, Ilýa Tamurkin 28'

2:1, Süleýman Muhadow 63'

3:1, Süleýman Muhadow 74'

4:1, Süleýman Muhadow 77'

5:1, Yhlas Saparmämmedow 80'.

 

«Altyn asyr» — «Köpetdag» — 5:1.

Gollar:

1:0, Myrat Ýagşyýew 4' (11 m.j.u.)

2:0, Altymyrat Annadurdyýew 31'

3:0, Altymyrat Annadurdyýew 52'

4:0, Altymyrat Annadurdyýew 58'

4:1, Öwezbaý Muhammetmyradow 66'

5:1, Gurbangeldi Sähedow 66'.

 

 

 

«Merw» — «Ahal» — 2:3.

Gollar:

Serdar Annamämmedow 4', Toýly Goçnazarow 10' — Süleýman Muhadow 3', Myrat Annaýew 42', Guwanç Abylow 79'.

 

«Merw» Ýokary ligada 750-nji duşuşygyny geçirdi

Netijesi garşydaş toparyň haýryna bolsa-da, şu duşuşyk «Merwiň» Ýokary ligadaky 750-nji duşuşygydyr. «Merw» milli çempionatymyz döredileli bäri gatnaşyp gelýän iki toparyň biri. Şonuň üçin onuň duşuşyklarynyň sany «Balkan» bilen deňeçer. «Balkan» hem ätiýaçdaky iki duşuşygyny geçirse, oýunlaryň sany boýunça «Merw» bilen deňleşer.

Bu sanawda üçünji orun Daşoguzyň «Turan» toparyna degişli. Bu möwsümde çempionata gatnaşmaýan «demirgazyklylar» Ýokary ligada 647 duşuşyk geçiripdi. Ýöne ýene üç duşuşykdan soň, «Şagadamyň» üçünji orna geçjekdigini hem ýatladýarys. Kenarýaka şäheriň toparynda häzire çenli 645 duşuşyk bar.

 

«Merw» Ýokary ligada iň kän utulan ikinji topar

Ýubileý duşuşygynda «Merw» üçin ýene bir ýakymsyz täzelik geldi. Şu gezekki utulyş bilen Mary şäheriniň topary Ýokary ligada iň kän utulan toparlaryň sanawynda ikinji orna çykdy. Sanawyň başyny çekýän «Turanda» 393 utulyş bar bolsa, «Merwiň» utulan oýunlarynyň sany 290-a çykdy. «Öz ornuny» «Merwe» beren «Lebap» bolsa Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda jemi 289 gezek utulypdy.

Ýeri gelende aýtsak, bu sanawda «Ahal» 4-nji (260), «Şagadam» 5-nji (257), «Balkan» 6-njy (197), «Köpetdag» 7-nji (155), «Aşgabat» 8-nji (128), «Altyn asyr» 11-nji (70), «Energetik» bolsa 15-nji (51) orunda.

 

 

 

«Köpetdag» — «Altyn asyr» — 1:4.

Gollar:

Pirmyrat Sultanow 41' — Selim Nurmyradow 18', Serdar Annaorazow 51', Altymyrat Annadurdyýew 70', 83'.

 

«Altyn asyr» 20 utukdan geçen ikinji topar

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 8-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygynda «Köpetdagy» 4:1 hasabynda ýeňen «Altyn asyr» şu möwsümde 20 utukdan geçen iki topar boldy. «Aragatnaşykçylar» möwsümdäki 9-njy duşuşygynda utugyny 22-ä çykaryp, «Ahal» bilen çempionlyk göreşini dowam etdirmäge hukuk gazandylar.

«Altyn asyrdan» bir duşuşyk kän geçiren «Ahalyň» bolsa 23 utugy bar. 20 utuklyk sepgide ýetmäge indiki iň ýakyn topar «Aşgabat». Paýtagtyň adybir toparynyň 12 duşuşykdan 17 utugy bar.

 

Ýaryş tertibi:

1. «Ahal» 10/23

2. «Altyn asyr» 9/22

3. «Aşgabat» 12/17

...

 

Altymyrat Annadurdyýew — bombardirlik ýaryşynyň lideri

Ýokary ligada 8-nji tapgyryň galdyrylan duşuşygynda iki gezek tapawutlanan «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew möwsümdäki gollaryny 7-ä çykaryp, iň köp pökgi geçiren futbolçylaryň sanawynda birinji orna çykdy. Futbolça AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutlanan wekilimiz bolmak başartsa-da, entek Ýokary liganyň hiç bir möwsümini bombardirlik bilen tamamlamak eýgertmändi. Göreliň, ol bu ýyl bu sepgide ýetip bilermikä?

Ýeri gelende aýtsak, milli çempionatymyzyň geçen ýylky iň köp tapawutlanan futbolçysy Myrat Ýagşyýew häzire çenli 3 gol geçirip, alty futbolçy bilen birlikde bäşinji orny paýlaşýar.

 

TÝL — 2018: iň kän tapawutlanan futbolçylar:

1. Altymyrat Annadurdyýew, «Altyn asyr», 7 gol.

2. Süleýman Muhadow, «Ahal», 6 gol.

3. Rahmet Şermetow, «Energetik», 5 gol.

...

 

«Altyn asyr» möwsümde 20 gol geçiren ilkinji topar

Myhmançylykdaky 4:1-lik ýeňişden soň, «Altyn asyr» şu möwsümde 20 gol geçiren ilkinji topar boldy. 12 tapgyrda geçiren 9 duşuşygyndan soňra, «aragatnaşykçylaryň» gollarynyň sany 22-ä çykdy.

«Ahal» bolsa esasy bäsdeşinden 3 gol yzda barýar. Çempionatda iň az gol geçiren topar bolsa ýaryş tertibiniň iň soňky ornundaky «Balkandyr». «Nebitçiler» 10 duşuşykda 8 gol geçirip bildiler.

 

Iň köp gol geçiren toparlar:

1. «Altyn asyr», 22 gol;

2. «Ahal», 19 gol;

3. «Aşgabat», 14 gol;

...

 

Annadurdyýew «Altyn asyrda» hem dubl, hem het-trik eden ilkinji futbolçy

Gürrüň şu möwsüm barada barýar. 1-nji tapgyryň duşuşygynda edil şu topara — «Köpetdaga» 3 gol geçiren Altymyrat Annadurdyýew üstünligini ýene-de tas-kem gaýtalady. Ol häzir «Altyn asyryň» düzüminde hem het-trik, hem-de dubl edip bilen ýeke-täk futbolçydyr.

Mahlasy, A.Annadurdyýew şu möwsümdäki 7 golunyň 5-sini «Köpetdagyň» derwezesinden geçirdi.

Möwsümiň dublçularynyň sanawynda «Şagadamdan» Hemra Amanmämmedow, Begenç Annagurbanow, «Energetikden» Rahmet Şermetow, «Merwden» Toýly Goçnazarow dagylar bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar