Soňky habarlar

Arhiw

Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap - 2012

0
1762

2012-nji ýyl: finala uzan ýol

2012-nji ýylda futbol boýunça milli ýygyndymyz AFK-nyň Çagyryş kubogynyň finalyna çenli baryp bildi. Finalda Demirgazyk Koreýadan utulyş bu kubogy ýurdumyza alyp gelmek arzuwyna böwet boldy. Umuman, Rumyniýadan 4:0 hasabyndaky utulyş bilen başlasa-da, 2012-nji ýyl milli ýygyndymyzyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden ýyllarynyň biri boldy. Ýylyň dowamynda 8 duşuşyk geçirilip, şolaryň 5-si resmi, 3-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2012-nji ýyldan şu güne çenli 29 duşuşyk geçirildi, olaryň 21-si resmi, 8-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Ýylyň netijeleri boýunça ýeňiş, deňlik, utulyş: 5/1/2 (häzirki güne çenli: 13/4/16). Pökgi gatnaşygy: 14/10 (häzirki güne çenli: 44/44).

Ýoldaşlyk duşuşygy (27.01.2012 ý.)

Rumyniýa — Türkmenistan — 4:0.

AFK-nyň Çagyryş kubogy — 2012 (08.03.2012 ý.)

Türkmenistan — Maldiwler — 3:1. (Türkmenistanyň gollary: Ruslan Mingazow 33’, Gahrymanberdi Çoňkaýew 78’, Arslanmyrat Amanow 85’).

AFK-nyň Çagyryş kubogy — 2012 (10.03.2012 ý.)

Palestina — Türkmenistan — 0:0.

AFK-nyň Çagyryş kubogy — 2012 (12.03.2012 ý.)

Nepal — Türkmenistan — 0:3 (Türkmenistanyň gollary: Elman Tagaýew 7’, awtogol 79’, Guwanç Hangeldiýew 89’).

AFK-nyň Çagyryş kubogy — 2012 (16.03.2012 ý.)

Türkmenistan — Filipppinler — 2:1 (Türkmenistanyň gollary: Arslanmyrat Amanow 80’, Gahrymanberdi Çoňkaýew 86’).

AFK-nyň Çagyryş kubogy — 2012 (19.03.2012 ý.)

Türkmenistan — Demirgazyk Koreýa — 1:2 (Türkmenistanyň goly: Berdi Şamyradow 2’).

Ýoldaşlyk duşuşygy (24.10.2012)

Wýetnam — Türkmenistan — 0:1 (Türkmenistanyň goly: Wladimir Baýramow 57’).

Ýoldaşlyk duşuşygy (28.10.2012 ý.)

Türkmenistan — Laos — 4:2 (Türkmenistanyň gollary: Aleksandr Boliýan 17’, Akmyrat Jumanazarow 29’, Guwanç Abylow 47’, Süleýman Muhadow 65’).

2012-nji ýyldan bäri köp tapawutlanan futbolçylar:

1 Arslanmyrat Amanow 6
2 Süleýman Muhadow 4
3 Guwanç Abylow 4
4 Ruslan Mingazow 3
5 Wladimir Baýramow 3
Altymyrat Annadurdyýew 2
Didar Durdyýew 2
Berdi Şamyradow 2
Gahrymanberdi Çoňkaýew 2
Myrat Ýagşyýew 1
Resul Hojaýew 1
Ahmet Ataýew 1
Mekan Saparow 1
Artur Geworkýan 1
Döwlet Baýramow 1
Bagtyýar Hojaahmedow 1
Gurbangeldi Batyrow 1
Elman Tagaýew 1
Guwanç Hangeldiýew 1
Aleksandr Boliýan 1

Akmyrat Jumanazarow 1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar