Soňky habarlar

Arhiw

Milan Kotaras: basketbol boýunça ýygyndy toparyň V Aziadada üstünlik gazanmaga mümkinçiligi bar

0
7640

Geçen ýylyň sentýabrynda serbiýaly hünärmen Milan Kotaras “Olimpiýa raýdaşlygy” maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatda bäsketbol toparlarynyň tälimçileri üçin okuw geçdi. Ýedi günliük okuw-türgenleşigini Halkara basketbol federasiýasyň ýardam bermeginde Halkara olimpiýa komiteti gurnady. Şol döwürde milli basketbol federasiýasy serbiýaly tälimçi bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp masalahatlaşdy. Şu ýylyň fewralynda bolsa Türkmenistanyň basketbol milli federasiýasy Milan bilen 3х3 formatda zenanlar we erkekler ýygyndy toparlarymyzy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamaga şertnama baglaşdy. 
-Milan, siziň milli ýygyndylaryň tälimçisi bolup işläp başlanyňyza ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi. Türkmenistanda işlemek nähili eken? 
-Federasiýanyň ýolbaşçylary meni hemmetaraplaýyn goldaýarlar, döredilen iş şertlere we tälimçiler toparyndan kärdeşlerim we oýunçylar bilen özara düşünşip işleýändigimden hoşal. 
-Toparda oýnajaklar belli boldumy? 
-Men zenanlar we erkekler ýygynylarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatlarynyň wideoýazgylaryna syn etdim, tejribeli tälimçi, milli basketbol federasiýasynyň başlygynyň wezipeini ýerine ýetirýän Nariman Welişaýew bilen ýygyndy topara dalaşgärler babatda maslahatlaşdym. Zenalaryňam, erkekleriňem arasynda ýurduň ençeme gezek çempiony bolan iň gowy oýunçylar Aşgabayň “Türkmenistan” toparynda oýnaýar eken. Netijede zenanlar we erkekler ýygyndy toparlary düzüldi, häzir olaryň hersinde sekiz oýunçy bar. Şunda sportuň dürli görnüşinde bolşy ýaly tälimçi üçin iň kyn pursat gelýär--tilsim taýýarlykda gowşaklar çykarylmaly--ýygyndylaryň hersinde alty basketbolçy bolmaly. 
-3х3 basketbolunyň adaty görnüşden näme tapawudy bar? 
-Birnäçe tapawudy bar. Birinji tapawudy -ýaryşlar ýeke torly meýdançada geçirilýär. Şunda oýun çakgan, ýokary depginde geçýär, türgeniň diňe bir taktika-beden taýýarlygy ýeterlik däl, oňa çydamllylygam gerek. Adaty basketbolda her oýunçynyň belli bir oýnaýan ýeri bolsa, munda türgenler hemmetaraplaýyn oýnamagy başarmaly. 
-Üstünlük gazanmagyň şertleri barada aýdaýsaňyz? 
-Ozaly bilen hemmeler toparyň bähbidine oýnamaly. Oýunçylaryň hemmesi tälimçiler ştabynyň öňde goýan wezipesine gowy düşünip, ony ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şu ýylyň maýynda Bakuwda geçirilen V Yslam raýdaşlygy oýunlary baş tälimçi hökmünde meniň üçin hakyky synag boldy. Onda oglan-gyzlarymyz gowy oýnap, güýçlileriň dörtlügine girdiler. Iýun aýynda Fransiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň ýygyndy toparlary ýaly Ýewropanyň iň güýçli toparlarynyň gatnaşmagynda Fransiýada halkara ýaryşy geçirildi, ol bize toparyň güýçli we gowşak tarapyny seljermäge mümkinçilik berdi, taýýarlygyň taktiki-tehniki ugruny kämilleşdirmegi dowam etmelidigimizi görkezdi. Şol synag duşuşyklaryndan soň zenanalr ýygyndy toparymyz dünýä çempionatyna gatnaşdy, onda Ispaniýanyň we Fransiýanyň ýygyndylaryndan utulyp, Wenesuelanyň toparyny utdy. 
-Oýunlary haýsy gyzlara kyn düşdi? 
-Oýunlaryň üçüsem ýeňil düşmedi. Garşydaşlarymyz-güýçli, dözümli oýnaýan zenanlardy. Elbetde, şeýle oýunlaryň geçiriliş düzgüninde her anyk duşuşyga jikme-jik taýýarlyga wagtam bolmaýar, ýöne soňky oýunda gyzlarymyz oýunda meniň diýenimi doly ýerine ýetirip, ýeňiş gazandylar. Halkara ýaryşlaryndan soň okuw-türgenleşik ýygnanşygynyň çäklerinde beýleki ýurtlaryň toparlary bilen duşuşyklar geçirildi. 
-Uly ýaryşlarda taýýarlykda şol oýunlaryň ähmiýeti ulumy? 
-Iýulda Serbiýanyň Zlatibor şäherinde ýerli toparlaryň birnäçesi bilen duşuşdyk. Häzirki wagtda serb klublarynyň dünýäde güýçllileriň biridigini öz ildeşlerine guwanýan hünärmen hökmünde aýdasym gelýär. Serbiýanyň erkekler ýygyndysy dünýä çempionydyr. Şonuň üçinem basketbol milli federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen maslahatlaşyp, Serbiýada okuw-türgenleşik ýygnaşygyny geçirmegi makul bildik. Topar deslapdan netijesini hasaplap, ortaça ýa-da gowşak topary saýladygy bes--ol ýeňlişe getrýän ýoldur. Men haýsy topar bilen oýnamaly diýip pikir edemok- biz islendik topara garşy durmaga taýýarlanýarys. Esasy şert-garşydaşlarymyz güýçli, tejribeli bolmaly. Awgustyň 14-22-i aralygynda 3х3 formatda basketbol infrastrukturasynyň ösen ýeri bolan Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirmekçi, ýerli klublar bilen birnäçe oýun geçirmäge ylalaşyk gazanyldy. 
-Gowy toparyň tapawudy nämede? 
-Durnukly oýny. Gowy topar birsydyrgyn gowy oýnaýar. Dogry, käbir ýagdaýlarda ol doly güýjünde oýnap bilmese-de, oýnuň netijesine zeper etmeýär. Bizem şoňa ymtyýarys. Häzir topara zehinli türgenleri ýygnadyk, gyzykly, gowy oýun görkezmäge mümkinçiligimiz bar. Ýurtda geçiriljek Aziada ýaş topar üçin çylşyrymly we jogapkärli synag, şonuň üçinem janköýerlerden toparlarymzy goldamagy haýyş edýärin- ol ýeňşe höwes döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar