Arhiw

TÝL - 2018: 6-njy tapgyrdan soň hasaplamalar

0
2199

Tapgyryň esasy aýratynlyklary:

6 golçy goşuldy: Şu tapgyrda 6 futbolçy möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi. Indi möwsümde tapawutlananlaryň sany 37-ä çykdy.
Iki topar 10 utuga ýetdi: 6-njy tapgyrdan soň çempionatymyzda iki topar («Merw» we «Şagadam») şu möwsümde 10 utuk gazanan ilkinji toparlar boldy.
1-nji tapgyra şärikdeş — 14 gol: Üç duşuşygy uly hasap bilen jemlenen tapgyrda derwezelere 14 gol geçirildi. Mundan ozal diňe birinji tapgyrda 14 gol bardy.
Meýdan kimiňki — ýeňiş şonuňky: Tapgyrdaky üç duşuşykda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ýer eýesi hökmünde çykyş eden toparlar myhman toparlaryň derwezesine jemi 11 gol geçirdiler. 

«Köpetdag» — «Merw» — 0:2.
Gollar:
0:1, Begenç Alamow (11 m.j.u.)
0:2, Begenç Alamow.

«Şagadam» — «Balkan» — 4:0.
Gollar:
1:0, Begenç Annagurbanow 24'
2:0, Melis Ryzaýew 43'
3:0, Hemra Amanmämmedow 51'
4:0, Hemra Amanmämmedow 65'.

«Şagadamda» Begenç bilen Melis bar: Bu iki futbolçy kenarýaka şäheriň toparynyň soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandylar.
Üçüsinde-de iki gol: «Şagadamyň» şu tapgyrda tapawutlanan futbolçylarynyň üçüsinde-de möwsümde iki gol bar.
Amanmämmedowyň 80-nji sepgidi: Hemra Amanmämmedow şu tapgyrdaky dubly bilen Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri geçiren gollarynyň sanyny 80-e çykardy.
Möwsümdäki ilkinji dubl: Möwsümde üç het-trik bar (üçünjisi Guwanç Abylowyň şu tapgyrdaky het-trigi), ýöne heniz dubl ýokdy. Indi o-da boldy.
«Şagadam» 1000-nji utuga sary ýola düşdi: Şu tapgyrdaky ýeňişden soň, «Şagadamyň» Ýokary ligada gazanan jemi utugy 901-e çykdy.

«Ahal» — «Aşgabat» — 4:1.
Gollar:
1:0, Guwanç Abylow 2'
2:0, Guwanç Abylow 53;
2:1, Dawid Sarkisow 84'
3:1, Guwanç Abylow 90+1'
4:1, Begenç Akmämmedow 90+2'.

Liderlikden bäşinjilige çenli: Möwsüme ýokary depginde başlap, başdaky iki-üç tapgyrda liderligi hiç kime bermedik «Aşgabat» bu tapgyrdaky utulyşdan soň ýaryş tertibiniň bäşinji ornuna çenli aşak gaçdy.
Bir duşuşykda ikinji orunda: Şu duşuşykda 3 gezek tapawutlanan Guwanç Abylow diňe şu gollary bilen möwsümiň bombardirleriniň sanawynda ikinji orna geçdi. Birinji orunda bolsa 4 gol bilen Guwanjyň topardaşy Süleýman Muhadow hem-de «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew bar.

«Altyn asyr» — «Energetik» — 3:0.
Gollar:
1:0, Begmyrat Baýow 12'
2:0, Gurbangeldi Sähedow 52'
3:0, Mihail Titow 87'.

Futzalçy futbola-da uýgunlaşýar: Şu möwsüme çenli futzal oýnap, geçen ýyl «Aşgabat 2017-niň» türkmenistanly ýyldyzlarynyň birine öwrülen Gurbangeldi Sähedow «Altyn asyryň» Ýokary ligada geçiren soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandy.
110-njy duşuşyk: Utulyş bilen tamamlanan bolsa-da, bu duşuşyk «Energetik» üçin ýubileý. Topar Ýokary ligada 110-njy duşuşygyny geçirdi.
Salam, 600: Şu tapgyrdaky ýeňiş bilen, «Altyn asyr» Ýokary ligadaky utuklarynyň sanyny 600-e tegeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar