Zenan türgenleriň beýik ýeňişleri

0
4357

Geçmişden biziň günlerimize gelip ýeten  şadessanlarymyzda, dessanlarymyzda  türkmen zenanynyň mertligine, merdemligine ägirt döredijilik ukybynyň bolanlygyna şaýatlyk  edýän  taryhy  maglumatlar getirilýär. Geçmiş bilen şu günüň özboluşly hakyda ýumagyny çöşleýän şol hakykatlar türkmen zenanynyň tebigy dogumy, wepalylygy, mertligi barada söhbet etmäge itergi berýär. Zenanlarymyzyň öz ukybyny, aýratyn başarjaňlygyny sportuň dürli görnüşleriniň üsti bilen açyp görkezmegi bolsa has guwandyryjy ýagdaýdyr. Şonuň üçinem bu gün dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, türkmen sportunyň ösmeginde zenan türgenlerimiziň hyzmatynyň bolmagy, olaryň uly ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklary ýaly ähmiýetli wakalary ýurdumyzyň taryhynyň sahypalaryna ýazýar. Bu günki gün türkmen zenan türgenleri dünýä derejesindäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýarlar.

Mälim bolşy ýaly,  ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şanly waka —Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V  Aziýa oýunlary tamamlandy.  Milli türgenlerimiz  sebitiň iri ýaryşlarynda  örän oňat netije görkezdiler. Ýeňiş gazanan türgenleriň arasynda zenan türgenlerimiziň  hem az däldigi örän guwandyryjydyr.  Oýunlarda zenan türgenlerimiz  örän şowly  çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny goramagy başardylar.  Milli ýygyndymyzyň gazanan 245 medalynyň, 93-si zenan türgenlerimize degişli bolup, olaryň  30-sy altyn, 25-si kümüş, 38-si bürünç medallardyr.  . Zuhra Madraimowa,  Nasiba Surkiýewa,  Gülnar Haýytbaýewa, Laçyn  Badaglyýewa ýaly birnäçe medal gazanan   zenan  türgenlerimiz hem bar. “Aşgabat 2017-de”  zenan türgenlerimiz  sportuň tans, basketbol, ýeňil atletika, küşt ýaly görnüşleri bilen birlikde, sportuň sambo, göreş, jiu-jitsu, kikboksing, agyr atletika ýaly görnüşlerinden hem altyn, kümüş, bürünç medallary eýelemegi başardylar.  

Sport — munuň özi, ilkinji nobatda, sagdynlyk we gözellik. Hut şonuň üçin hem zenanlarda sporta bolan höwesi artdyrmak  sagdyn durmuş ýörelgesini gazanmak  arkaly, ýokanç däl keselleriň öňüni almaga, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ýardam  edýär.  Türkmen zenanlarynyň “Aşgabat 2017-de” gazanan üstünlikleri türkmen sportunyň ösüşi bilen birlikde ýurdumyzda gender deňliginiň gazanylýandygyny ýene bir ýola alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti:  “Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, we medeni binýadynyň has-da pugtalandyrylmagynda, gazanýan beýik ýeňişlerimizde, ýetýän belent sepgitlerimizde watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini özlerine tug edinen mähriban enelerimiziň, hormatly gelin-gyzlarymyzyň uly  goşandy bardyr” diýip, gelin-gyzlara uly ynam bildirmegi ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň  bu ynamyndan ruhlanan türkmen zenanlarynyň  Watanymyzy beýgeltmekde güýçlerini gaýgyrmaýandyklaryny bolsa  “Aşgabat 2017-niň” mysalynda ýene bir ýola göz ýetirdik.

Aýsenem NURLYÝEWA.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar