Arhiw

Ýokary liga — 2017: 21-nji tapgyryň hasaplamalary

0
2154

Deňliksiz deňlik: Hiç bir duşuşygy deňme-deň hasapda tamamlanmadyk tapgyrda başga bir deňlik göze ilýär. Ol hem dört duşuşygyň ikisiniň ýer eýeleriniň, ikisiniň myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlanmagydyr.

Diňe Şamyradow: Möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna bu tapgyrda diňe Berdi Şamyradow goşuldy we sanaw 78-e çykdy.

9 gol: Tapgyrda derwezelere jemi 9 gol girdi. Bu gollar 7 futbolça degişlidir. Şeýlelikde, her duşuşykda ortaça 2,25 gol, her futbolçy ortaça 1,28 gol geçirdi. Täsin tarapy, 21-nji tapgyr şu möwsümde 9 gol bilen tamamlanan ilkinji tapgyrdyr.

78 futbolçy 216 gol: Şu tapgyrdan soň, möwsümde geçirilen gollaryň sany 216-a çykdy. Bu bolsa her tapgyra ortaça 10,28 goldan (-0,07), her futbolça 2,76 goldan (+0,08) düşýär.

«Ahal» — «Turan» — 3:0.

Gollar:

1:0, Wahyt Orazsähedow 29’

2:0, Wahyt Orazsähedow 36’

3:0, Wahyt Orazsähedow 70’.

Birinji aýlawda: 3:0

Ikinji aýlawda: 4:0

Jemi: 10:0.

Orazsähedow ikinji orunda: Tapgyrdaky het-trikden soň, möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 12-ä çykaran Wahyt Orazsähedow bombardirlik ýaryşynda «Şagadamdan» Amir Gurbany bilen birlikde ikinji orna çykdy.

Ýene bir «10-lukçy»: Şeýlelikde, Wahyt Orazsähedow möwsümde 10 goldan kän tapawutlanan dördünji futbolçy boldy.

40 gol geçiren ilkinji topar: Şeýlelikde, «Ahal» şu duşuşykdan soň, möwsümdäki gollarynyň sanyny 41-e çykardy. Röwşen Meredowyň şägirtleri şu möwsümde 40 goldan geçen ilkinji topardyr.

Wahyt «Ahalyň» bombardiri bolmaga ýakyn: Şu duşuşykdan soňra «Ahalyň» düzüminde geçiren gollaryny 23-e çykaran Wahyt Orazsähedow toparyň düzüminde 2013-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren ikinji futbolçy boldy. Bu sanawyň başynda 27 golly Didar Hajyýew bar. Diýmek ýene 4 goldan...

Häzirlikçe ýeke-täk: Wahyt Orazsähedow şu möwsümde iki duşuşykda het-trik edip bilen ýeke-täk futbolçydyr. Täsin tarapy şol duşuşyklaryň ikisinde hem «Ahal» 3:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy.

Duýdurman bilmedik: Bu utulyş «Turanyň» Ýokary ligadaky tegelek 400-nji utulyşydyr.

Bir topara dört gol: Wahyt Orazsähedow şu ýylky «Ahal» — «Turan» duşuşyklarynda jemi 4 gezek tapawutlandy.

«Energetik» — «Altyn asyr» — 0:2.

Gollar:

0:1, Mihail Titow 15’

0:2, Myrat Ýagşyýew 72’ (11 m.j.u).

Birinji aýlawda: 0:2

Ikinji aýlawda: 1:3

Jemi: 1:7.

15-nji golda jerime: Möwsümde 15 gezek tapawutlanan Myrat Ýagşyýew gollarynyň hasabyna ilkinji penaltysynam goşdy. Onuň mundan öňki gollarynyň ählisi oýun pursatlaryndady.

422-224: Biri-biriniň başaşagy bolan bu sanlar «Altyn asyryň» Ýokary ligada garşydaş derwezelere geçiren gollarynyň we öz derwezesine geçirden gollarynyň sany. Owadanlygy üçin paýlaşdyk.

Üç duşuşykda-da: Myrat Ýagşyýew şu ýylky «Energetik» — «Altyn asyr» duşuşyklarynyň üçüsinde-de tapawutlandy.

«Şagadam» — «Merw» — 2:0.

Gollar:

1:0, Amir Gurbany 45’

2:0, Amir Gurbany (11 m.j.u.) 63’.

Birinji aýlawda:2:1

Ikinji aýlawda: 3:2

Jemi: 7:3.

Gurbany ýene bombardirlige dalaşgär: Soňky goluny 14-nji tapgyrda «Aşgabada» geçiren Amir Gurbany 7 tapgyrdan soňky dubly bilen gollarynyň sanyny 12-ä çykaryp, ýene-de bombardirlik ýaryşynyň öňdäki üçlügine goşuldy.

«Şagadam» üçünji orunda: Bu ýeňişden soň, utugyny 36-ä çykaran «Şagadam» ýaryş tertibinde üçünji orna çykdy. Ýöne häzirlikçe dördünji orna düşen «Balkanyň» bir oýnunuň azdygyny, umuman-a, şu tapgyrda dynç alandygyny ýatdan çykarmaly däl.

Geçen ýylkydan dört esse köp: Amir Gurbanynyň bary-ýogy 21 tapgyrda geçen ýylky geçiren gollaryndan dört esse köp tapawutlanandygyndan habaryňyz barmy? Geçen ýyl ol «aragatnaşykçylaryň» düzüminde bary-ýogy üç gezek tapawutlandy.

Iki ýarym möwsümden soň täze toparda: Muny ýöne transfer habary diýip kabul edeliň: 2,5 ýyl «Altyn asyrda» çykyş eden 24 ýaşly hüjümçi Süleýman Muhadow şu duşuşykda ilkinji gezek «Şagadamyň» düzüminde oýnady. Ol täze toparynda 10-lyk belgide çykyş edýär.

«Merwe» «het-trik»: Amir Gurbany şu möwsümdäki «Şagadam» — «Merw» duşuşyklarynda jemi 3 gezek tapawutlandy.

«Köpetdag» — «Aşgabat» — 0:2.

Gollar:

0:1, Azat Şamyradow 37’

0:2, Berdi Şamyradow 72’.

Birinji aýlawda: 2:0

Ikinji aýlawda: 1:1

Jemi: 3:3.

«Energetik» ýene utulsa: «Aşgabat» bäşinji orna geçip biler. Amangylyç Koçumowyň şägirtleri üçünji aýlawda üç duşuşykda-da ýeňlen «Energetik» bilen arany bir utuga çenli ýygyrdylar.

Duşuşygy Şamyradowlar alyp çykdy: Aýratyn düşündiriş berip oturmagyň hajaty ýok, diňe tapawutlanan futbolçylaryň familiýasyna üns bermek ýeterlik.

Bombardir bu möwsümem boş geçirenok: Ýokary liganyň bombardirlik rekordyny (6 gezek) henizem öz elinde saklaýan Berdi Şamyradow Ýokary liganyň bu möwsüminde hem gol geçirenleriň sanawyna adyny goşdurdy. Ol bu sanawda 2004-2005-nji ýyllardan bäri her ýyl orun alyp gelýän az sanly futbolçylaryň biridir.

Ýeke-ýekeden: Şu ýylky «Köpetdag» — «Aşgabat» duşuşyklarynda bir gezekden artyk tapawutlanan futbolçy ýok.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar