Soňky habarlar

Arhiw

Myrat Annaýew: «3:1 hasaby hiç hili tötänlik däl!»

0
2481

AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky tapgyrynda paýtagtymyzyň “Ahal” topary Bişkegiň sowuk howasynda gyzgyn netije gazandy. Röwşen Meredowyň şägirtleri Gyrgyz respublikasynyň wekili “Dordoýy” 3:1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden geldiler. Bu oýunda iki goluň awtory bolmagy başaran “Ahalyň” we Türkmenistan milli ýygyndysynyň hüjümçisi Myrat Annaýew bilen gysgaça söhbetdeşlik: 

−Myrat, birinji oýundaky ýeňşiňiz bilen gutlaýas. Höwri köp bolsun! Aňsat geçmedik oýunda gowy netije gazanmak ýeňil düşmedik bolsa gerek, umuman oýun hakyndaky pikirleriňizi aýdaýsaňyz.

−Oýun garaşylyşy ýaly, çekeleşikli geçdi. Meýdanyň her ädimi däl, her garşy üçin göreşildi diýseň ýerlikli bolar. Özüňizem görensiňiz,  iki toparam derwezäniň öňünde birnäçe howply pursatlary döretmegi başardy. Meýdançanyň doňakdygy oýunçylaryň özlerini doly açyp görkezmegine päsgelçilik berenem bolsa, bu  amatsyz şertiň iki tarapa-da deňdigini bellemeli. Ýöne şowlulyk biziňkilik boldy, ýagny Bişkekde  biz meýdan eýesi bolmasagam, amat eýesi bolduk diýip bolar.

−Topara ýeňiş getiren goluň ikisinem öz adyňyza ýazdyňyz...

−Futbol−toparlaýyn oýun. Ondaky her hüjüm toparlaýyn gurnalýar. Gollaram toparymyzyň goly, menem öz borjumy ýerine ýetirdim. Birinji golda “Dordoýyň” jerime meýdançasyndaky açyk galdyrlan ýerinden girdik, ikinjisem, garşylyklaýyn  hüjüm esasynda. Möwsümiň ilkinji resmi oýnunda, onda-da  şeýle möhüm halkara oýundaky goly meniň adyma ýazylmagyna ýardam beren topardaşlaryma sag bolsun aýdýan.

−Myrat, umuman 3:1 netijä garaşypmydyňyz, ýa ol siz üçin tötänlikmi? 

−Ýok, 3:1 hasaby hiç hili tötänlik däl. Bu oýunda amat bir topara gülip bakdy, beýlekiniňki çüwmedi diýseň bolar. Çünki amat gelmedi diýip, haçan-da derwezä edilen yzygiderli hüjümler paşmadyk ýagdaýynda aýdylýar. Amat gelende bolsa, şol derwezä edilen hüjümler gola aýlanýar. Tötänlik diýibem, haçan-da hüjüm diýip atlandyrybam bolmajak top uzatmalardan gol geçirilse, ýagny sebäbini, oýun gurnaýyş usulyny  düşündirip bolmajak ýagdaýlara aýtsa bolar.  Men islendik hasaba garaşypdym, soň nädip tötänlik diýeýin. Bu bir oýun, öňünden kesgitlemek kyn.

− Balkanabatda jogap oýny bar, bu hakda näme diýip bolar?

−Bu−“Häli hemmesi däl” diýildigi. “Dordoý” islendik meýdanda ullakan şowhun döretmegi başarjak derejedäki güýçli topar. Tälimçi Aleksandr Krestinin hem gaty tejribeli hünärmen, geçen oýunda oýunçy çalşygyny edenden soň “Dordoýyň” bize nähili garşylyk görkezenem muňa mysaldyr. Ýöne nähilem bolanda, gowy netije üçin göreşip, janköýerlerimizi begendireris diýesim gelýär. Biz Bişkekde almany göge zyňdyk, ony Balkanda gapýançak ýa pelek!

−Sag bol, Myrat! Üstünlik size ýar bolsun

−Sizem sag boluň.                      

Söhbetdeş bolan Merdan Baýadow,

sport synçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar