Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga: 32-nji tapgyrdan soň hasaplamalar

0
1323

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

«Täzelik» ýok: Tapgyrda tapawutlanan futbolçylaryň arasynda ilkinji goluny geçireni ýok. Olaryň ählisem möwsümde ozal hem tapawutlanan futbolçylardyr. 

10 gol: Tapgyr 10 gol bilen tamamlandy.

361 gol: Şeýlelikde, Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde 361 gol geçirildi.

Myhmanlar eli boş gaýtdy: Üç duşuşykda myhmanlar utugam alyp bilmediler, bir duşuşykda utuk alan «Aşgabat» bolsa paýtagta gol geçirip bilmän dolanmaly boldy.

 

“Balkan” – “Ahal” – 2:1                              

Gollar: ‘36 Mekan Saparow; ’55 Yhlas Magtymow  (“Balkan”) – ’64 Myrat Annaýew (“Ahal”)

Möwsüm boýunça: 3:9.

«Balkan» «Altyn asyryň» guran böwediniň üstüne gum sürdi: Bu tapgyrdaky utulyş «Ahalyň» taryhdaky ilkinji çempionlyk baradaky arzuwlaryny tas tutuşlygyna diýen ýaly syryp-süpürdi. Möwsümi ýurdumyzyň futbol kubogy bilen tamamlan topar çempionlyk maksadyny başga bir möwsüme goýmaly bolsa gerek. Indi birinji we ikinji orundaky toparlaryň arasy 5 utuga çenli açyldy. Üstesine, «Ahal» öňümizdäki tapgyrlaryň birinde dynç hem almaly bolar.

Magtymow ýene ýaryşda: «Balkanyň» soňky duşuşyklarynyň ikisinde-de tapawutlanan Yhlas Magtymow möwsümdäki gollaryny 13-e çykaryp, dördünji orundaky Wahyt Orazsähedow bilen deňleşdi.

Möwsümiň rekordçysy «oýandy»: 8-nji tapgyrdan 13-nji tapgyra çenli yzygiderli tapawutlanyp, möwsümiň gol rekordlarynyň birini goýan Myrat Annaýew 13-nji tapgyrda düşen arakesmäni diňe 32-nji tapgyrda bozup bildi.

«Deňleşdiler»: Indi «Balkanyňam», «Ahalyňam» öz meýdanynda geçiren oýunlarynda möwsümde 29 goly bar.

Bir toparda, bir çempionatda 20 gol: Myrat Annaýew «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligadaky 20-nji goluny geçirdi. Ol toparda 2013-nji ýyldan bäri bu sepgide ýeten dördünji futbolçydyr.

 

“Altyn Asyr” – “Merw” – 4:2                       

Gollar: ’18 Murat Ýakşiýew (11 m.j.u); ’47, ’86 Altymyrat Annadurdyýew;’90+4 Mihail Titow   (“Altyn Asyr”) – ’13 Ilýa Tamurkin; ’56 Ýagmyrow Guwanç (“Merw”)

Möwsüm boýunça: 10:3.

Annadurdyýew iň gowularyň bäşliginde: Eger 13 golly Wahyt Orazsähedow bilen Yhlas Magtymowyň ikisinem dördünji orun hasaplasaň, Altymyrat Annadurdyýew 11 gol bilen bombardirlik ýaryşynyň 5-nji ornuna çykdy.

«Altyn asyr» — 70 utukly ilkinji topar: Şu tapgyrda gazanan ýeňşinden soňra, utugyny 70-e tegelän «Altyn asyr» möwsümde bu sepgide ýetip bilen ilkinji topar boldy.

«Altyn asyrdan» ýene bir 70: «Aragatnaşykçylar» şu möwsümde 70 gol geçiren ilkinji topardyr.

Bir meýdanda 41 gol: «Altyn asyr» möwsümde öz meýdanynda 40 gol geçirip bilen ilkinji topar boldy.

Annadurdyýew soňky 6 möwsümiň iň gowy 10-lugynda: «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew şu tapgyrda Ýokary ligadaky 47-nji goluny geçirip, çempionatymyzda 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň 10-lugyna girdi. Ýöne ol 10-njy orny «Şagadamdan» Serdaraly Ataýew bilen paýlaşýar.

Tamurkin goşalady, Ýagmyrow üçledi: Ilýa Tamurtkin bassyr ikinji, Guwanç Ýagmyrow bolsa bassyr dördünji duşuşygynda tapawutlanýar.

«Ahal» bilen deňleşdi: Şu möwsümde öz meýdanynda 12-nji ýeňşini gazanan «Altyn asyr» bu görkeziji babatda birinji orunda barýan «Ahal» bilen deňleşdi.

                                                      

“Şagadam” – “Köpetdag” – 1:0                  

Gol: ’52 Süleýman Muhadow (“Şagadam”)

Möwsüm boýunça: 5:2

Geçen ýylky bombardir 10-luga girdi: Geçen möwsümiň bombardiri Süleýman Muhadow şu tapgyrdan soňra möwsümdäki gollarynyň sanyny 9-a çykaryp, Ýokary liga — 2017-de iň kän tapawutlanan futbolçylaryň 10-lygyna girdi.

«Şagadam» 30-lady: «Şagadam» şu ýyl öz meýdanynda 30 gol geçiren ikinji topar boldy.

 

“Turan” – “Aşgabat” – 0:0

Möwsüm boýunça: 0:7.

                        

«Energetik» — dynç alyş

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar