Soňky habarlar

Arhiw

Mongoliýa Aşgabatdaky 3x3 basketbol boýunça ýaryşyň altyn medallaryna dalaş edýär

0
5593

Aşgabat şäherinde 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde iň meşhur ýaryşlaryň biri bolan 3x3 basketbol ýaryşy üçin meýdança bireýýäm taýýar.

2020-nji ýylda geçiriljek indiki Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň bu görnüşiniň girizilmegi bilen 3x3 basketbol dünýä ýüzünde has giň meşhurlyga eýe boldy. Gündogar Aziýanyň ösüp barýan ýurtlaryň biri Merkezi Aziýa sebitinde geçirilýän iň uly gerimli köpugurly sport çäresine gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Mongoliýanyň erkekler we zenanlar ýygyndy toparlary Aşgabat 2017-de ilkinji gezek çykyş ederler. Tejribesiniň azlygyna garamazdan, mongoliýaly türgenler medal aljakdyklaryna ynanýarlar.

2009-njy ýylda Wýetnamyň Ho Şi Min şäherinde Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilen 3x3 basketbol ýaryşynda erkekleriň arasynda Eýranyň topary, zenanlaryň arasynda bolsa Tailandyň topary çempion adyna mynasyp boldy.

Mongoliýanyň türgenleri ýaryşlaryň hiç birine gatnaşmadylar, emma olaryň tälimçisi Tulga Suhbaatar toparlaryň Aşgabat şäherde üstünlikli çykyş etjekdigini ynam bilen habar berýär: “Biziň esasy maksadymyz – baýrakly üç orunlaryň birini eýelemek we geljekde çempion bolmak. Her bir topar we türgen çempion bolmagy arzuw edýär. Toparlarymyzyň ikisiniň-de mynasyp çykyş etjekdigine, hem zenanlaryň, hem erkekleriň toparynyň üstünlik gazanjakdygyna hiç hili şübhämiz ýok”.

Öz ýurdunyň milli ýygyndy toparlarynyň tejribesiniň köp däldigine garamazdan, Tulga 18-nji sentýabrda başlajak 3x3 basketbol ýaryşlarynda öz ildeş türgenleriniň iň ussat toparlaryň garşysyna durup biljekdigine we 24-nji awgustda geçjek final tapgyryna ýetip biljekdigine ynanýar.

Tulga: “Aziýanyň käbir ýurtlarynda 3x3 basketbol has ösen sport görnüşleriniň biridir. Mysal üçin, Hytaý, Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Filippinler we Eýran. Emma Mongoliýanyň topary bu ýurtlaryň garşydaşynyň biri hökmünde çykyş eder we medal üçin ýaryşar” diýip belledi.

Sportuň şu görnüşiniň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagy örän göwnejaý boldy, sebäbi bu sport tiz wagtyň içinde dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrady. Bu hem Tulgany begendirýän ýagdaýlaryň biridir. Ol bu barada şeýle habar berdi: “Bu mongoliýalylar üçin örän gowy täzelik boldy. Olimpiadada sportuň oýun görnüşleri boýunça gatnaşmak biz üçin hasyl bolmajak arzuwdy. 3x3 basketbolyň Olimpiýa oýunlaryna goşulmagy biz üçin täze mümkinçilikleri döretdi. Köçede oýnalýan 3x3 basketbol oýny Mongoliýada her bir çaganyň iň gowy görýän oýnudyr we mongoliýalylaryň beden gurluşy üçin iň amatly sport görnüşidir. Biziň baş maksadymyz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmakdyr we Mongoliýanyň 3x3 basketbol birleşigi bu maksada ýetmegiň üstünde örän alada edýär”.

Sportuň bu görnüşiniň Aşgabat şäherinde täze mümkinçilikleri açmagyna garaşylýar, Tulga bolsa oýun meýdançasynyň daşynda gazanyljak ýokary üstünliklere berk ynam bildirýär.

“Häzirki wagtda 3x3 basketbol boýunça ýaryşlary dünýäniň her bir künjeginde geçirilýär we gelip çykyşy hem-de medeniýeti dürli bolan türgenleri birleşdirýär we olara täze dostlary edinmäge ýardam berýär. Bellenilmeli iň wajyp zatlaryň biri bu sportuň dürli şäherlerde meşhur bolan sport görnüşi bolmagydyr. Bu bolsa öz gezeginde ähli basketbolyň janköýerleri üçin we Olimpiýa çempiony bolmagy arzuw edýänler üçin deň mümkinçilikleriň döreýändigini aňladýar.”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar