Tapgyryň umumy aýratynlyklary:
Birinji aýlaw tamamlandy: 7-nji tapgyr birinji aýlawyň iň soňky tapgyrydyr. Ýöne tapgyrda ätiýaçlykda galan käbir duşuşyklaryň bardygyny ýatladýarys.
Golçular 40-dan geçdi: Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçiren Ilýa Klimenko («Balkan») şu möwsümde tapawutlanan 41-nji futbolçy boldy.
Indi ýeňip görmedik ýok: Tapgyrda «Köpetdagyň» «Balkany» ýeňmegi bilen Ýokary liganyň 26-njy möwsüminde ýeňiş gazanmadyk ýekeje topar hem galmady. 8 toparyň bäşisinde 3, üçüsinde 1 ýeňişden bar.
Deňliksiz diňe «Balkan»: Tapgyrda «Altyn asyryň» hem ilkinji deňme-deň oýnuny geçirmeginden soňra, şu ýyl duşuşyklary deňlik bilen tamamlanmadyk topar diňe «Balkan» galdy. «Nebitçiler» yzda galan 6 duşuşykda ýa ýeňdiler, ýa ýeňildiler.
7-nji tapgyrda 7 gol: Tapgyrda derwezelere 7 gol geçiriler. Ýöne entek ätiýaçda bir duşuşyk bar.
62 gol: Şu tapgyrdan soň Ýokary liganyň 26-njy möwsüminde geçirilen gollaryň sany 62-ä çykdy. Her tapgyra 8,8 goldan düşýär.
«Balkan» — «Köpetdag» — 2:3.
Gollar:
0:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew 14
1:1, Azat Garajaýew 22
1:2, Ýakup Maksatow 49
1:3, Ilýa Salow 83
2:3, Ilýa Klimenko 90.
Ornuny çalyşdylar: «Altyn asyryň» çempionlyk tapgyryndan öň yzygider çempionlyklary bilen Ýokary ligany «elinde saklan» «Balkanyň» bu ýyl iň soňky orna çenli düşmegi hem gynandyryjy, hem täsin. «Köpetdag» bolsa şu tapgyrda ilkinji ýeňşini gazanyp, ýaryş tertibiniň ýedinji ornuna çykdy.
Alty duşuşygyň bäşisi...: Şu ýyl geçiren 6 duşuşygynyň bäşisinde ýeňlen «Balkan» möwsümde iň köp ýeňlen toparlaryň sanawynda «birinji orunda».
Üç futbolçynyň ilkinji goly: Duşuşykda soňky gollary geçiren üç futbolçy hem möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.
Goragçy — bombardirlik ýaryşynda ikinji: Duşuşykda «Balkanyň» ilkinji goluny geçiren tejribeli goragçy Azat Garajaýew şu möwsümde 3 gol bilen bombardirlik ýaryşynda ikinji orna çykdy. Ýöne ol bu orny «Ahalyň» ýarym goragçysy Guwanç Abylow bilen paýlaşýar.
Bir duşuşyk — 5 gol: Bu duşuşyk Ýokary liganyň şu möwsüminiň iň kän golly duşuşyklarynyň biri boldy. Mundan öň iki duşuşyk 6, iki duşuşyk hem 5 gol bilen tamamlanypdy.
«Aşgabat» — «Şagadam» — 2:0.
Gollar:
1:0, Pirmyrat Gazakow 51
2:0, Ilýas Minhairow 61.
Ikisiniň hem ikinji goly: «Aşgabadyň» şu tapgyrda tapawutlanan futbolçylarynyň ikisi hem möwsümdäki ikinji goluny geçirdi.
Bir ligada 360 duşuşyk: «Aşgabat» futbol toparynyň Ýokary ligada geçiren duşuşyklarynyň umumy sany 360-a tegelendi. Şeýlelikde, topar «Nisanyň» geçiren oýunlarynyň sanyndan öňe saýlanyp, Ýokary ligada iň kän duşuşyk geçiren toparlaryň sanawynda 9-njy orna çykdy. 8-nji basgançakda HTTU bar. Talyplar topary Ýokary ligada çykyş eden ýyllarynda 390 duşuşyk geçiripdi.
555: Bu owadan san «Aşgabadyň» Ýokary ligada geçiren umumy gollarynyň mukdary.
«Merw» — «Altyn asyr» — 0:0.
Deňlik — birinjilige şäriklik: Bu deňlikden soň, «Merw» utugyny 11-e çykaryp, «Ahal» bilen birinji orny paýlaşdy.
Birinjilik häzirlikçe uzakda: Iki tapgyrda 5 utuk ýitiren «Altyn asyr» möwsümde geçiren duşuşyklarynyň umumy sanyny esasy bäsdeşi «Ahalyňky» bilen deňledi, ýöne utuk babatynda welin «aragatnaşykçylar» bir basgançak yzda. Toparlaryň ikisi hem 7 tapgyrda 5 duşuşyk geçirse-de, «Ahalda» 11, «Altyn asyrda» 10 utuk bar.
Ilkinji deňlik: Mundan öň «Ahal» bilen geçiren duşuşygynda şu möwsümde ilkinji gezek utulan «Altyn asyr» bu gezek ilkinji deňlik bilen didarlaşmaly boldy.
140-njy deňlik: Ýokary ligada deňlikde geçiren duşuşyklarynyň sany 140-a çykan «Merw» deňme-deň duşuşyklaryň sany boýunça çempionatda çykyş eden ähli toparlaryň arasynda birinji orunda. Ikinji orundaky «Şagadamyň» 118 deňligi bar.
«Energetik» — «Ahal» (Geçirilen 23.05.2018 ý.)
Liderlige hiç kim azar bermedi: Birinji orna geçip biläýjek toparlaryň tapgyrda utuk ýitirmegi «Ahalyň» eýeleýän ornunyň — birinjiligiň ýene-de özünde galmagyna sebäp boldy.