Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga: 30-njy tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
2660

Orunlarda üýtgeşme ýok: Tapgyrdan soňra toparlaryň eýeleýän orunlary üýtgemedi.

12 gol: Tapgyrda derwezelere 12 gol geçirildi. Möwsümde geçirilen gollaryň sany 338-e çykdy. Tapgyr möwsümde 12 gol bilen tamamlanan 9-njy tapgyrdyr.

«Aşgabat» — «Köpetdag» — 0:0.

«Turan» — «Ahal» — 0:4.

Gollar:

0:1, Didar Durdyýew 7’

0:2, Begenç Akmämmedow 50’

0:3, Yhlas Saparmämmedow 78’

0:4, Wahyt Orazsähedow 90+1’.

Orazsähedow ýaryşy dowam etdirýär: Bassyr iki tapgyrda tapawutlanyp, möwsümdäki gollarynyň sanyny 19-a çykaran Wahyt Orazsähedow duşuşygyň goşmaça minutlarynda tapawutlanyp, bombardirlik ugrundaky ýaryşy dowam etdirdi.

Durdyýewiň 90-njy menzili: Didar Durdyýew 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 90-njy goluny geçirdi. Ol şol möwsümden bäri bu sepgide ýetip bilen 3-nji futbolçydyr.

«Ahal» 60 golly ikinji topar: Şu tapgyrdan soňra möwsümdäki gollarynyň sanyny 60-a çykaran «Ahal» möwsümde bu sepgide ýetip bilen ikinji topar boldy. Birinji orundaky «Altyn asyryň» hasabynda 65 gol bar.

Orazsähedow «Ahalyň» soňky 6 möwsümdäki bombardiri: Wahyt Orazsähedow «Ahalyň» düzüminde şu duşuşykda Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi. Şol bir wagtyň özünde ol toparda 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçy bolmagy başardy. Ol bu üstünligi bir ýarym möwsüme golaý wagtda gazandy. Wahytdan öň «Ahalyň» soňky 6 möwsümdäki bombardiri kapitan Didar Hajyýewdi.

«Merw» — «Şagadam» — 1:2.

Gollar:

1:0, Guwanç Ýagmyrow 27’

1:1, Begenç Annagurbanow 48’

1:2, Ýunus Orazmämmedow 60’.

«Merw» «kenarlylara» çäre tapmady: Şu ýylky «Merw» — «Şagadam» duşuşyklarynyň dfördüsem «kenarlylaryň» peýdasyna tamamlandy. «Şagadam» Maryda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde-de bir pökgi tapawudy bilen ýeňiş gazandy.

«Altyn asyr» — «Energetik» — 4:1.

Gollar:

1:0, Mekan Aşyrow 13’

2:0, Altymyrat Annadurdyýew 31’

3:0, Myrat Ýagşyýew 34’

4:0, Furkat Tursunow 90+1’

4:1, Pirmyrat Gazakow 90+3’.

Möwsümiň 7-nji 10-lukçysy: Soňky iki tapgyrda-da tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew möwsümde 10 gol geçiren 7-nji futbolçy boldy.

Bassyr 4-nji duşuşykda-da: Hüjümçi Pirmyrat Gazakow bassyr 4-nji duşuşykda-da tapawutlanda. Onuň hasabynda indi möwsümde 12 gol bar. Pirmyrat iň netijeli futbolçylaryň sanawynda-da «Balkandan» Yhlas Magtymow yzda galdyryp, 4-nji orna çykdy.

«Balkan» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar