Soňky habarlar

Arhiw

Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap - 2013

0
2033

Türkmenistan — Singapur duşuşygyna

Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap

(«Ýeňsegem, ýeňilsegem seniň bilen!» makalalar toplumyndan)

2013-nji ýyl: iki duşuşyk we Çagyryş kubogynyň final tapgyry

Futbol boýunça milli ýygyndymyz 2013-nji ýylda iki duşuşyk geçirdi. Şolaryň ikisi hem resmi duşuşyk bolup, olar AFK-nyň 2014-nji ýylda geçiriljek Çagyryş kubogynyň saýlama tapgyrydyr. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2013-nji ýyldan şu güne çenli 21 duşuşyk geçirildi, olaryň 16-sy resmi, 5-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Ýylyň netijeleri boýunça ýeňiş, deňlik, utulyş: 1/0/1 (häzirki güne çenli: 8/3/14). Pökgi gatnaşygy: 7/1 (häzirki güne çenli: 30/34).

AFK-nyň Çagyryş kubogy. Saýlama tapgyr

Türkmenistan — Kamboja — 7:0 (Türkmenistanyň gollary: Arslanmyrat Amanow 7’, Wladimir Baýramow 23’, Wladimir Baýramow 36’, Berdi Şamyradow 74’, Guwanç Abylow 81’, Gurbangeldi Batyrow 87’).

AFK-nyň Çagyryş kubogy. Saýlama tapgyr

Filippinler — Türkmenistan — 1:0.

2013-nji ýyldan bäri köp tapawutlanan futbolçylar:

1 Arslanmyrat Amanow 4
2 Süleýman Muhadow 3
3 Guwanç Abylow 3
4 Altymyrat Annadurdyýew 2
5 Ruslan Mingazow 2
6 Didar Durdyýew 2
7 Wladimir Baýramow 2
8 Myrat Ýagşyýew 1
9 Resul Hojaýew 1
10 Ahmet Ataýew 1
11 Mekan Saparow 1
12 Artur Geworkýan 1
13 Döwlet Baýramow 1
14Bagtyýar Hojaahmedow 1
15 Berdi Şamyradow 1

16 Gurbangeldi Batyrow 1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar