Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga: 31-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
1876

31-nji tapgyrda 5 täzeje: Çempionatyň tamamlanmagyna bary-ýogy 5 tapgyr galan hem bolsa, möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawy barha uzaýar. Geçen tapgyrda bu sanawa ýekeje-de täze futbolçy goşulmandy. Oňa derek bu gezek 5 futbolçy goşuldy. Olar Batyrgylyç Berdiýew, Boris Iwanow (ikisem — «Aşgabat»), Daýanç Durdyýew («Energetik»), Serdar Geldiýew («Altyn asyr») we Resul Saparbaýew («Turan»).

31 tapgyrda 103 golçy: Möwsümiň yzda galan 31 tapgyrynda jemi 103 futbolçy tapawutlandy.

13 gol: Tapgyrda derwezelere 13 pökgi geçirildi. 31-nji tapgyr möwsümde 13 gol bilen tamamlanan dördünji tapgyrdyr. Mundan öň 6, 24, 27-nji tapgyrlar 13 gol bilen tamamlanypdy.

351 gol: Möwsümde geçirilen gollaryň sany 351-e ýetdi.

Deňliksiz deňlik: Tapgyrda geçirilen dört duşuşygyň 2-si ýer eýeleriniň, 2-si myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Aşgabat» — «Şagadam» — 2:1.

Gollar:

1:0, Batyrgylyç Berdiýew 18’

2:0, Boris Iwanow 58’

2;1, Begenç Annagurbanow 86’.

Möwsüm boýunça: 2:7.

Ikisi-de ilkinji gol: Şu duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny geçiren futbolçylaryň ikisi-de möwsümde ilkinji gezek tapawutlandy.

Iwanow — 100-nji golçy: Boris Iwanow şu möwsümde tapawutlanan 100-nji futbolçy boldy.

Annagurbanow üçünji duşuşykda-da tapawutlandy: Möwsümde 7-nji goluny geçirip, bombardirleriň sanawynyň öňdäki 15-ligine girmegi başaran Begenç Annagurbanow bassyr üçünji duşuşygynda-da tapawutlandy.

Berdiýew «Aşgabatdaky» ilkinji goluny geçirdi: Ol topar bilen 2013-nji ýyldan bäri tapawutlanan 40-njy futbolçy boldy.

988 utuk, 888 gol: «Şagadam» Ýokary ligada şu wagta çenli 988 utuk toplap, 888 gol geçirdi. Owadan sanlar bolanlygy üçin paýlaşdyk.

Möwsümiň ýeňijisi «Şagadam»: Ýokary liganyň şu möwsümindäki «Aşgabat» — «Şagadam» duşuşyklarynyň üçüsi «kenarlylaryň» ýeňşi bilen tamamlandy.

Amir Gurbany: dört oýunda dört gol: Amir Gurbany şu ýylky «Aşgabat» — «Şagadam» duşuşyklarynda iň kän tapawutlanan futbolçy bolmak bilen, ol paýtagtyň adybir toparynyň derwezesine 4 gol geçirdi.

«Balkan» — «Energetik» — 1:4.

Gollar:

0:1, Alibek Abdyrahmanow 12’

1:1, Yhlas Magtymow 24’

1:2, Alibek Abdyrahmanow 45’

1:3, Daýanç Durdyýew 65’

1:4, Pirmyrat Gazakow 85’.

Möwsüm boýunça: 6:11.

Durdyýew möwsümiň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda...: möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Tapgyr 5 duşuşyga çykdy, rekord täzelenermi?: Ozalam habar berşimiz ýaly, möwsümiň yzygiderli gol geçirmek rekordy 6 oýun. Bu rekord häzir Myrat Ýagşyýewiň, Myrat Annaýewiň we Rustam Mätryzaýewiň elinde. Pirmyrat Gazakow bolsa golly tapgyrlarynyň sanyny 5-e çykardy. Rekord täzelenermikä?

Gazakow — 6 möwsümde 30 gol: Şu tapgyrda geçirilen pökgi Pirmyrat Gazakowyň Ýokary liganyň soňky 6 möwsüminde geçiren 30-njy goludyr.

Abdyrahmanow — «Energetigiň» iň gowusy: Alibek Abdyrahmanowyň «Energetigiň» düzüminde geçiren gollarynyň sany 13-e çykdy. Bu bolsa ony «Energetigiň» Ýokary ligadaky üç möwsümlik taryhynyň bombardiri etdi. Başgaça aýtak, topar Ýokary liga geleli bäri, 13 gezek tapawutlanan ýekeje futbolçy hem ýok.

Alibekden ikinji dubl: A.Abdyrahmanow möwsümde mundan öň 22-nji tapgyrda hem 2 gezek tapawutlanypdy. Täsin ýeri, şol gezegem garşydaş «Balkandy». Şeýlelikde, ol şu ýylky «Balkan» — «Energetik» duşuşyklarynda iň kän gol geçiren futbolçy boldy.

Ýubileý duşuşyga ruhubelentlik bilen: Şu duşuşyk «Energetigiň» Ýokary ligadaky 99-njy oýnudyr. Diýmek, gazanylan ýeňiş 100-nji — ýubileý oýundaky ýeňşe ruhubelentlik berer.

Magtymow — bir derwezä 150-nji urgy: Yhlas Magtymow «Energetigiň» derwezesine Ýokary ligada geçirilen 150-nji goly öz adyna ýazdyrdy.

«Ahal» — «Altyn asyr» — 0:1.

Gol:

0:1, Serdar Geldiýew 25’.

Möwsüm boýunça: 5:3.

«Altyn asyr» — kerwenbaşy: Bu arzyly ýeňişden soň Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ýaryş tertibiniň birinji ornuna geçdiler.

Ýeňiş — bassyr dördünji çempionlyga göni ýol: Bu ýeňiş bilen «Altyn asyr» bassyr dördünji çempiolygy üçin hem uly artykmaçlyk gazandy. «Ahal» öňümizdäki tapgyrlaryň birinde dynç alar. Diýmek, «aragatnaşykçylaryň» mundan soňky ýalňyşsyz oýny olary ýene çempionlyga we AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna eltip biler.

Utugam, golam deň: Yzda galan 31 tapgyrdan soňra 66 utuk toplan «aragatnaşykçylar» garşydaş derwezelere-de gazanan utugynyň mukdarynda gol geçirdiler — 66.

«Altyn asyr» — myhmançylykda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar: Şeýlelikde, «Altyn asyr» şu möwsümde myhmançylykda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy. «Altyn asyryň» iň ýakyn bäsdeşi bolan «Ahalyň» hasabynda myhmançylykdaky ýeňişleriň 8-si bar.

«Merw» — «Turan» — 3:1.

Gollar:

1:0, Guwanç Ýagmyrow 40’

2:0, Amangeldi Saparow 83’

3:0, Ilýa Tamurkin 85’

3:1, Resul Saparbaýew 90’.

Möwsüm boýunça: 8:2.

«Merw» 30 golly 7-nji topar: Şu tapgyrdaky ýeňişden soň, «Merw» çempionatymyzda 7-nji topar bolup 30 utuga ýetdi.

Ýagmyrow: iki oýun, iki gol: Guwanç Ýagmyrow bassyr ikinji duşuşykda tapawutlandy.

Ýagmyrow: dört oýun, iki gol: Guwanç Ýagmyrow şu ýyldaky «Merw» — «Turan» duşuşyklarynda iň köp tapawutlanan futbolçy. Ol toparynyň «Turan» bilen geçiren duşuşyklarynda 2 gezek tapawutlandy.

«Köpetdag» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar