Aşgabat 2017-de türkmen ýüzüjileri üstünlik gazanarmyka?

0
7070

Sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçiriljek gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşa badalga berlende, türkmen janköýerleri 11 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýüzüjiler ýygyndy toparyndan uly üstünliklere garaşýarlar.

Şeýle hem, toparyň 8 sany erkek we 3 sany zenan türgenleriniň ýeňişlerine, milli rekordlary täzelemegine hem-de şahsy rekordlary goýmagyna garaşylýar.

Topar agzalary gazanan ýeňişleriniň geljekki ýüzüjileriň birnäçe neslini ruhlandyrmalydygyna we täze belentliklere tarap hereket etmäge höweslendirmelidigine gowy düşünýärler. 

Türkmen türgenleri Merdan Ataýewe (brass 50 m we 100 m) we Walentin Gorşkowa (erkin ýüzüş 50 m we 100 m, ýekebara garyşyk ýüzüş 100 m) bolsa has uly ynam bildirilýär.

Rio 2016 Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň baýdagyny belende galdyran Merdan Ataýew bu oýunlara hem ýokary derejede taýýarlanýandygyny aýtdy. 

Şu ýyl geçirilen “Inspiring Ashgabat” atly synag ýaryşlarynda 100 m aralygy brass görnüşinde ýüzüp geçmekde milli rekordyny (54.89 sekund) täzelän özüneçekiji ýüzüji şeýle gürrüň berýär: “Ata Watanym üçin altyn medaly gazanmak esasy borjum bolup durýar. Meniň hem 50 m, hem 100 m aralygy brass görnüşde şowly ýüzüp geçjekdigime ynamym halkara ýaryşlarda çykyş etmek tejribäme esaslanýar. Sözüň doly derejesinde, men özüme taýýar diýip biljek. Janköýer ildeşlerimden doly bolan stadion maňa uly goldaw berer diýip umyt edýärin”.

Ataýew üçin müňlerçe tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmek adaty ýagdaý ýaly bolup görünse-de, ony tolgundyrýan zatlaryň biri öz dogany Süleýman Ataýewi 50 m aralygy brass görnüşde ýüzmekde ýaryşyny synlamakdyr.

“Maşgalam we dogan-garyndaşlarymyz bilen jemlenişenimizde, köplenç öňümizdäki Aşgabat 2017 oýunlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçilikleri barada we olaryň meniň üstünlikli çykyş etjekdigime ynanýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň ynamy jogapkärçiligimi has-da artdyrýar we olaryň goldaw berýändiklerine begenýärin. Meniň üçin iň tolgundyryjy zat bolsa Süleýmanyň ýaryşyna tomaşa etmekdir. Bu meniň üçin hakyky synagdyr” diýip, Merdan öz sözüni dowam etdi.

Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Walentin Gorşkow toparyň iň tejribeli ýüzüjileriniň biridir. Ol 2015-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen suw sport görnüşleri boýunça Dünýä çempionatyna we 2014-nji ýylda Kataryň Doha şäherinde we 2012-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde gysga aralyga ýüzmek boýunça Dünýä çempionatlaryna gatnaşdy. 

Walentin öňde goýlan maksada ýetmäge taýýardygyny we toparyň bilelikde gazanan netijeleriniň howuzdan daşary hem ähmiýetiniň uludygyny aýtdy.

Ýaş ýüzüjiniň aýtmagyna görä, “Men öz Watanymda geçirilýän ýaryşda çykyş etmegiň nähili kyn boljakdygyna düşünýärin, emma bu kynçylyklar meniň durmuşymdaky ilkinji kynçylyklar däl: men 2 ýyllap Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk etdim. Iki ýylyň dowamynda men kynçylyklary ýeňip geçmäge öwrendim. Men aýgytly pursat gelende, gowy çykyş etjekdigime ynanýaryn. Suwda ýüzmek sporty Türkmenistanda täze sport görnüşleriniň biridir. Birnäçe gazanjak medallarymyz ýaşlar üçin suwda ýüzmek sporty bilen meşgullanmaga uly höwes döreder”.

Mundan başga-da, sentýabrdaky ýaryşa ýene-de iki sany ýaş türgen gatnaşar. Olar: 14 ýaşly Musa Jalaýew (200 m, ýekebara garyşyk ýüzüş) we oktýabrda indi 12 ýaşy dolýan  Anastasiýa Morgenştern (50 m, 100 m erkin ýüzüş).

Toparyň iň ýaş ýüzüjisidigine garamazdan, Jalaýew asla tolgunmaýar.

“Erkekleriň toparynda iň kiçi ýaşlysy bolmak gowy, emma men Aşgabat 2017-de çykyş etjekdigime heniz hem ynanyp bilemok. Men mynasyp çykyş etmäge synanyşaryn. Maşgalam we dostlarym meni goldamaga gelerler. Men bu ýaryşa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, ýaş türgen sözüni jemledi.

Şeýle hem, erkekleriň ýygyndy toparyna Ezizguly Ballykow (50 m we 100 m batterflaý), Damir Babuşkin (50 m erkin ýüzüş), Nikita Baryşnikow (50 m, 100 m arkan ýüzmek) we Muhammet Jumagylyjow girýärler. 

Zenanlaryň arasynda Anastasiýa Morgenşternden başga, Darýa Semýonowa (50 m we 100 m brass) we Eneş Begmyradowa (100 m we 200 m ýekebara garyşyk ýüzüş) ýaryşa gatnaşarlar. 

Ýygyndy topar fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň Wolgograd şäherinde geçirilen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdylar. Ol ýerde ýüzüjiler günde iki gezek türgenleşdiler. Türgenler Aşgabat 2017-niň öňüsyrasynda ýene daşary ýurtda türgenleşikler meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň ýüzüjileriniň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi Ýepifanow Sergeý Petrowiç topar agzalary barada garaýşyny şeýle beýan edýär: “Men Merdanyň we Walentiniň gatnaşjak ähli ýaryşlarynda medal münberine çykmagyna uly ynam bilen garaşýaryn. Mundan başga-da, ähli türgenleriň şahsy rekord goýmaklaryny isleýärin. Bu her bir tälimçiniň hem islegi bolsa gerek. Men topar bilen 6 ýyldan bäri işläp gelýärin we şonuň üçin türgenlerimiziň tamamyzy ödejekdigine ynanýaryn”.

Aşgabat 2017-niň gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlary 22-25-nji sentýabr aralygynda Olimpiýa suw toplumynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar