Soňky habarlar

Arhiw

Golfuň peýdasy

0
2554

Golfdan uzakdakylar üçin bu oýun barjamlylaryň oýny ýaly bolup görünýär. Aslynda, golf dünýäde meşhurlygy boýunça ikinji orunda durýan sport görnüşidir. Amerika we Ýewropa ýurtlarynda çagalaryň aňyny ösdürmäge niýetlenen golf maksatnamalary ene-atalaryň arasynda iň zerur sport maksatnamalarynyň biri hasaplanýar. Bu ýurtlarda köp maşgala çagalaryna golf öwretmek bilen, olaryň gelejekki sport karýerasyny meýilleşdirýärler.

Golf – bu saglykdyr. Golf çeýeligi, ugurtapyjylygy we çydamlylygy öwredýär. Bu oýun yssa we sowuga garamazdan, islendik howa şertlerinde hem geçirilip bilinýär. 18 çukurjykly meýdançadaky oýun azyndan 4-5 sagatlap dowam edýär. Şu aralykda golfçy 8-11 kilometr töweregi ýoly sökmeli bolýar. Golf – bu tämiz howadyr. Golf – bu taplanmakdyr, bütin ömrüňde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekdir. Golf – bu çäklendirilmeýän oýundyr. Golfy islendik ýaşda öwrenip, galan ömrüňde dowam etdirip bolýar. Golf ýaşyňa, jynsyňa, fiziki taýýarlyk derejäňe garamazdan, hemmeler üçin işjeň dynç almagyň bir görnüşidir.

Golf – bu maşgala aragatnaşygyny we gymmatlyklaryny berkitmekdir. Golf – maşgalanyň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmagyny talap edýän oýun bolup, munda çagany ýaryşa äkitmek, maşgala agzalarynyň golf meýdançasynda bilelikdäki dynç alşy göz öňünde tutulýar. Golf meýdançasynda özboluşly atmosfera bolup, ol ýerde maşgalanyň ähli agzalary üçin rahatlyk höküm sürýär.

Golf – bu akyl ýetirişiňi ösdürmekdir. ABŞ-da çagalara niýetlenen golf maksatnamalaryna gatnaşyjylaryň 73 göteriminiň bellemegine görä, golf olaryň özüne bolan ynamyny artdyryp, has-da gowy okamaga, sapaklara ýetişigini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Berk düzgünlere eýerýän bu oýun çagalar üçin has-da peýdalydyr. Bu oýunda beýlekilerdäki ýaly gapdalyňda emin bolmaýar. Şonuň üçin bu oýun öz bäsdeşleriňe halallyk, akýüreklilik, dogruçyllyk, wyždanlylyk bilen çemeleşmegi talap edýär, özüňe we beýlekilere hormat goýmagy terbiýeleýär.

Golf – üstünlikli karýeranyň özenidir. Iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, olara hut golf pikirleniş ukybyny, liderlik aýratynlygyny, işdäki tejribesini, düzgün nyzamlylygyny we tutanýerliligini ösdürmäge çynlakaý ýardam berýär. Şeýle hem golfuň karýera basgançagyny öňe ilerletmägewe şowly biznese ýardam berýändigini belleýärler.

Golf – özüňe we öz duýgularyňa erk etmek başarnygydyr. Golf galapyn, real durmuşyň ähli belentliklerini we pesliklerini ýadyňa salýar. Bu oýunda şowly tamamlanan bölümden soňra, doly şowsuzlyga uçramagyň hem mümkindir. Onuň netijesi soňuna çenli näbelliligine galýar. Oýnuň dowamynda öz duýgularyňa bäs gelip, indiki meselede ünsüňi jemläp, geljekki ädimleriňe paýhasly çemeleşmeli bolýar.

Golf – bu howpsuzlyk. Golf meýdançasynda çagalaryň fiziki howpsuzlygy aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Golf klub özboluşly howa gurşawyna eýe bolup, joşgunly aragatnaşygyň ýüze çykmagyna ýardam berýär. Golf – bu şahsy jogapkärçilik. Golfda howanyň bulaşmagy we ýel ýaly gözegçilik edip bolmaýan köp sanly tebigy ýagdaýlar hem ýüze çykýar. Topjagaz hemişe golfçynyň islegine görä, uçup ýa-da togalanyp durmaýar. Islendik derejedäki oýunçynyň şowly we şowsuz günleri bolup biler. Golf – sosial akyl ýetirişdir. Çünki golf meýdanynda we golf-klubynda dürli adamlara sataşyp, olar bilen sypaýy gürrüňdeşlik etmek mümkin. Şeýle gürrüňdeşligiň netijesinde bolsa, oňat sosial endikler kemala gelýär.

Golf – bu gözellik we tebigata ýakynlykdyr. Golf – bu dürli howa şertlerinde flora we fauna bilen tanyşlykdyr. Golf – bu golf binagärleri we zynatgärleri tarapyndan döredilen ajaýyp manzaradyr. Golf – bu ajaýyp sportdyr. Hut şonuň üçin golf oýny dünýäniň ähli ýurtlarynda giňden ýaýrap, ynsanlaryň kalplaryna barha ornaşýar.

 

Golf sporty barada

* Häzirki zaman golf oýny XV asyrda Şotlandiýada döräpdir. Käbir taryhy çeşmelerde bu oýnuň Rim imperiýasy döwründe-de oýnalandygy aýdylýar.

* Golf boýunça ilkinji ýaryş (The Open Championship) 1860-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Şotlandiýanyň Saut-Erşir şäherinde geçirildi.

* Golf sporty 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşuldy. Bu barada 2009-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň mejlsinde karar kabul edildi. 1900-nji hem-de 1904-nji ýyllardaky tomusky Olimpiýa oýunlarynyň düzüminde-de golf sporty boýunça ýaryşlar geçirilipdi.

* 1971-nji ýylda astronawt Alan Şepard älem giňişliginde, ýagny Aýda ilkinji golf urgusyny amala aşyrdy.

* Golf oýnunyň düzgünleri 1744-nji ýylyň mart aýynda “Company of Gentlemen Golfers” jemgyýeti tarapyndan işlenip düzüldi.

* HSBC bankynyň “2020-nji ýyla çenli golfuň ösüşi” atly seljermesine görä, Aziýada we Ýakyn Gündogarda ýokary depginlerde ösýän golf syýahatçylygynyň möçberiniň 1 milliard dollardan gowrakdygy bellenilýär.

* Häzirki wagtda golf sportunda, beýleki birnäçe bäsleşikler bilen bir hatarda, esasy 4 sany uly ýaryş geçirilýär. Olar – “The Masters”, ABŞ-nyň Açyk çempionaty (US Open), Beýik Britaniýanyň Açyk çempionaty (The Open Championship) we professional golfçylar assosiasiýasynyň çempionaty (PGA Championship).

* Golf Aziýa yklymyna 1829-njy ýylda Hindistanda açylan ilkinji golf kluby arkaly aralaşdy. 2009-njy ýylda Aziýa golf senagaty federasiýasy döredildi. Onuň düzümind 80-den gowrak iri kompaniýa bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar