Soňky habarlar

Arhiw

Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap

0
1533

Türkmenistan — Singapur duşuşygyna

 

Milli futbol ýygyndymyz bilen taryha tarap

 

(«Ýeňsegem, ýeňilsegem seniň bilen!» makalalar toplumyndan)

 

2017-nji ýyl: Maksat — Aziýa oýunlaryna çykmak

 

Futbol boýunça milli ýygyndymyz 2017-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edýär. 10-njy oktýbarda Singapuryň ýygyndysy bilen boljak duşuşyga çenli, milli ýygyndymyz şu ýyl 4 duşuşyk geçirdi. Olaryň biri ýoldaşlyk duşuşygy, üçüsi bolsa Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygydyr. Şol 4 duşuşykda bir gezek ýeňiş gazanyp, bir duşuşygy hem deňme-deňlikde tamamlan türkmen futbolçylary 2 duşuşykda ýeňdildiler. Pökgüleriň gatnaşygy 6/6.

 

Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyry (26.03.2017 ý.)

Taýwan — Türkmenistan — 1:3. (Türkmenistanyň gollary: Altymyrat Annadurdyýew 23’, Ruslan Mingazow 24’ awtogol 83’)

Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyry (13.06.2017 ý.)

Türkmenistan — Bahreýn — 1:2. (Türkmenistanyň goly: Myrat Ýagşyýew 86’)

Ýoldaşlyk duşuşygy (23.08.2017 ý.)

Katar — Türkmenistan — 2:1. (Türkmenistanyň goly: Resul Hojaýew 67’)

Aziýa kubogy — 2019-yň saýlama tapgyry (05.09.2017 ý.)

Singapur — Türkmenistan — 1:1. (Türkmenistanyň goly: Altymyrat Annadurdyýew)

2017-nji ýylda köp tapawutlanan futbolçylar:

1. Altymyrat Annadurdyýew 2

2. Ruslan Mingazow 1

3. Myrat Ýagşyýew 1

4. Resul Hojaýew 1.

 

2016-njy ýyl: myhmançylyklaryň ýyly

 

Milli ýygyndymyz 2016-njy ýylda 4 duşuşyk geçirdi. Gyzykly tarapy, şolaryň ählisi hem myhmançylykda geçirilen duşuşyklardyr. Ildeşlerimiz şolaryň diňe birinde, ýöne iň esasysynda (Hindistan — Türkmenistan) ýeňiş gazandylar. Myhmançylykda geçirilen 3 ýoldaşlyk duşuşugy bolsa ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, soňky 2 ýylda 8 duşuşyk (4-si resmi, 4-si ýoldaşlyk duşuşygy) geçiren milli ýygyndymyz 2 duşuşykda ýeňdi, 5 duşuşykda ýeňildi, bir duşuşyk bolsa deňme-deňlikde tamamlandy. Ýylyň netijeleri boýunça pökgi gatnaşygy: 2/6 (häzirki güne çenli 8/12).

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (29.03.2016 ý.)

 

Hindistan — Türkmenistan — 1:2. (Türkmenistanyň gollary: Arslanmyrat Amanow 49’, Ahmet Ataýew 70’.)

 

Ýoldaşlyk duşuşygy (08.08.2016 ý.)

 

Oman — Türkmenistan — 1:0.

 

Ýoldaşlyk duşuşygy (11.10.2016 ý.)

 

Gyrgyzystan — Türkmenistan — 1:0.

 

Ýoldaşlyk duşuşygy (09.11.2016 ý.)

 

Täjigistan — Türkmenistan — 3:0.

 

2016-njy ýylda köp tapawutlanan futbolçylar:

1. Altymyrat Annadurdyýew 2

2. Ruslan Mingazow 1

3. Myrat Ýagşyýew 1

4. Resul Hojaýew 1

5. Arslanmyrat Amanow 1

6. Ahmet Ataýew 1.

 

2015-nji ýyl: Türkmenistanda ajaýyp ýeňişler

 

2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyry milli ýygyndymyzyň 2015-nji ýylda geçiren duşuşyklarynyň agramly bölegini düzdi. Şol ýyl myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň ählisinde ýeňlen futbolçylarymyz öz meýdanyndaky duşuşyklaryň diňe birini deňme-deňlik bilen tamamlady, galanynda ýeňiş gazandy. Umuman, 2015-nji ýylda 8 duşuşyk geçirildi, şolaryň birisi ýoldaşlyk, galan 7-si resmi duşuşykdyr. Şeýlelikde, 3 ýylda 16 duşuşyk geçirildi, olaryň 11-si resmi, 5-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Ýylyň netijeleri boýunça ýeňiş, deňlik, utulyş: 3/1/4 (häzirki güne çenli: 6/3/11). Pökgi gatnaşygy: 9/15 (häzirki güne çenli: 17/27).

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (11.06.2015 ý.)

 

Guam — Türkmenistan — 1:0.

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (16.06.2015 ý.)

 

Türkmenistan — Eýran — 1:1 (Türkmenistanyň goly: Ruslan Mingazow 45+1’)

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (03.09.2015 ý.)

 

Oman — Türkmenistan — 3:1 (Türkmenistanyň goly: Arslanmyrat Amanow 83’)

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (08.10.2015 ý.)

 

Türkmenistan — Hindistan — 2:1 (Türkmenistanyň gollary: Guwanç Abylow 8’, Arslanmyrat Amanow 60’)

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (13.10.2015 ý.)

 

Türkmenistan — Guam — 1:0 (Türkmenistanyň goly: Guwanç Abylow 16’)

 

Ýoldaşlyk duşuşygy (05.11.2015 ý.)

 

BAE — Türkmenistan — 5:1 (Türkmenistanyň goly: Süleýman Muhadow 57’)

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (12.11.2015 ý.)

 

Eýran — Türkmenistan — 3:1 (Türkmenistanyň goly: Mekan Saparow 62’)

 

Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama tapgyry (17.11.2015 ý.)

 

Türkmenistan — Oman — 2:1 (Türkmenistanyň gollary: Artur Geworkýan 40’, Süleýman Muhadow 67’)

 

2014-nji ýyl: Uly başlangyjyň şowsuz dowamy

 

Milli ýygyndymyz 2014-nji ýylda 3 duşuşyk geçirdi. Bary-ýogy 5 günüň dowamynda geçirilen şol duşuşyklaryň üçüsi hem AFK-nyň Çagyryş kubogynyň çäginde geçirilen oýunlardyr. Ýaryşa 5:1-lik ýeňiş bilen başlan milli ýygyndymyz soňky iki duşuşygynda garaşylmadyk utulyş bilen ýaryşy şowsuz tamamlady. Şeýlelikde, milli ýygyndymyz 2014-nji ýyldan şu güne çenli 19 duşuşyk geçirildi, olaryň 14-si resmi, 5-si ýoldaşlyk duşuşygydyr. Ýylyň netijeleri boýunça ýeňiş, deňlik, utulyş: 1/0/2 (häzirki güne çenli: 7/3/13). Pökgi gatnaşygy: 6/6 (häzirki güne çenli: 23/33).

 

AFK-nyň çagyryş kubogy (20.05.2014 ý.)

 

Türkmenistan — Laos — 5:1 (Türkmenistanyň gollary: Döwlet Baýramow 42’, Didar Durdyýew 50’, awtogol 55’, Didar Durdyýew 85’, Bagtyýar Hojaahmedow 87’)

 

AFK-nyň çagyryş kubogy (22.05.2014 ý.)

 

Owganystan — Türkmenistan — 3:1 (Türkmenistanyň goly: Süleýman Muhadow 64’)

 

AFK-nyň çagyryş kubogy (24.05.2014 ý.)

Türkmenistan — Filippinler — 0:2.

(Dowamy bar)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar